Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 02.12.2018
1927

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň dizel ýangyjyny satyn aldylar. ABŞ-dan, BAE-den we beýlekilerden gelen täjirler karbamidi (“Türkmenhimiýa” Döwlet konserni) , Türkiýeden gelen işewür toparlarynyň wekilleri — tehniki kükürdi (“Türkmengaz” Döwlet konserni) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna awtoulag, dürli gaplar, reňksiz aýnalar, portlandsement, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, BAE, Gonkong, Türkiýe, Owganystan, Estoniýa, Özbegistan, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 35 million 587 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Şweýsariýadan, Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 18 million 56 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplük, pagta şrotyny satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazarda jemi bahasy 32 million 841 müň manatlykdan gowrak gurluşyk tehnikasyny we pagta-süýmüni satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow