Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Bäherden etrabynyň pagtaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar
Ykdysadyýet
Bäherden etrabynyň pagtaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar
Çap edildi 29.10.2018
1758

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ekerançylary pagta hasylyny taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar bol pagta hasylyny ýetişdirip, Watan harmanyna “ak altynyň” 18 müň 400 tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Bäherdenli ekerançylaryň ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagaty üçin gymmatly çig maly ýygnap almak boýunça umumy işe uly goşandy, olaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm oba hojalyk möwsümini öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirmek baradaky sargydyny berjaý etmäge örän jogapkärli çemeleşendikleriniň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Möwsümi ýokary depginler bilen geçirmek, pagtany kabul ediş bölümlerine hem-de gaýtadan işleýän kärhanalara bökdençsiz eltmek boýunça ähli çäreler görüldi. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin strategik ähmiýete eýe bolan bugdaýy we pagtany ösdürip ýetişdirmegiň, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, halkymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleriň geçirilmeginiň zerurdygy barada döwlet Baştutanymyz Hökümetiň mejlislerinde ençeme gezek nygtap geçdi. Geçen hepdede hem Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli Liderimiz oba hojalyk pudagyny özgertmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän yzygiderli çäreleriň ýurdumyzyň bu pudagyny ýokary düşewüntli ulgama öwürmelidigi barada ýene-de bir gezek aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn başlangyçlary, şol sanda şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Halk Maslahaty tarapyndan biragyzdan goldanylan daýhanlaryň zähmetini höweslendirmek bilen baglanyşykly öňe süren teklipleri ekerançylary döwlet tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda täze ýokary sepgitlere ruhlandyrdy. Şol sebäpli hem şu ýylky pagta ýygymy möwsümine gatnaşýan daýhanlaryň tagallalary bu çäräni gysga möhletde tamamlamaga gönükdirilendir. Ekerançylaryň döwlete pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky habarlar yzygiderli gelip gowuşýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň harmanlary barha beýgelýär. Şu gün Bäherden etrabynyň pagtaçylary zähmet ýeňşini toýlaýar. Dabaranyň çäklerinde önümçiligiň öňdebaryjylaryny — kärendeçileri, kombaýnlaryň sürüjilerini we beýlekileri sarpalamak çäresi geçirildi, olar tutanýerli zähmeti bilen döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilmegine uly goşant goşdular. Aýdymçy-sazandalar, tans we folklor toparlary konsert maksatnamalary bilen çykyş etdiler. Dabara gatnaşyjylar ekerançylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de netijeli zähmet çekmekleri üçin mynasyp şertleri döretmek baradaky uly aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mähriban Arkadagymyzyň sargytlaryny üstünlikli berjaý etmek ugrunda güýçlerini aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow