Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi
Ykdysadyýet
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi
Çap edildi 05.11.2018
1841

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň pagtaçylary Daşoguz welaýatynda ilkinji bolup, döwlete pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat ber-diler. Watan harmanyna 47 müň 200 tonnadan gowrak «ak altyn» tabşyryldy. Şu günler etrabyň ekerançylary ýetişdirilen bol hasyly iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnamak ugrunda ähli tagallalary edýärler. Bellenen maksada ýetmekde pagtany göz öňünde tutulandan has köp öndüren “8-nji mart”, “Döwletli”, “Türkmenistan”, “Azatlyk” we beýleki daýhan birleşikleriniň zähmetkeşleri saldamly goşant godular. Bu etrap Daşoguz welaýatynda gymmatly çig mal bolan pagtany iň köp öndürijidir. Bu ýerde 28 ýarym müň gektarda gow-aça ekilýär. Ýygym möwsüminde etrabyň ekin meýdanlarynda ýokary öndürijilikli pagta ýygyjy kombaýnlaryň 60-a golaýy işledildi. Pagtaçylaryň belleýşi ýaly, bu zähmet ýeňşi döwlet tarapyndan ekerançylara maksada gönükdirilen goldawyň netijesinde gazanyldy. Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem obasenagat top-lumynyň önümçilik düzümi tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyryldy we döwrebaplaşdyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri yzygiderli höweslendirýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasy bolan Halk Maslahatynda gol çeken “Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakynda” Karary ekerançylaryň zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. Zerur agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi, gowaçanyň ýerli howa şertlerine uýgunlaşan hasylly görnüşlerine uly ähmiýet berilmegi bu üstünligiň gazanylmagynyň girewi boldy. Ýygym möwsüminiň barşynda bol hasyly ösdürip ýetişdirmek we ýygnamak işi bilen meşgullanýanlaryň hemmesi — kärendeçiler we mehanizatorlar, kabul ediş bölümleriniň hem-de pagtany gaýtadan işleýän kärhana-laryň işgärleri, awtoulaglaryň sürüjileri sazlaşykly işlediler. Etrapda döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda bolan dabaralarda bu zähmet ýeňşini gazanmaga mynasyp goşant goşan öňdebaryjylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Etrabyň pagtaçylary mundan beýläk-de öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri mynasyp ýerine ýetirmek ugrunda tejribelerine daýanyp, tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimu-hamedowy ynandyrdylar.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow