Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan - Aziýanyň ösüş banky: hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Ykdysadyýet
Türkmenistan - Aziýanyň ösüş banky: hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Çap edildi 24.10.2018
2067

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasy ýokary öndürijilikli hem-de innowasiýa esaslanýan senagat kärhanalarynyň döredilmegine, aragatnaşyk we ulag-üstaşyr düzümleriniň ösdürilmegine, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna gönükdirilendir. Türkmenistan milli Liderimiziň durmuşa geçirýän strategiýasyny yzygiderli alyp barýar hem-de halkara maliýe düzümleri, sebit banklary bilen netijeli hem-de özara bähbitli gatnaşyklary guraýar, özüniň maýa goýum ýagdaýyny gowulandyryp, düýpli maýa goýumlary esasy önümçilik gaznalarynyň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna çekýär, bu bolsa ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna hem-de tutuşlygyna ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Aziýa ösüş banky (AÖB) Türkmenistanda maýa goýum maksatnamalaryň we taslamalaryň maliýeleşdirilmegine işjeň gatnaşýar, ýurdumyz 2000-nji ýylda bu abraýly halkara maliýe guramasynyň agzasy boldy. Şondan bäri bank bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, Aziýada ykdysady ösüşi höweslendirmek bu bankyň baş wezipesi bolup durýar. Türkmenistanyň ägirt uly energetika serişdelerini hem-de amatly ýerleşmegini hasaba almak bilen, geçen ýyllaryň dowamynda AÖB-niň maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ulag we energetika ulgamlarynda hem-de hususy bölege goldaw bermek babatynda ençeme taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. Türkmenistan bilen AÖB-niň arasyndaky 2017 — 2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk strategiýasyna laýyklykda, türkmen uglewodorod serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, energiýa serişdeleriniň eksport edilýän möçberlerini ýokarlandyrmak, ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, hususy bölegi goldamak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda geçirilýän giň gerimli ykdysady özgertmeleriň maglumat üpjünçiligi ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. AÖB sebit meýilnamasynyň umumy wezipelerine laýyklykda Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk, energetika, nebitgaz ýaly ulgamlaryna, şeýle hem hususy bölege maýa goýumlaryny gönükdirmäge taýýardygyny beýan edýär. Bu bank tarapyndan hödürlenen meýilnama boýunça 2019 —2021-nji ýyllarda milli ykdysadyýetimize ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna golaý maýa serişdelerini goýmak göz öňünde tutulýar. Taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň barşynda onuň möçberleriniň has-da artmagyna garaşylýar. Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini daşarky bazara ugratmak maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ýene bir möhüm ugrudyr. Ýurdumyzyň ägirt uly tebigy serişdeleri dünýä halklarynyň energiýa üpjünçiligine we energetika howpsuzlygyna uly goşant goşup biler. Dünýäniň maýa goýum toparlarynyň ýurdumyza uly gyzyklanmasy hut şu ählumumy wezipe bilen şertlendirilendir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen hem-de howandarlygy astynda tutuş sebitiň ykdysadyýetine uly täsirini ýetirmäge ukyply iri taslamalar amala aşyrylýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak hem hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi diňe oňa gatnaşyjy döwletleriň ykdysadyýetleriniň kuwwatlanmagyna däl-de, tutuş sebitde ýaşaýan halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, müňlerçe täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berer. Aziýa ösüş banky TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolmak bilen 2019 — 2021-nji ýyllar üçin maýa goýumlar boýunça iş meýilnamasyna bu ugry hem goşdy. Şol bir wagtyň özünde AÖB tarapyndan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijini we optika-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek taslamasyna, ýurdumyzda energetika üpjünçiliginiň ýokary derejesini saklamak mümkinçiligini döretmäge ýardam berýän halkalaýyn energiýa ulgamynyň gurulmagyna we beýleki möhüm düzümleýin taslamalara iri maýa goýumlary gönükdirmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Sebitleýin ösüşi üpjün etmek maksady bilen energiýa serişdelerini ibermek, täze ulag-üstaşyr geçelgelerini gurmak hem-de olary sebit ulgamyna goşmak we beýlekiler ýaly strategik ähmiýetli möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň uly mümkinçilikleri bar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özüniň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň çäklerinden geçýän bu taryhy ýoluň täze görnüşde dikeldilmegi Aziýa sebiti ýurtlarynyň ählisiniň öňünde täze mümkinçilikleri açýar. Maýa goýum ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň köpugurly ykdysady mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär. Bularyň ählisi dünýä belli daşary ýurt kompaniýalarynyň, iri maliýe edaralarynyň özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen hem-de ähli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegi ugur edinýän Türkmenistan bilen özara bähbitli, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak esasynda gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändikleriniň nobatdaky subutnamasydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň kuwwatly uglewodorod we üstaşyr mümkinçilikleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän özgertmeler netijesinde dünýä ulgamyna işjeň çekilýär. Döwlet Baştutanymyzyň halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyga esaslanýan oýlanyşykly hem-de netijeli maýa goýum syýasaty bu ugurdaky ösüşlere oňyn täsirini ýetirýär, onuň netijesinde Türkmenistan ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini saklaýar hem-de içerki ösüşiň oňyn häsiýetine eýe bolýar. Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky maýa goýum hyzmatdaşlygynyň netijeleri ony ösdürmek boýunça täze başlangyçlar we teklipler halkara işewürlik hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, geljegi uly ýokary tehnologiýaly taslamalary durmuşa geçirmek üçin iri möçberli maýa goýumlaryny çekmäge, tutuş Aziýanyň okgunly innowasiýa ösüşine çykmagy üçin sebitara gatnaşyklarynyň meýdançasyny döwrebaplaşdyrmaga ýardam berer.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow