Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri tamamlandy
Medeniýet
Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri tamamlandy
Çap edildi 30.11.2018
2553

Şu gün paýtagtymyzyň “Watan” kinokonsert merkezinde Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy hem-de gazak we türkmen artistleriniň bilelikdäki konserti boldy. Bu çärä aýdym-saz we tans sungatynyň köp sanly janköýerleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Nursultan Nazarbaýewiň arasynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, däp boýunça geçirilýän häzirki çäreler däpleriň köpdürlüligini açyp görkezdi hem-de doganlyk halkyň döredijilik üstünlikleri bilen tanyşdyryp, hünär derejesinde gatnaşyk etmekde we iki döwletiň medeniýet hem-de sungat işgärleriniň tejribe alyşmagynda netijeli çärä öwrüldi. Döredijilik çäresiniň maksatnamasynyň çäklerinde hem “Watan” kinokonsert merkezinde uly gyzyklanma bildirilen konsert geçirildi. Konsertde Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň sungat ussatlary çykyş etdiler. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi hem aşgabatlylarda uly gyzyklanma döretdi. Sergide goňşy ýurduň däp bolan bezeg serişdeleri, egin-eşikleri hem-de halkyň gündelik durmuşda ulanýan önümleri görkezildi. Bu ýere gelenler işme, gurnama, ýüňden, matalardan basmak, keşdelemek usullarynda ýerine ýetirilen önümler bilen tanyşdylar. Sergi önümleriniň hatarynda kümüşden ýasalan gazak milli şaý-sep sungatynyň nusgalary hem-de ussatlaryň ajaýyp bezelen beýleki işleri görkezildi. Sergä şeýle hem Gazagystanyň tebigatynyň köpdürlüligini beýan edýän fotopanno girdi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde gazak wekiliýetiniň resmi wekilleri bilen geçirilen duşuşyk hem ähmiýetli boldy. Duşuşykda köptaraply ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhmanlar üçin taýýarlanylan baý medeni maksatnama Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň we Türkmen halysynyň milli muzeýiniň gymmatlyklary hem-de beýleki gözellikler bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Häzirki çärä gatnaşyjylar milli medeniýetleriň, iki ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýandyklary üçin Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa we Nursultan Nazarbaýewe hoşallyk bildirdiler. Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň türkmen topragynda mähirli garşylanan myhmanlaryň aňynda uzak wagtlap galjakdygy bellenildi. Soňra geçirilen baýramçylyk gala-konsertiniň maksatnamasyny gazak we türkmen halk aýdymlary, tanslary, häzirki zaman estradasynyň mukamlary hem-de folklor çykyşlary düzdi. Konsert Türkmenistanyň Döwlet horunyň “Dost-doganlyk heňleri” diýen aýdymy ýerine ýetirmegi bilen açyldy. Türkmen we gazak sazandalary, aýdymçylary we tansçylary sazyň, aýdymyň hem-de tansyň ýakynlygy arkaly tomaşaçylara milli medeniýetleriň birmeňzeşligini, mähribanlygy we halklaryň ikisine-de mahsus bolan joşguny ýetirdiler. Özboluşly çykyşlar hyjuwly duýgulary döredip, artistleriň ajaýyp lybaslarda görkezen ussatlyklary tomaşaçylara ýatdan çykmajak täsirleri bagyş etdi. Türkmen we gazak artistleriniň uly joşgun bilen ýerine ýetiren “Ýaşasyn dost-doganlyk aýdymy” diýen aýdym konsert maksatnamasynyň jemleýji bölegine öwrüldi. Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri medeni gymmatlyklary mundan beýläk-de alyşmaga, iki goňşy döwletiň hem-de doganlyk halklaryň netijeli hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge täze itergi berdi.

Soňky habarlar
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow