Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Telekeçiler Türkmenistanda weterinar merkeziniň döredilmegini goldamak başlangyjyny beýan etdiler
Jemgyýet
Telekeçiler Türkmenistanda weterinar merkeziniň döredilmegini goldamak başlangyjyny beýan etdiler
Çap edildi 20.02.2019
2084

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns bermegi netijesinde Türkmenistanda raýat, hususy, hojalyk başlangyçlarynyň ýüze çykmagy üçin hemme şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyzy aň-düşünjeli, jogapkärli ýörelgä çagyryp, tebigata hem-de janly-jandarlara biparh bolmazlygyň türkmen halkynyň özboluşly häsiýetiniň esasynda durýandygyny hemişe nygtaýar. 15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminiň wekilleri bilen geçiren iş maslahatynda döwletiň howandarlygynda ýöriteleşdirilen merkezi weterinariýa hassahanany döretmek hakynda teklibini aýtdy. Milli Liderimiziň başlangyjyny ykdysady we durmuş maksatnamalarynda döwletimiziň işjeň hyzmatdaşy bolup durýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi goldady. Bu ynsanperwer taslamany durmuşa geçirmekden çetde galasy gelmedik höwesjeň raýatlar hem seslendiler. Olar üçin «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky 23205934173865610135000 belgili ýörite hasaplaşyk hasabyny açdy. Şol hasaba geljekki merkeziň gaznasyna serişdeleri diňe bir işewürler däl, eýsem-de, her bir isleg bildiren adam umumy asylly işe, az bolsa-da, öz goşandyny goşup biler. Aslynda, gürrüň diňe bir serişdeleriň möçberinde däldir, çünki täze weterinar merkeziniň maliýeleşdirilmegi döwlet tarapyndan amala aşyrylar. Esasy maksat — türkmenlerde hemişe öňden gelşi ýaly, islendik asylly başlangyjyň köpçüligiň goldamagynda emele gelýän ruhy jebisligi gazanmakdan ybaratdyr. Halkymyzyň bu häsiýetini bolsa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Heniz badalga berilmegine çenli hoşniýetli erkine eýeren ençeme kömekçileri özüne çekmegi bilen hem bu taslama ajaýypdyr. Şonuň netijesinde hem ýörite hasaplaşyk hasaby açyldy. Bu umumadamzat meselesine adamlar ozal hem öz garaýyşlaryny beýan etmek isleýärdiler, ýöne şol garaýyşlaryny neneňsi beýan etjekdiklerini bilmeýärdiler. Indi bolsa her kim raýatlyk başlangyjyny görkezip biler hem-de kiçijik dört aýakly jandarlara isleg bildiren eýesini tapmak mümkinçiligini bagyş edip biler. Türkmenistanyň Hökümeti idegsiz haýwanlaryň saklanylmagy üçin ýer göz öňünde tutulan weterinar merkezini gurmak boýunça hemme çykdajylary öz üstüne aldy. Haýyr-sahawat edip, adamlaryň beren serişdeleri bolsa jemgyýetçilik goldawynyň we raýdaşlygyň alamaty hökmünde merkeziň işine ýarar. Ähmiýetli durmuş taslamasy haýwanat dünýäsine bolan gatnaşygyň medeniýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilip, öý haýwanlaryna ideg etmegiň kadalaryny, olaryň eýeleriniň jogapkärçiligini, zerur bolan hemme sanitar talaplarynyň berjaý edilmegi bilen hökman sanjym edilmegini, idegsiz pişikleriň we itleriň arassaçylygynyň saklanylmagyny hem öz içine alýar. Geljekde olary elektron hasabyna goýmak babatda hem degişli işleri alyp barmak göz öňünde tutulýar. Adam müňlerçe ýyl mundan ozal haýwanlary eldekileşdirmäge başlady, biz bolsa eldekileşdirenlerimize jogapkärdiris... Bu gün munuň üçin lukmançylygyň, tehnikanyň we tehnologiýanyň ägirt uly mümkinçilikleri bar. Ýöne iň esasy alamat bolsa ýagşylykdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň giňden, jemgyýetçilik tarapyndan goldanylmagy ýurdumyzyň raýatlarynyň ekologiýa taýdan pikirlenişini kemala getirmek boýunça işleriň üstünlige beslenýändigini, tebigata, daşky gurşawa, haýwanat dünýäsine uly üns berilýändigini tassyklaýar. Şunuň ýaly ynsanperwer çäreler, ilkinji nobatda, nähilidir bir ýagdaýa görä, eýesiz galan haýwanlara biparh bolmazlyga çagyryşdyr. Bularyň ählisi ýaş nesiller üçin, olaryň durmuşda ruhy-gymmatlyk taýdan dogry ýola ugrukmagy üçin hem uly terbiýeçilik ähmiýetine eýedir. Rehimlilik bolsa türkmen halkynyň ahlak kadalarynyň aýrylmaz bölegidir.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow