Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmengala etrabynyň pagtaçylarynyň zähmet üstünligi
Ykdysadyýet
Türkmengala etrabynyň pagtaçylarynyň zähmet üstünligi
Çap edildi 06.11.2018
1732

Şu gün Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň pagtaçylary pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hoş habar berdiler. Olar ata Watanymyzyň harmanyna “ak altynyň” 32 müň 400 tonnadan gowragyny goşdular. Bereketli hasyl oba hojalyk önümçiligini giňeltmegiň, gowaçanyň etraplaşdyrylan görnüşlerini peýdalanmagyň, möwsümiň takyk tertibiniň, ýörite tehnikalara dessin hyzmat etmegiň, zerur agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmegiň hasabyna üpjün edilýär. Döwletimiziň maliýe taýdan goldaw bermegi, şol sanda ýer üçin ujypsyz töleg görnüşinde paç almagy, salgytlary tölemekden doly boşatmagy daýhanlar üçin uly goldaw bolup durýar. Tehnikalara hyzmat etmek, tohumlar, mineral dökünler, suwaryş suwy bilen üpjün etmek hem-de hyzmatlaryň beýleki görnüşleri kärendeçilere we daýhan birleşiklerine ýeňillikli şertlerde berilýär. Bulardan başga-da, oba hojalyk taslamalaryny ýeňillikli karzlaşdyrmak ulgamy giňden ulanylýar. Olary amala aşyrmak üçin ministrliklere, pudaklaýyn edaralara, kärhanalara, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna hem-de daýhan hojalyklaryna ýer bölekleri berilýär. Ýerleriň tabyny we ekinleriň hasyllylygyny artdyrmakda, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, tohumçylyk seçgiçiligini ösdürmekde ylma möhüm orun degişlidir. Türkmen alymlaryň ygtyýarynda ugurdaş ylmy-barlag institutlarynyň, tejribe hojalyklarynyň, ylmy-önümçilik merkezleriniň tutuş ulgamy bar. Olar gowy dünýä tejribesini öwrenmek, ylmy-barlaglary geçirmek we esasy zat — geljegi uly işleri durmuşa ornaşdyrmak boýunça hakyky synag meýdanlaryna öwrüldi. Türkmengala etrabynyň daýhanlarynyň döwlet tabşyrygyny ýerine ýetirmegi mynasybetli guralan dabaraly çäre uly baýramçylyga öwrülip, oňa welaýat häkimliginiň wekilleri, pagta möwsüminiň öňdebaryjylary, köp sanly ýerli ýaşaýjylar we döredijilik toparlary gatnaşdylar. Etrabyň pagtaçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa oba ilaty barada yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edip, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňky habarlar
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
top-arrow