Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň DIM-de geçirilen duşuşyk
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň DIM-de geçirilen duşuşyk
Çap edildi 16.06.2015
1208

Aşgabat, 16-njy iýun (TDH) . Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Katar Döwletiniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Haled ben Muhammed Al Atiýýa bilen duşuşyk geçirildi. Bu ýerde bolan iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň, şeýle hem özara bähbitleriň we iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak arkaly üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň barşynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi. Medeni-gumanitar ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada aýtmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanda we Katarda medeniýet günlerini guramak, iki ýurduň arasynda sport ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Katar Döwletiniň Daşary işler ministriniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen duşuşyk geçirildi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow