Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 08.12.2018
1805

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Estoniýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. BAE-den gelen işewürler “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamide isleg bildirdiler. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Türkiýeden, Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna awtoulag, reňksiz aýna, portlandsement, nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 296 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Kanadadan, Türkiýeden, Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 10 million 748 müň manatlykdan gowrak jinsi önümlerini hem-de nah ýüplügi we mata satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 2 million manatlykdan gowrak bitumy satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow