Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Garabogaz karbamid zawodynyň önüminiň ilkinji tapgyry eksporta ugratmaga taýýar
Ykdysadyýet
Garabogaz karbamid zawodynyň önüminiň ilkinji tapgyry eksporta ugratmaga taýýar
Çap edildi 17.10.2018
2789

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Gyýanly şäherçesinde açylan polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumy ýurdumyzyň gazhimiýasy senagatynyň desgalarynyň üstüni ýetirdi. Bir aý mundan ozal Hazar sebitinde “Garabogazkarbamid” zawody açyldy, bu desga hem batly gadamlar bilen ösýän gazhimiýa senagatynyň ösmeginde möhüm tapgyr boldy. “Mitsubishi Corporation” (Ýaponiýa) hem-de “Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş.” (Türkiýe) kompaniýalary bilen bilelikde gurlan döwrebap kärhananyň ýyllyk kuwwaty oba hojalygynda giňden ulanylýan azot dökünleriniň 1 million 155 müň tonnasyna deňdir. Nobatdaky senagat desgasynyň işe goýberiliş dabarasy tamamlanandan soň Gyýanlydaky gazhimiýa toplumyň binasynda oturdylan monitoryň ekranynda “Garabogazkarbamid” zawodyndan eksporta ugradylýan önümiň ilkinji tapgyrynyň ýüklenýän pursatlary görkezilýär. Bu ýerden ugran awtoulaglar kerweni Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna tarap ýola düşdüler. Bu ýerden karbamid deňiz gämileri bilen daşary ýurtly sarp edijilere ýetiriler.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow