Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 22.12.2018
1854

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 69-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Russiýa Federasiýasyndan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler ýokary dykyzlykdaky polietilene we polipropilene isleg bildirdiler. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, BAE-den, Singapurdan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, pagta süýümini, nah ýüplügini, tekiz boýalan hem-de žakkard we tüýjümek dokma önümlerini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 15 million 187 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Kanadadan gelen işewürler jemi bahasy 2 million 557 müň manatlykdan gowrak nah mata hem-de nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 40 million 340 müň manatlykdan gowrak polipropilen plýonkasyny, polietileni, pagta süýümini we pagta lintini satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow