Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Saýlaw toparlarynyň işgärleri üçin okuw seminarlary gurnaldy
Jemgyýet
Saýlaw toparlarynyň işgärleri üçin okuw seminarlary gurnaldy
Çap edildi 05.02.2019
1992

Türkmenistanda 31-nji martda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň möheltinden öň çykyp gidenleriniň ýerine saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär. Saýlawlara taýýarlyk we olary geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda 4-nji we 5-nj fewralda welaýat, etrap, şäher we okrug saýlaw toparlarynyň işgärleri üçin okuw seminarlary gurnaldy. Okuw-türgenleşikleri olaryň hünär mümkinçiligini we hukuk bilimlerini ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Duşuşyklarda Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri uçastok we okrug toparlarynyň işgärlerini degişli kadalaşdyryjy-hukuk resminamalary, şeýle hem wajyp jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlygyň we ony geçirmegiň usulýet ugurlary bilen tanyşdyrdylar.

Soňky habarlar
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
11.11
2026-njy ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
11.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy
11.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitindäki çykyşy
11.11
Ekologiýa abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa
10.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
top-arrow