Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Taryhy waka mynasybetli täze numizmatika şaýy pullary
Jemgyýet
Taryhy waka mynasybetli täze numizmatika şaýy pullary
Çap edildi 01.05.2015
2072

Taryhy wakany – Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52o E” ilkinji emeli aragatnaşyk hemrasynyň Älem giňişligine uçurylmagynyň şanyna ýurdumyzyň Merkezi banky her biriniň gymmaty 50 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullaryny, şeýle hem şu ýadygärlik şaýy pallardan toplumlary taýýarlady. Ýadygärlik şaýy pullaryny Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy – Beýik Britaniýanyň “The Roýal Mint Limitet” zikgehanasy taýýarlady. Şaýy pullarynyň ikisiniň hem ýüz tarapynyň merkezinde Türkmenistanyň kartasynyň aýdyň sudury görünýän dünýä kartasy şekillendirilipdir. Dünýä kartasynyň aşagynda “TürkmenÄlem 52o E” diýen ýazgy bar. Dünýä kartasynyň ýokarsynda telekommunikasiýa hemrasynyň şekili, şeýle-de hemradan Türkmenistanyň kartasyna tarap çykýan radio tolkunlar şekillendirilipdir. Hemranyň ýokarsynda “MILLI KOSMOS AGENTLIGI” diýen ýazgy bar. Şaýy pullaryň iň ýokarsynda türkmen milli haly gölleri görkezilipdir, Şaýy pullaryň aşaky böleginde zeýtun şahajyklary ýerleşdirilipdir. Şaýy pullar dört we altyburçly ýyldyzlar bilen bezelipdir. Şaýy pullaryň ikisiniň hem arka tarapynyň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet tugrasy güberçekli görnüşde şekillendirilipdir, onuň ýokarsynda ýarym aýlaw boýunça “TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY” diýen ýazgy ýerleşdirilipdir. “ELLI MANAT” diýen ýazgy şaýy pulunyň nominalyny görkezýär. Bu ýazgynyň çep tarapynda şaýy puluň mähegi (altyn pulunda Au 916,7, kümüş pulunda Ag 925), sag tarapynda agramy (altyn pulunda 39,94 gr., kümüşde 28,28 gr.) görkezilýär. Ýazgylar öz aralarynda sekizburçly şekiller bilen bölünendir. Şaýy pullaryň diametri 38,61 mm. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň olara goşulýan sertifikaty şaýy pullaryň (pruf) hilini kepllendirýär. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gymmatly numizmatika toplumynyň we ýubileý şaýy pullarynyň üstüni ýetiren gymmatlyklar ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpsanly pul ýygnaýjylary üçin ajaýyp sowgat bolar.

Soňky habarlar
16.11
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalaryna hem-de Ýaşlar baýragynyň eýelerine
15.11
Türkmenistan parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitleri nazarlaýar
14.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
top-arrow