Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Awiasiýa pudagynyň işgärleri üçin täze mekdep
Jemgyýet
Awiasiýa pudagynyň işgärleri üçin täze mekdep
Çap edildi 06.06.2015
1922

Aşgabat, 6-njy iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Aşgabat şäherindäki Halkara howa menziliniň täze toplumynyň düzüminde howa ulagy pudagynyň işgärlerini taýýarlamak boýunça mekdebiň täze binalar toplumyny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Bu desga häzirki zaman ölçeglerine laýyklykda guruldy we tehniki taýdan enjamlaşdyryldy, onda okuwlary netijeli geçirmek üçin zerur şertleriň ählisi döredildi. Mekdebiň öz binasyndan başga-da, topluma desgalaryň birnäçesi, şol sanda umumyýaşaýyş jaýy girýär. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň buýurmasy boýunça gurlan täze toplum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gullugyň işini kämilleşdirmek, hususan-da, ýokary hünärli hünärmenleri has netijeli taýýarlamak, şeýle hem okuwçylaryň ýokary halkara ölçeglerine laýyklykda bilim almagy üçin oňaýly şertleri döretmek babatda öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülmegine ýardam eder. Täze toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşanlar awiasiýa ulgamyny has-da ösdürmek, ilatymyza edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak meselelerine hemişe uly üns berýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen paýtagtynda gurulýan Halkara howa menziliniň ähmiýetini nygtadylar. Bu ýere ýygnananlar “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň “Türkmenistan” awiaulag kärhanasynyň “Laçyn” toparynyň ruhubelentlik bilen ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşyny şowhunly elçarpyşmalar bilen garşyladylar. Soňra dabara gatnaşanlar täze mekdep binasynyň enjamlaşdyrylyşy we mekdebiň çägindäki umumy ýaşaýyş jaýynda döredilen şertler bilen tanyşdy. Maslahatlar zalynda myhmanlara Aşgabat şäherindäki Halkara howa menzilinde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada gürrüň berýän wideorolik görkezildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň esasy “howa derwezesine”, yklym we yklymara howa ýollarynda iri üstaşyr merkezine öwrüljek täze howa menziliniň düýbi 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda tutuldy. Döwrebap howa menzili sagatda 1 müň 600 ýolagça hyzmat etmäge ukyplydyr. Şol bir wagtyň özünde howa menzili islendik görnüşli uçarlary kabul edip, halkara derejesindäki hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny üpjün eder. Taslamada üç terminaly – ýolagçy, VIP, ýük terminallaryny, uzynlygy 3 müň 800 metre barabar bolan täze uçuş-gonuş zolagyny, uçarlaryň öwrüm ýollaryny, duralgalaryny, howa hereketini dolandyryş gullugynyň diňini gurmak göz öňünde tutulýar. Howa menzili toplumynyň ýerleşjek ýeriniň umumy meýdany 1 müň 200 gektara barabardyr. 2014-nji ýylyň mart aýynda türkmen paýtagtyndaky Halkara howa menziliniň täze toplumynyň 2-nji ýolagçy terminaly açyldy. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde ýurdumyzyň awiasiýasyna möhüm orun degişlidir. Bu ulgam howa ulaglarynyň hyzmatlarynyň dünýä bazaryna işjeň goşulyşmak hem-de daşary ýurtlarda Garaşsyz Türkmenistana wekilçilik etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän parahatçylyk, hyzmatdaşlyk we “açyk gapylar” syýasatynyň üstünlige eýe bolmagyna hem saldamly goşant goşýar.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow