Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň binýady
Jemgyýet
Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň binýady
Çap edildi 27.04.2015
7445

Aşgabat, 27-nji aprel (TDH). Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Bitarap Türkmenistan—parahatçylygyň we howpsuzlygyň, dostlugyň we netijeli hyzmatdaşlygyň binýady” ady bilen ylmy maslahat geçirildi. Ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkmen döwlet uniwersiteti bilelikde gurady. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyna bagyşlanan maslahata daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara we sebitleýin guramalaryň, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän türkmen döwleti ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär we dünýä jemgyýetçiligi bilen syýasy gatnaşyklaryň gerimini giňeldýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumymy howpsuzlyk binýadyny döretmek, ekologiýa abadançylygyny we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça öňe sürýän işjeň halkara başlangyçlary türkmen bitaraplygynyň dürli ugurlarynyň ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň işjeň başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Jasinta Barrins bitaraplygyň türkmen modeliniň BMG-niň ýörelgeleri we maksatlary bilen sazlaşyklydygyny we munuň ýurtlaryň ähli düzümleri bilen giň möçberli gatnaşyklaryň giňeldilmegini şertlendirýändigini belledi. Ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak bilen, türkmen döwleti parahatsöýüji ýurt hökmündäki abraýyny pugtalandyrýar. Ylmy forumyň çäklerinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan gazanýan ösüşlerine aýratyn ähmiýet berildi. Amatly daşary syýasat şertlerini üpjün etmek bilen, Türkmenistan milli Liderimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda jemgyýetimiziň we döwletimiziň ähli ulgamlaryny gurşap alan giň möçberli özgertmeleri we ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek, Demirgazyk-Günorta halkara demir ýoluny gurmak, täze gaz känlerini özleşdirmek, Türkmenistan –Hytaý gaz geçirijisini we başga-da köp desgalary gurmak ýaly iri halkara taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär. Maslahatyň jemini jemlemek bilen oňa gatnaşyjylar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we dünýä döwletleriň arasynda özara peýdaly hyzmatldaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen tagallalaryna mynasyp goşant goşýandygyny biragyzdan bellediler. Maslahat tamamlandan soň, ol ýerde baýramçylyk konserti geçirildi. Binanyň eýwanynda Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň iň gowy işlerinden, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugynda çap edilen sowgatlyk neşirlerinden düzülen sergi görkezildi.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow