Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Sanly ykdysadyýet ulgamynda dünýä tejribesiniň öwrenilişi
Ykdysadyýet
Sanly ykdysadyýet ulgamynda dünýä tejribesiniň öwrenilişi
Çap edildi 19.11.2018
2468

Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda sanly ykdysadyýete bagyşlanan okuw maslahaty başlandy. Çäräni ýurdumyzyň Ylymlar Akademiýasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilelikde guradylar. Okuw maslahatyna ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet, Aragatnaşyk, Bilim ministrlikleriniň, Merkezi bankyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we beýlekileriň hünärmenleri gatnaşdylar. Onda “Skolkowo” müdirliginiň Moskwa mekdebiniň wekilleri halkara seljerijiler hökmünde çykyş edip, bu ulgamdaky öňdebaryjy dünýä tejribelerine syn berdiler. Şu ýylyň fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar Akademiýasyna “Sanly Türkmenistan” atly döwlet Maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasynyň ösüşini höweslendirmek, bu ulgamyň jemi içerki önüme goşandyny artdyrmak, welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň ilatynyň durmuşynda “Sanly tapawudy” aradan aýyrmak bu maksatnamanyň esasy özenidir. Maksatnama milli ykdysadyýetimizi innowasion ösüş ýoluna geçirmek işini çaltlandyrmaga, ylmy köp talap edýän pudaklarda iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmaga, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýany ornaşdyrmaga, elektron resminamalar dolanyşygyna we şahsyýetiň elektron identifikasiýasy ulgamyna doly geçmäge ýardam berer. Okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistan telemedisinany, kompýuter we telearagatnaşyk tehnologiýasyny peýdalanmak arkaly we daş aralykdan maslahatlary hem-de ylymlary bermek boýunça goşmaça elektron hyzmatlary ýerine ýetirmegiň hasabyna sanly düzümi ösdürmek üçin düýpli mümkinçiliklere eýedir. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hünärmenleriň tejribesi ýurdumyzyň guramalarynda öňdebaryjy sanly tehnologiýany ornaşdyrmak işini çaltlandyrmaga ýardam etmelidir. Okuw maslahaty 23-nji noýabra çenli dowam eder. Çärä gatnaşyjylar maslahatyň çäklerinde sanly ykdysadyýetiň dürli ugurlary, şol sanda onuň işewürlik nusgalary, däp bolan ykdysadyýetiň, durmuş ugurly pudaklaryň we beýlekileriň özara gatnaşygy bilen tanşarlar.

Soňky habarlar
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
top-arrow