Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Doganlyk halklaryň ruhy gatnaşyklarynyň däplerini baýlaşdyryp
Medeniýet
Doganlyk halklaryň ruhy gatnaşyklarynyň däplerini baýlaşdyryp
Çap edildi 29.11.2018
2469

Şu gün paýtagtymyzda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri açyldy. Bu çäre köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge täze itergi bermäge gönükdirilendir. Halklarymyzyň arasyndaky taryhy we ruhy-medeni gatnaşyklar öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden almak bilen, häzirki döwürde türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny, şol sanda ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmek üçin möhüm binýat bolup durýar. Häzirki döredijilik çäresi türkmenistanlylary gazak halkynyň özboluşly medeniýeti, sungaty we däp-dessurlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Aşgabatda guralýan döredijilik çäresine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň medeniýet işgärlerinden, artistlerinden we muzeý işgärlerinden düzülen uly wekiliýet geldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny, şol sanda folklor we aýdym-saz toparlaryny, sungat ussatlarynyň wekiliýetlerini alyşmak arkaly ep-esli işjeňleşdirdi. Ýurdumyzyň ylym we medeniýet işgärleri halkara maslahata, sergilere we beýleki çärelere gatnaşýarlar. Özara Medeniýet günleriniň geçirilmegi bu ulgamdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine, olaryň ikitaraplaýyn baýlaşdyrylmagyna we köpugurly gatnaşyklaryň täze mazmun bilen giňeldilmegine itergi berýär. Aşgabatdaky döredijilik çäresiniň çäklerinde Mangistau oblastynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň gymmatlyklarynyň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň gözden geçirilişi hem-de ýurdumyzyň şekillendiriş sungaty muzeýinde fotosergi guraldy. Çäräniň açylyş dabarasynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Žandos Asanow we Mangistau oblastynyň akimi Eraly Tugžanow gatnaşdylar. Çykyş edenler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, ynsanperwerlik ulgamdaky däp bolan gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna we şeýle döredijilik çäreleriniň geçirilmegine uly üns berýändikleri üçin Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa we Nursultan Nazarbaýewe tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Agşamara “Watan” kinokonsert merkezinde Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu mynasybetli döredijilik intelligensiýanyň, giň jemgyýetçiligiň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar ýygnandylar. Gutlag sözlerinde iki ýurduň ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Şol gatnaşyklar umumy taryhy we ruhy ýakynlyk gatnaşyklary bilen birleşen goňşy halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň pugtalanmagyna hyzmat edýär. Bu gezekki döredijilik çäresiniň iki döwletiň medeniýet we ylmy düzümleriniň wekilleriniň arasyndaky göni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirildi. Soňra Gazagystanyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Abyl Tarakuly adyndaky halk saz gurallary toparynyň ýerine ýetirmeginde nusgawy milli saz eserleri ýerine ýetirildi. Mundan başga-da, şu gün dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek ugrunda alnyp barylýan anyk işler barada aýdyldy. Myhmanlar paýtagtymyzda bolmagyň çäklerinde Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň gymmatlyklary, Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanşarlar. Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy 30-njy noýabra çenli dowam eder.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow