Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Pagta ýygymy möwsüminiň depgini: Daşoguz welaýaty
Ykdysadyýet
Pagta ýygymy möwsüminiň depgini: Daşoguz welaýaty
Çap edildi 18.10.2018
1792

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda gowaça ekilen 140 müň gektar ýerden 230 müň tonna pagta hasylyny almak göz öňünde tutulýar. Ýöriteleşdirilen ýokary öndürijilikli tehnikalaryň, şol sanda pagta ýygyjy kombaýnlaryň giňden işe girizilmegi ýygymyň güýçli depginini saklamaga ýardam berýär. Obasenagat toplumy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça täze tehnikalar gelip gowuşýar, olaryň ähli nusgalary ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde deslapky synagdan geçirilýär. Häzirki wagtda ekin meýdanlarynda pagta ýygyjy kombaýnlaryň ýüzlerçesi işledilýär, olar pagtaçylara ýetişdirilen hasyly öz wagtynda ýygnap almaga şert döredýär. Sebitde has iri pagta öndüriji bolan S.Türkmenbaşy etrabynyň ekerançylary ýygymyň öňdebaryjylarynyň hatarynda barýarlar. S.A. Nyýazow adyndaky we Görogly etraplarynyň daýhanlary hem ýygymda olardan yza galanoklar. Welaýatda ekin meýdanlarynda peýdalanylýan tehnikalara gije-gündiziň dowamynda tehniki hyzmat etmek, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, mehanizatorlaryň we pagta ýygymyna beýleki gatnaşyjylaryň doly derejeli dynç almagy üçin zerur şertler döredilipdir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilen “Oba hojalyk pudagynda özgertmeleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek hakyndaky” Karar ekerançylaryň zähmet öndürijiligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyna itergi berdi. Onda oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek, şeýle hem ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly birnäçe çäreler göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda oba hojalyk önüm öndürijilerini goşmaça höweslendirmek hem-de bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş, strategik ähmiýetli oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek bilen baglanyşykly kärhanalaryň hyzmatlarynyň nyrhyny ýokarlandyrmak ýaly çäreler bar. Welaýatda pagtaçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Munuň şeýledigine soňky ýyllarda bu sebitde gurlan iri ýokary tehnologiýaly önümçilikler, şol sanda Daşoguz şäherindäki her ýylda 16,6 müň tonnadan gowrak pagta süýümini hem-de 14,5 müň tonna aýratyn isleg bildirilýän ýokary hilli «Ring» kysymly nah ýüplük öndürýän kärhana, Köneürgenç etrabynda ýylda 6 müň 700 tonna süýüm işläp çykarýan we 6 müň tonna ýokary hilli ýüplügi öndürmäge niýetlenen toplum, şeýle hem bu etrapda her ýylda kuwwaty 40 müň tonna tohum serişdesini gaýtadan işlemäge ukyply ýöriteleşdirilen kärhana we 10 müň tonna pagtany saklamak üçin pagta kabul ediji bölüm we beýlekiler hem şaýatlyk edýär.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow