Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
“Kitaby dädem Gorkut” gadymy türkmen şadessanynyň täze neşiri
Jemgyýet
“Kitaby dädem Gorkut” gadymy türkmen şadessanynyň täze neşiri
Çap edildi 11.05.2015
5154

Aşgabat, 11-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynda “Kitaby dädem Gorkut” diýen gadymy türkmen eposynyň täze neşiriniň tanyşdyryş dabarasy boldy. Bu dabara gadymy türkmen eposynyň taryhyndaky şanly senä bagyşlandy. Şu ýyl Germaniýanyň Drezden şäheriniň gadymy golýazamalar gaznasynda “Kitaby dädem Gorkut” şadessanynyň has irki golýazmalarynyň ýüze çykarylanyna 200 ýyl dolýar. Soňra bu kitap dünýä medeniýetiniň altyn gaznasyna girdi we halk arasynda “Gorkut ata” ady bilen belli boldy. Ýüzýyllygyň dowamynda dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän we dünýäniň dürli dillerine terjime edilen bu ajaýyp eposda gadymy oguz türkmenleriniň durmuş derejesi, medeniýeti, däp-dessurlary we ruhy dünýäsi baradaky gymmatly taryhy maglumatlar beýan edilýär. Gadymy halk eposynyň täze neşiri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň ylmy topary tarapyndan eseriň Drezden nusgasy esasynda çapa taýýarlanyldy. “Kitaby dädem Gorkut” eseri Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat öýi toplumynyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen önümçilik bölüminde neşir edildi. Bu ýerde öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde neşir önümleri Ýewropa ölçeglerine laýyk gelýär. Täze kitap ajaýyp bezegi bilen ýokary çap usulynda neşir edildi we onuň örän baý bezeg aýratynlyklary bar. Kitap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň giriş sözi bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyz onda okyjylara gutlag sözleri bilen ýüzlenip, dünýä medeniýetiniň hazynasyna giren bu edebi ýadygärligiň ähmiýetini belleýär. Hususan-da, ajaýyp eser, çeper döredijiligiň bitewüligini, Ýewraziýa giňişliginde ýaşaýan gadymy türki halklaryň däp-dessurlaryny, medeniýetini we taryhyny özünde jemlemek bilen “Gorkut ata” eposynyň ylmy dünýä aralaşmagyna şu ýyl 200 ýyl dolýandygy bellenilýär. Kitabyň tanyşdyryş dabarasynda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň medeniýetini we milli mirasyny, dilini we taryhyny öwrenýän gündogarşynas alymlar halkymyzyň ajaýyp edebi mirasy bolan “Gorkut ata” eposy boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Bu eser gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp, asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň ruhy çelgisini alamatlandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň baý edebi mirasyny, şol sanda “Gorkut ata” eposyny öwrenmek, saklamak hem-da wagyz etmek işi täze many-mazmuna eýe boldy. Täze neşiriň tanyşdyryş dabarasyna gatnaşan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy institutlarynyň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, ýurdumyzyň döwürleýin neşirleriniň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda hem-de tutuş dünýäde türkmen halkynyň baý edebi mirasyny öwrenmek we ony giňden wagyz etmek işine giňden goldaw berýändigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar. “Kitaby dädem Gorkut” eposy ýaly gymmatly döredijilik-edebi mirasynyň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, Gündogaryň halklarynyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna oňyn täsirini ýetirendigi barada aýdyldy.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow