Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Thales Alenia Space” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Thales Alenia Space” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 29.06.2015
1193

Aşgabat, 29-njy iýun /TDH/. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Thales Alenia Space” kompaniýasynyň prezidenti, baş direktory jenap Žan-Loik Gally kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady hem-de türkmen Liderine jan saglyk we köptaraply işlerinde üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi. Işewüriň belleýşi ýaly, “Thales Alenia Space” kompaniýasy ykdysady ösüşiniň ajaýyp depginlerini görkezýän hem-de dünýäde döredijilikli ösüş syýasaty bilen tanalýan Türkmenistanyň hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyna buýsanýar. Döwlet Baştutanymyz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet durmuşynyň ähli esasy pudaklaryny düýpli özgertmegiň uly möçberli strategiýasyny tapgyrlaýyn durmuşa geçirip, Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tehnologiýaly elektron ulgamlaryny, şol sanda awiasiýa hem-de kosmos tehnikalary üçin elektron ulgamlaryny işläp düzmekde we öndürmekde öňdebaryjy bolan “Thales Alenia Space” kompaniýasynyň ýurdumyzyň ozaldan gelýän hem-de ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp, ynanylan taslamalary durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşýändikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Myhman ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada bolan pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanyň Baştutanyna bilelikdäki taslamalaryň öňe ilerledilişiniň barşy barada habar berdi. Işewüriň belleýşi ýaly, onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy geljegi uly türkmen bazarynda bolmagyny giňeltmäge gyzyklanma bildirýär. Şu babatda jenap Žan-Loik Gall netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda milli kosmos ulgamy üçin hyzmat ediş hem-de ýokary hünär derejeli inžener-tehniki işgärleri taýýarlamak babatda, şeýle hem oba hojalyk ekinlerine gözegçilik etmek meseleleri boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe tekliplerini aýtdy. Duşuşygyň ahyrynda jenap Žan-Loik Gall wagt tapyp, kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, “Tales” kompaniýasynyň bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny aýtdy.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow