Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Darganata etrabynyň ekerançylary döwlet tabşyrygyny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler
Ykdysadyýet
Darganata etrabynyň ekerançylary döwlet tabşyrygyny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler
Çap edildi 30.10.2018
1932

Darganata etrabynyň ekerançylary pagta taýýarlamak boýunça döwlet tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler, olar Watan harmanyna 6 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyrdylar. Lebap welaýatynyň demirgazyk etrabynyň 3,5 müň gektar pagta meýdanlarynda zerur agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi, ekerançylaryň, mehanizatorlaryň sazlaşykly işlemekleri, olaryň janypkeşlikli, yhlasly zähmeti, hyjuwy, topraga bolan eýeçilikli gatnaşyklary üstünlik gazanmaklaryna getirdi. Ýygym möwsüminiň üstünliginiň toparyň hyzmatyna baglydygy gürrüňsizdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, umumy tagallalaryň miwesi, olaryň netijeliligi hut ýygymyň ähli halkalarynyň sazlaşykly işlemegine baglydyr. Bu işde darganatalylar ýokary jogapkärçiligiň, işe başarnykly çemeleşmegiň we özara agzybir hereket etmegiň nusgasyny görkezdiler. Bu işe öz borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetiren “Lebap” hem-de Magtymguly adyndaky daýhan birleşikleriniň kärendeçileri has-da saldamly goşant goşdular. Olar, degişlilikde, kabul ediş bölümlerine 400 tonna we 120 tonna “ak altyny” borçnamadan artyk tabşyrdylar. Oňat netijeleri gazanan öňdebaryjylaryň hatarynda “Lebap” daýhan birleşiginiň kärendeçisi O.Öwezowa hem bar. Ol 2 gektar meýdandan 10 tonnadan gowrak “ak altyn” ýygnady. Munuň özi her gektaryň hasyllylygynyň 52 sentnere barabar bolandygyny aňladýar. Bu hojalygyň pagtaçysy P.Täçmämmedowa bolsa özüniň bir ýarym gektar kärende ýerinden 8 tonna golaý pagta ýygnap, gektaryň hasyllylygyny 50 sentnere ýetirmegi başardy. Etrabyň ekin meýdanlarynda heniz pagta köp. Darganatalylar hasyly soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnamagy maksat edinýärler. Bu etrabyň ekerançylary 100 gektar ekin meýdanyndan şaly ýygnamak işini hem üstünlikli tamamlap, ýene bir zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan çäjine meýilnamalaşdyrylan 465 tonna şalynyň ýerine bu azyklyk dänäniň 506 tonnasyny tabşyrdylar. Darganatanyň oba zähmetkeşleriniň gazanan bu iki zähmet ýeňşi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ekerançylarynyň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek baradaky hemişelik aladasyna mynasyp jogap boldy. Bular ýurdumyzda pagtaçylar üçin häzirkizaman tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynýandygynyň, daýhanlaryň ýeňillikli bahalarda mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilýändiginiň, tabşyrylan hasyl üçin olar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilýändiginiň aýdyň subutnamalarydyr. Pagta ýygmak boýunça döwlet tabşyrygyny ýerine ýetiren we şalynyň bol hasylyny ýygnan Darganata etrabynyň ekerançylarynyň zähmet üstünlikleri Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna saldamly goşant boldy.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow