Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 26.01.2019
1694

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Russiýa Federasiýasyndan we Täjigistandan gelen täjirler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni we polipropileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, nah ýüplük, portlandsement, şeýle hem awtoulag ýerlenildi. Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Estoniýadan, Owganystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan gelen işewürleriň baglaşan geleşikleriniň umumy bahasy ABŞ-nyň 16 million 248 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Ermenistandan gelen täjirler jemi bahasy 5 million 324 müň manatlykdan gowrak bolan nah matany hem ýüplügi, pagta galyndylaryny satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 2 million 376 müň manatlyk pagta übtügini satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow