Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti
Medeniýet
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti
Çap edildi 07.03.2019
2055

Şu gün Halkara zenanlar baýramçylygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Watanymyzyň zenanlarynyň hormatyna sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Bu dabara türkmen halkynyň zenanlara bolan hormatyny we mähirli gatnaşygyny özünde jemleýän milli ýörelgeler esasynda ýurdumyzda giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, mähribanlygy we mylaýymlygy, wepalylygy we paýhasy, gözelligi we kämilligi özünde jemleýän türkmen zenanlaryna hormat, sarpa goýulýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlar hakyndaky alada, olaryň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen kadalara laýyklykda gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň gender deňligi syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrýan çäreleri abraýly guramalar, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm bölümleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň 2015-nji ýylda BMG-niň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine Ýetiriji Geňeşine, 2018 — 2020-nji ýyllarda BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine Ýetiriji Geňeşine, şeýle hem Zenanlaryň hukuk ýagdaýy baradaky topara saýlanmagy bilen, ýurdumyz bu ugurda durmuşa geçirýän çärelerini işjeňleşdirdi. Türkmen zenanlarynyň durmuşynda milli däp-dessurlar giň dünýägaraýyş, bilim we häzirki döwürde zerur bolan işewür gatnaşyklar bilen sazlaşykly utgaşýar. Müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň toplan paýhasy, tejribesi jemgyýetimiziň häzirki ösüşi bilen sazlaşygy emele getirýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Milletiň ýokary ahlak we medeni gymmatlyklaryny saklap hem-de olary baýlaşdyryp, türkmen zenanlary Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň döwrebap terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Öý-ojaklaryň söýesi hasaplanylýan zenanlar, taryhda bolşy ýaly, häzirki döwürde hem sungat işgärlerini ruhlandyrýar. Olar Mukamlar köşgüniň sahnasyndan zenanlara bagyşlanan şahyrana setirleri okadylar, aýdym-sazlary we tanslary ýerine ýetirdiler. Milli Liderimiziň adybir kitabyndan gözbaş alan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» edebi-sazly kompozisiýa ýokary ussatlyk derejesinde ýerine ýetirilip, ol dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Çykyşda Watan, öý-ojagyň, maşgalanyň bahasyz gymmatlyklarynyň waspy ýetirildi. Watansöýüjilik ruhunda ýerine ýetirilen çykyş zenanlaryň hormatyna ýaňlanan ajaýyp sena öwrüldi. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda bu baýramçylyk aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Çünki türkmen zenanlaryna asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleri, halkymyzyň bozulmaz abadançylyk gatnaşyklaryny saklamakda we ösdürmekde möhüm orun degişlidir. Häzirki döwürde ruhy, aň-bilim we ahlak mümkinçilikleri wajyp durmuş wezipelerini çözmekde, medeni gymmatlyklary saklamakda ýurdumyzyň zenanlaryna möhüm orun degişlidir. Gadymy küştdepdi tansy baýramçylyk çykyşlarynyň üstüni ýetirdi. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen halk döredijiliginiň bu görnüşiniň joşguny has-da belent bolýar. Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan konsertiň ahyrynda «Diýarymyň owadan, bagtyýar zenanlary» atly aýdym hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda gülläp ösýän Garaşsyz Watanymyza ägirt uly buýsanjyň nyşanyna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri amala aşyrýan bagtyýar zenanlaryň waspyna öwrüldi. Dabara gatnaşyjylaryň hemmesi joşgunly çykyşlara goşuldylar. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde aýdym-sazly dabaralar guralýar. Paýtagtymyzyň we welaýatlaryň iň gowy aýdym-saz meýdançalarynda belent ruha beslenen çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar. Zenanlaryň adyna mähirli gutlag sözleri aýdylýar, bahar pasly deýin mylaýymlyk, söýgi we şatlyk, parahatçylyk we abadançylyk arzuw edilýär.

Soňky habarlar
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
10.11
Aşgabat sanly ykdysadyýeti ösdürmek we logistika strategiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilermenleriň gepleşigini kabul eder
10.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 506 müň dollaryndan gowrak boldy
09.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
09.11
Sahawatly türkmen topragynyň şanyna baýramçylyk dabaralary
09.11
Çagalar — Watanymyzyň geljegi
08.11
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
08.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
top-arrow