Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Watan gerçekleriniň şanyna
Jemgyýet
Watan gerçekleriniň şanyna
Çap edildi 04.05.2015
1663

Aşgabat, 4-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň meýdançasynda ýakynda “Kelete” okuw-türgenleşik merkezinde “Watan gerçegi” atly görkezme söweşjeň atyşykly okuw täliminiň barşynda aýratyn tapawutlanan harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine harby we ýörite atlaryň dakylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde “Kelete” okuw-türgenleşik merkezinde Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen “Watan gerçegi” atly harby okuw-türgenleşigi barada aýdyp, ýokary derejede geçen bu okuw-türgenleşiginiň esgerlerimiziň söweşjeň taýýarlygynyň ýokarydygyny ýene-de bir gezek görkezendigini belledi. Okuw-türgenleşiginde tapawutlanan, nobatdaky harby atlaryny alan harby gullukçylary dabaraly ýagdaýda sylagladylar. Eziz Watanymyzyň edermen goragçylarynyň öz harby borçlaryny päk ýürekden ýerine ýetirip, raýatlarymyzyň asudalygynyň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň parahatçylygynyň we abadançylygynyň goragynda berk durýandyklary buýsanç bilen bellenildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan şol türgenleşige gatnaşan harby gullukçylara ýörite sylaglar hem gowşuryldy. Çäräniň barşynda oňa gatnaşyjylar—ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri söweşjeň taýýarlygy ýokarlandyrýan, diňe asuda maksatlara gulluk edýän Milli goşunymyzyň goranyş ukyplylygyny berkidýän okuw türgenleşikleriň ähmiýetiniň örän uludygyny bellediler. Şunuň ýaly tälim okuwlarynyň ýurdumyzda geljekde hem yzygiderli geçiriljekdigi nygtaldy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş häsiýetli Harby doktrina laýyklykda, gury ýerde, howada we deňizde sazlaşykly hereket etmäge ukyply, ýokary derejeli harby hünärmenleri taýýarlamak üçin kämil mekdebe öwrülendigi bellenildi. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Milli goşunymyzyň söweşjeň kuwwatyny we goranyş ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen taýsyz tagallalary üçin watançylyk duýgusy bilen tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow