Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly senesiniň hormatyna maslahat
Jemgyýet
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly senesiniň hormatyna maslahat
Çap edildi 22.04.2015
1603

Änew, 22-nji aprel (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Ol ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de Türkmenistanda 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp, Ahal welaýatynyň häkimligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guraldy. Maslahata Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG), BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky birnäçe beýleki edaralarynyň, Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň ýanyndaky hyzmatdaşlyk we utgaşdyrmak boýunça türk agentliginiň (TIKA), jemgyýetçilik guramalarynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan netijeli daşary syýasat ugry türkmen döwletiniň hemişelik bitaraplyk derejesine, diňe sebitde däl, eýsem, dünýä möçberinde hem köp babatda durnuklylygy we howpsuzlygy saklamagyň ygtybarly binýadyny kemala getirýän parahatçylyk döredijilik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarly bolmaga esaslanýar. Bütindünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldawa we ýokary baha mynasyp bolan, ösüşlere beslenen bu syýasat ähli ýurtlaryň dostlukly, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegine, ösüş arkaly parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, iri möçberli sebit we halkara ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň hasabyna döwrüň möhüm wezipelerini çözmekde tagallalaryň birleşdirilmegine, şeýle hem halklaryň ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine hyzmat edýän medeni-gumanitar gatnaşyklaryň höweslendirilmegine gönükdirilendir. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň başlangyjy boýunça 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň baş maksadynyň howpsuzlygyň dünýä ulgamynyň saklanmagy we pugtalandyrylmagy, gapma-garşylyklaryň ýüze çykmak howpuny öňünden duýdurmak we aradan aýyrmak, döwletleriň we halklaryň durnukly ösmegi, netijeli özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklar üçin şertleri üpjün etmek bolandygyna we şeýle bolmagynda galýandygyna aýdyň subutnama bolup durýar. Maslahata gatnaşyjylar şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi, Ahal welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýleriniň aýry-aýry gymmatlyklary bilen gyzyklanma bildirip tanyşdylar. Maslahatyň işi tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar bütin Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmak işine hakykatda bahasyna ýetip bolmajak uly goşant goşup, ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen türkmen döwletiniň Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow