Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Neşekeşligiň öňüni almak boýunça sebit maslahaty
Jemgyýet
Neşekeşligiň öňüni almak boýunça sebit maslahaty
Çap edildi 11.06.2015
1878

Aşgabatda neşe serişdeleriniň ulanylyşynyň öňüni almagyň milli maksatnamalarynyň netijeliligine bagyşlanan iki günlük sebit maslahaty geçirildi. BMG-niň neşeler we jenaýatlar boýunça müdiriýeti tarapyndan guralan duşuşyga gatnaşmak üçin Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Eýrandan, Pakistandan, Owganystandan wekiller, şeýle hem BMG-niň neşeler we jenaýatlar boýunça müdiriýetiniň bilermeni Hanna Heýkila (Awstriýa) we sebit utgaşdyryjysy Nadim Rehman (Eýran) türkmen paýtagtyna geldiler. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda neşe serişdeleriniň bikanun ulanylmagynyň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça alnyp barylýan iri möçberli çärelere ýokary baha berip, sebit we ählumumy meseleleri çözmekde ýurdumyzyň eýeleýän işjeň ornunyň şu gezekki maslahatyň geçirilýän ýerini kesgitlemekde esasy görkeziji bolandygyny bellediler. Maslahatda neşe serişdeleriniň ulanylyşynyň öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, maşgalalaryň we mekdepleriň, saglygy goraýyş ulgamynyň ýerli edaralarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň — jemgyýetiň gyzyklanma bildirýän ähli toparlarynyň gatnaşmagynda işlenip taýýarlanylan çäreleriň kabul edilmegi ýaly meselelere garaldy. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, bu maslahatyň geçirilmegi sebitiň ähli ýurtlarynyň ilatynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmäge, jemgyýetçiligiň zyýanly endikleriň ýaramaz täsiri barada habarlylygyny ýokarlandyrmaga, häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy bilelikdäki tagallalary jebisleşdirmäge ýardam berer.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow