Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli aýdym-saz sowgady
Medeniýet
Ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli aýdym-saz sowgady
Çap edildi 27.12.2018
6884

Paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” şygary astynda geçjek täze, 2019-njy ýyla bagyşlanan aýdym-sazly dabara boldy. Konsertde belli sungat ussatlary bilen birlikde ýaş ýerine ýetirijiler hem çykyş etdiler. Olar uly baýramçylyklara döredijilik sowgatlaryny taýýarlamak däbine eýerip, tomaşaçylara özleriniň özboluşly aýdym-sazly çykyşlaryny hödürlediler. Konsert maksatnamasyna Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, ajaýyp zamanada gazanylýan üstünlikleri wasp edýän, tomaşaçylara giňden mälim bolan söýgüli aýdym-sazlar girizildi. Şol üstünlikler bolsa türkmenistanlylary täze ýylda, geljekde ýagty umyt-arzuwlara ruhlandyrýar. Dabaranyň barşynda sahnadan ýetip gelýän baýramçylyk mynasybetli hoşniýetli arzuwlar we gutlaglar, halkymyzyň abadançylygy, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy barada ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri ýaňlandy. Joşgunly Täze ýyl aýdymlary köpöwüşginli çykyşlar, estrada äheňleri bilen dowam etdirildi. Türkmenistanyň halk artisti Sahydursun Hojakowa “Geldi Täze ýyl” aýdymyny ýerine ýetirmek bilen baýramçylyk konsertiniň şowhunyny artdyrdy. Şeýle hem aýdymçy zenanyň Nurýagdy Rejebow bilen bilelikde “Söýginiň güýji” hindi aýdymyny ýerine ýetirmegi tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Döwlet tans topary hem-de “Näzli” topary häzirki zaman hem-de etnografik äheňli horeografik çykyşlary bilen tomaşaçylary begendirdiler. Konsertiň ahyrynda Türkmenistanyň halk artisti Annaguly Myratdurdyýew diňleýjileriň şowhunly el çarpyşmagynda “Jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdymyny ýerine ýetirdi. Bu köpöwüşginli aýdym-saz baýramçylygy gaýtalanmajak jadyly Täze ýyl ertekisi ýaly, tomaşaçylaryň ýadynda we kalplarynda uzak wagtlap galar. Gyşky oýunlar sport toplumynda baýramçylyk dabaralary 28-nji we 29-njy dekabrda hem geçiriler.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow