Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Aşgabatda ýapon filmleriniň festiwaly geçýär
Medeniýet
Aşgabatda ýapon filmleriniň festiwaly geçýär
Çap edildi 10.11.2018
2339

Çeper filmleriň bäşisi we animasiýa filmleriniň biri şu gün paýtagtymyzyň “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň kinoteatrynda açylan ýapon filmleriniň festiwalynyň maksatnamasyny düzdi. Bu waka mynasybetli geçirilen dabara Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Medeniýet ministrliginiň wekilleri, sungat ussatlary, talyp ýaşlar hem-de dostlukly ýurduň medeniýeti bilen gyzyklanýan we ýapon dilini öwrenýän paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Festiwalyň çäklerinde tomaşaçylara 2013 — 2017-nji ýyllar aralygynda ýapon kinematografiýaçylarynyň döreden filmleri görkeziler, şolar iňlis we rus dillerinde beýan ediler. Şolaryň hatarynda režissýor Ýudzo Asahariniň “Samuraý aşhanasy hakynda erteki” atly taryhy-çeper filmi, Tasuşi Omoriniň “Seto we Usumi” atly grafiki romanyň hem-de Naoki Miýaharanyň dostluk hem-de täsinliklere ynam barada gürrüň berýän “Popin Kýu” atly animasiýa filmi bar. “Meniň söýgümiň taryhy” atly komediýa hem-de “Saňa ýüzünji gezek aşyk bolýan” atly drama filmi, şeýle hem “Momoiro Clover Z” atly ýapon sazly toparyň kemala gelmegi hakynda gürrüň berýän film tomaşaçylara hödürlener. Medeni çäräniň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, şunuň ýaly çäreler iki halkyň däbe öwrülen dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge, kinematografiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder. Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guran festiwaly “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň kinoteatrynda 14-nji noýabra çenli dowam eder.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow