Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 13.01.2019
1882

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan gelen telekeçiler poliropilen we polietilen satyn aldylar. Bulardan başga-da Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Maltanyň, Owganystanyň işewürleri tehniki kükürdi («Türkmenhimiýa» DK) satyn aldylar. Şeýle hem awtoulag, portlandsement, reňksiz list aýna, buýan köküniň ergini, ýorgan-düşek toplumlary, nah mata we ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Gonkong, Türkiýe, Serbiýa, Estoniýa, Özbegistan, Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 17 million 500 müň dollaryna golaý boldy. Manat serişdelerine Russiýadan we Beýik Britaniýadan, Türkiýeden gelen işewürler umumy bahasy 546 müň manatlykdan gowrak bolan trikotaž önümlerini, nah ýüplügi, buýan kökünden çaý içgilerini satyn aldylar. Türkiýäniň işewürler toparlarynyň wekilleri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň 159 müň dollaryna golaý bolan awtomobil benzinini, ýurdumyzyň telekeçileri bolsa bahasy 1 million 365 müň manada deň bolan nebit bitumyny (TNGIZT-iň önümi) satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow