Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumynda täze jaýlaryň üçüsiniň açylyş dabarasy boldy
Jemgyýet
Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumynda täze jaýlaryň üçüsiniň açylyş dabarasy boldy
Çap edildi 27.02.2019
2194

Şu gün paýtagtymyzyň günorta künjegindäki Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumynda birbada üç sany täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik toparlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden bagtyýar maşgalalar gatnaşdylar. Bu dabara köpçülikleýin medeni çärelere utgaşdy. Mälim bolyş ýaly, Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumy şäheriň Ýunus Emre, Alty Garlyýew, Baba Annanow we «10 ýyl abadançylyk» köçeleriniň çäklerinde 30 gektardan gowrak meýdanda bina edilýär. Şu gün ähli amatlyklary özünde jemleýän belent ýaşaýyş jaýlarynyň 216-synyň öýleriniň açarlary bagtyýar maşgalalar gowşuryldy. Jaýlaryň taslamalaşdyrylyşy, gurnama çözgütleri häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär. Onuň gurluşygynda, bezeg işlerinde häzirki zaman ýylylyk saklaýjy we beýleki amatly serişdeler peýdalandy. Belent jaýlaryň biri bir, iki, üç we dört otagly 108 öýden ybaratdyr. Beýleki jaýlaryň her birinde üç we dört otagly öýleriň 54-si ýerleşýär. Şolaryň amatly ýaşaýyş meýdany, goşmaça kömekçi desgalary bar. Öýleriň aşhanasy, otaglary, eýwany amatlylygyň ýokary talaplaryna doly laýyk gelýär. Häzirki zaman bezegi esasynda enjamlaşdyrylan mebelleriň hemmesi ýerli önümlerdir. Durmuş tehnikalary bolsa daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden gelen enjamlardyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy tehnologiýalary, dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmagy, adamlaryň ýokary durmuş derejesini üpjün etmegi giň möçberli gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmakda möhüm ugur hökmünde kesgitledi. Häzirki döwürde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda senagat, medeni-durmuş, ulag-aragatnaşyk we beýleki maksatly desgalaryň gurulmagy, şäherlerde we obalarda häzirki zaman düzüminiň kemala getirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýokary dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygy giň gerimde dowam edýär. Binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylýar. Şol ýerde çagalar üçin oýun we sport meýdançalary döredilýär. Şeýle hem dürli güller ekilýär we gök zolaklar döredilýär. Yşyklandyryş ulgamy oýlanyşykly çözülýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň çäginde söwda dükanlarynyň bolmagy baş talapdyr. Açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagy Türkmenistanyň durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugruna öwrüldi. Ähli degişli düzümleriň döredilmegine ulgamlaýyn we toplumlaýyn çemeleşmeleri üpjün edýän durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň aýdyň durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Dabara gatnaşyjylar durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýändigi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy ugrunda alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Soňky habarlar
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
11.11
2026-njy ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
11.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy
11.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitindäki çykyşy
11.11
Ekologiýa abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa
10.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
top-arrow