Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy – dünýä medeniýetiniň gymmatlygy
Medeniýet
Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy – dünýä medeniýetiniň gymmatlygy
Çap edildi 28.01.2015
2021

2015-nji ýylda Mary şäherine türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesiniň berilmegi Gündogaryň ylym, edebiýat, sungat, arhitektura we medeni merkeziniň taryhy mirasynyň möhümdiginiň ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. Şu hem beýik ösüşleri, çeper senetçiligiň özboluşly däplerini, edebiýatyň, sazyň, gadymy binagärligiň ajaýyp eserlerini dünýä beren türkmen halkynyň döredijilik başarnygynyň ýene bir tassyklanmasydyr. Milli sungaty we arhitekturany mundan beýläk-de öwrenmegiň, saklamagyň we ösdürmegiň meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň häzirki zaman medeni syýasatynyň wajyp ugry hökmünde kesgitlendi. 27-nji ýanwarda Maryda şähere berlen hormatly derejä laýyklykda geçirmek bellenilen çärelere badalga berildi. Bu waka bagyşlanyp, “Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy” tapgyryndan makalalaryň ýygyndysynyň üçünji sany çapdan çykdy. Ol Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek hem-de dikeltmek baradaky milli müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň her ýylky ylmy maglumatlaryny çap etmegi dowam edýär. Hünärmenleriň toparlarynda eýýäm meşhur bolan neşir türkmen halkynyň şöhratly geçmişine, medeni mirasynyň egsilmejek baýlygyna hem-de döwürdeşlerimiziň ussat döredijiligine barha artýan gyzyklanma jogap bolup durýar. Neşir Türkmenistanyň gadymy we häzirki zaman sungatyny öwrenýän sungaty öwrenijileriň, binagärligiň taryhçylarynyň we arheologlaryň mowzuklarynyň köptaraplylygyna we gyzyklanmalaryna şaýatlyk edýär. Olaryň makalalarynda ünsli okyjy Köneürgenjiň orta asyr keramikasy we türkmen halyçylygynyň däpleriniň dowam edişi barada, reňkiň özboluşly manylary we onuň dürli halklaryň şekillendiriş sungatyndaky orny hakynda, Türkmenistanyň nakgaşçylygyny häzirki wagtdaky natýurmort žanry barada ençeme täze gyzyklanmalary tapyp biler. Neşiriň şu sanynda “Arhitektura mirasy” diýen bölüm has tutumly boldy. Bu hem ýöne ýerden däldir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça binagärlik, gurluşyk işleri görlüp-eşidilmedik derejede ýaýbaňlandyryldy. Bu ugurda döwlet Baştutanymyza aýratyn hyzmatlary üçin 2013-nji ýylda “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly at dakyldy. Milli Liderimiziň diňe bir häzirki zaman binagärligini has-da ösdürmäge däl, eýsem, geçmişiň ýadygärliklerini goramak we gaýtadan dikeltmek meselelerine, şeýle hem bu işde ylmy pikiriň we tehniki ösüşiň iň täze gazananlaryny peýdalanmak meselelerine nähili uly üns berýändigi hemmelere bellidir. Alymlar öz gezeginde, binagärlik mirasyny öwrenmek ulgamynda öz gözleglerini işjeňleşdirdiler. Bu bolsa, hususan-da, neşiriň sahypalarynda hem beýanyny tapýar. Nobatdaky ýygynda Günorta Türkmenistanyň gadymy we orta asyr binagärliginde kemala geliş tapgyrlarynyň hem-de däpleriň yzygiderliliginiň, Köne Nusaýyň Parfiýa binagärliginiň bölekleriniň biri baradaky, Sarahs sebitlerinde Seljuk eýýamynyň gidrotehniki desgalary, Ýylgynlydepede arheologlar tarapyndan açylan eneolit eýýamynyň dini däp-dessurlary ýerine ýetirýän gadymy toplumlary, türkmen halk binagärliginiň adalgalary boýunça täze maglumatlar hem-de Merw sebitiniň demirgazygyndaky çölde ýakynda tapylan orta asyr kerwensaraýlarynyň ikisi baradaky barlaglara bagyşlanan makalalar girdi. “Ylmy miras” diýen bölümde türkmen diline terjime edilen Sankt-Peterburg uniwersitetiniň professory W.A.Žukowskiniň 120 ýyl mundan ozal ýazan we ylmy-taryhy ähmiýetini häzire çenli ýitirmedik “Gadymy Merwiň harabalyklary” atly nusgawy işinden bölekleriň ýerleşdirilmegi binagärlik baradaky gürrüňiň özboluşly dowamy bolup durýar. Awtorlaryň arasynda ýurdumyzyň hünärmenleri we olaryň dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan kärdeşleri bar. Olar häzirki zaman türkmen nakgaşçylygy, heýkeltaraşlygy, grafikasy, dizaýny, amaly-haşam sungatynyň milli görnüşleri (keramika, zergärçilik, halyçylyk), şeýle hem iň täze döwrüň binagärliginiň aýratynlyklary barada ýazýarlar. Şeýle habarlar ýokary okuw mekdepleriniň diňe bir degişli hünärleriniň alymlary we talyplary üçin däl, eýsem, Türkmenistanyň hem-de umuman, Orta Aziýanyň maddy we ruhy medeniýetiniň, döreýşi we ösüşi bilen gyzyklanýanlaryň ählisi üçin peýdaly bolup biler. Daşary ýurt barlagçylarynyň Türkmenistanyň gadymy hem-de häzirki zaman sungatyna we binagärligine bolan ünsüni göz öňünde tutup, neşir halkara okyjylaryna niýetlenendir hem-de Amerikanyň, Ýewropanyň we Aziýanyň iri ylmy merkezleriniň kitaphanalaryna iberilýär, häzirki wagtda bolsa neşiriň elektron görnüşi taýýarlanýar. Ol okyjylara Internet ulgamy arkaly elýeterli bolar. Watançylygyň belent duýgularynyň kemala getirilmeginde, ýaş nesilleriň ahlak hem-de estetiki taýdan terbiýelenmeginde milli sungatyň we binagärligiň bahasyna ýetip bolmajak orny bar. Hut şonuň üçin olary mundan beýläk-de öwrenmek, saklamak we ösdürmek meselelerine möhüm milli maksatnamalaryň derejesinde garalýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ylym we döredijilik işleri üçin zerur enjamlar bilen üpjün edilen muzeýleriň we teatrlaryň döwrebap binalarynyň gurulmagy gumanitar ulgamda milli Liderimiziň syýasy ugrunyň görnükli netijelerine öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze görnüşli kitaphanalar bina edildi. XXI asyryň tehnologiýalaryndan ugur alan döwlet bilim maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň ýaýraw ulgamynyň ylmy-barlag işleri innowasion derejä çykaryldy, kitap neşir etmek işi ösdürilýär, Internet ulgamynda milli ugurlar köpelýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we goldawy bilen ýurdumyzda halkara maslahatlary, şol sanda medeni mirasa bagyşlanan halkara maslahatlar yzygiderli geçirilýär.

Soňky habarlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine gatnaşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitindäki çykyşy
24.10
Türkmenistan howanyň üýtgemegi meselelerine yzygiderli gözegçilik etmäge çykyş edýär
24.10
Türkmenistan Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamany teklip etdi
24.10
Aşgabat halkara hyzmatdaşlykda öňüni alyş diplomatiýa gurallaryny işjeň ulanmagy goldaýar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti XVI BRIKS Sammitine gatnaşýar
top-arrow