Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 23.02.2019
1726

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 50-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, awtobenzini, nebit koksuny satyn aldylar. Şeýle hemTürkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen täjirler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen benzini we mazudy satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynyň ýokary dykyzlykdaky önümi bolan polietileni satyn almak üçin Şweýsariýadan, Özbegistandan we beýleki döwletlerden gelen işewür toparlaryň wekilleri geleşik baglaşdylar. Owganystandan gelen telekeçiler karbamid («Türkmenhimiýa» DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, portlandsement, nah ýüplük, şeýle hem awtoulag ýerlenildi. Satyn alan ýurtlaryň hataryna Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Owganystan, Gyrgyzystan we Özbegistan girdi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 45 million 652 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýa Federasiýasyndan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Ermenistandan gelen täjirler jemi bahasy 11 million 297 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi, pagta soapstogynyň çig ýagly kislotasyny, saryja goýunyň ýüňüni satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow