Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Pudagara toparyň mejlisi
Jemgyýet
Pudagara toparyň mejlisi
Çap edildi 15.02.2019
1699

Şu gün Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary hem-de halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek baradaky Pudagara toparyň mejlisi geçirildi. Onda 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi hem-de toparyň geljekki işi bilen baglanyşykly esasy meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 18-nji ýanwarda bolan mejlisinde döwletimiziň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasy, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi, Migrasiýa baradaky Halkara guramasy, Halkara zähmet guramasy we beýlekiler bilen üstünlikli gatnaşyk edýändigi bellenildi. 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş üçin ählumumy Gün tertibiniň esasy wezipelerini ýerine ýetirmek — adamyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak boýunça öňde durýan işler bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň adam hukuklary hem-de ynsanperwer hukugy ulgamynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek baradaky Pudagara toparyň işini kämilleşdirmek maksady bilen Karara gol çekip, onuň düzümini tassyklady. Bu toparyň şu gezekki mejlisine gatnaşyjylar hasabat döwründe ýurdumyzda jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga we döwletimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň ençemesiniň durmuşa geçirilendigini bellediler. Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygyň, şol sanda adam hukuklary ulgamynda gatnaşyklaryň çäklerinde Türkmenistan möhüm halkara hukuk resminamalaryna goşuldy we şolarda tassyklanan düzgünleri amala aşyrmak boýunça anyk ädimleri ädýär. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, kanunçylyk-hukuk binýadynyň hem-de halkara hukugyň esasy ýörelgeleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegi Diýarymyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn hukuk özgertmeleri ulgamyndaky işiň aýdyň netijeleri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygyň seljermesini geçirmek, degişli maslahatlary taýýarlamak, ilata adamyň esasy hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge gönükdirilen Türkmenistanyň Kanunlary hem-de düzgünnamalary barada jikme-jik habar bermek toparyň işiniň esasy ugurlarynyň biridir. Mejlise gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň kararlary bilen tassyklanan Türkmenistanda 2016 — 2020-nji ýyllar üçin adam hukuklary boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny, Türkmenistanda 2015 — 2020-nji ýyllar üçin gender deňligini üpjün etmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny hem-de 2019 — 2022-nji ýyllar üçin çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny amala aşyrmak meselelerine aýratyn üns berdiler. Şu babatda, abraýly halkara guramalar bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Şol gatnaşyklaryň çäklerinde daşary ýurtly bilermenler ýurdumyzda ýerli hünärmenler üçin milli hasabatlary, synlary taýýarlamak we adamyň hukuklaryny goramak ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek meseleleri boýunça okuw maslahatlaryny, duşuşyklary hem-de geňeşmeleri geçirýärler. Pudagara toparyň mejlisinde beýleki käbir meselelere hem garaldy we 2019-njy ýylda işlenip taýýarlanylan meýilnamany üstünlikli çözmek boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
top-arrow