Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Milli Liderimiziň «Türkmenistan — abadançylygyň we rowaçlygyň ýurdy» diýen täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy
Jemgyýet
Milli Liderimiziň «Türkmenistan — abadançylygyň we rowaçlygyň ýurdy» diýen täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy
Çap edildi 12.05.2015
3316

Aşgabat, 12-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda täze neşiriň — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — abadançylygyň we rowaçlygyň ýurdy” diýen täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Milli Liderimiziň aýdan sözleriniň nobatdaky ýygyndysy milli senenamamyzyň şanly senelerine bagyşlanan neşirleri çap etmekligiň ýola goýlan däbiniň dowam edýändigini görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň halkara maslahatlarynda eden çykyşlaryndan, baýramçylyk mynasybetli halkymyza gutlaglaryndan alnan gymmatly we parasatly sözleriniň ýygyndysy türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly sözlerini özünde jemleýän kitaplarynyň arasynda “Bagtyýarlyk—saglykdan başlanýar”, “Bilim—bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk”, şeýle hem şu ýylyň aprel aýynda daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmak meselelerine bagyşlanan “Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi” diýen kitaplary bar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – abadançylygyň we rowaçlygyň ýurdy” diýen täze kitaby 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygynyň hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli çap edildi. Dabara gatnaşyjylar edermenligi we gaýratlylygy, röwşen geljegiň bähbidine Watan goragçylarynyň deňsiz-taýsyz edermenligini alamatlandyrýan Ýeňiş gününiň baýram edilýän günlerinde milli Liderimiziň paýhasly sözleriniň täze ýygyndysynyň neşir edilmeginiň özboluşly manysyny belläp, ýaş nesilleri watançylyk we Watana söýgi ruhunda terbiýelemek işinde aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Çünki mähriban topragymyzda dabaralanýan parahatçylygy we agzybirligi gözüň göreji deýin goramak, Watanymyzyň kuwwatyny hem-de şöhratyny artdyrmak ýurdumyzyň her bir raýatynyň mukaddes borjydyr. Ýokary hilli neşir edilen kitap weteranlarymyz we Watanymyzyň häzirki goragçylary, paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy baradaky fotosuratlar bilen owadan bezelipdir. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen kitap Watanymyzyň geljegi bolan ýaş türkmenistanlylar üçin hem, Türkmenistanyň üstünlikleri bilen gyzyklanýan daşary ýurtly okyjylar üçin hem pähim-paýhasyň we bilimleriň möhüm çeşmesi bolup hyzmat eder. Ýygyndynyň sahypalarynda öz ýurdunyň hakyky watançysy, döredijilige, halklaryň arasyndaky parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen halkara başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde ykrarnama eýe bolýan, ynsanperwer we parasatly syýasatçy bolan türkmen döwletiniň Baştutanynyň çykyşlarynda we ýüzlenmelerinde aýdan köpsanly parasatly sözlerinden parçalar jemlenipdir. Tanyşdyryş dabarasyna dürli ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Binanyň giň eýwanynda türkmen döwletiniň Baştutanynyň ajaýyp işleri, şol sanda “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopediýa, “Türkmenistan — melhemler mekany” diýen kitap, milli Liderimiziň aýdan pikirleriniň ýygyndylary hem-de milli gymmatlygymyz bolan ahalteke bedewlerine we türkmen halylaryna bagyşlanan beýleki täsin neşirler görkezilýän kitap sergisi ýurdumyzyň täze taryhy eýýamynda gazanýan üstünlikleri, türkmen halkynyň şöhratly däpleri hem-de baý medeniýeti barada ajaýyp düşünje berýär. Bu ýere ýygnananlar parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwer hem-de Ýer ýüzüniň ähli halklary bilen giň özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek ýörelgelerine esaslanan parasatly syýasaty alyp barýandygy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzda rowaçlanýan asudalygyň we durnuklylygyň, ilatyň durmuş derejesiniň we hiliniň yzygiderli ýokarlanmagynyň Watanymyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlarynyň dabaralanýandygynyň ajaýyp subutnamasydygyny nygtadylar.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow