Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary berkidilýär
Medeniýet
Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary berkidilýär
Çap edildi 05.03.2015
1859

Aşgabat, 5-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu çäräni EYR-niň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň Medeni merkezi we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bilelikde guradylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, iki goňşy döwletiň taryhynda we medeniýetinde ençeme meňzeşlik bolup, olar bize XXI asyryň başynda asyrlaryň synagyndan geçen dostlukly gatnaşyklary berkitmäge hem-de hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Gumanitar ulgamda türkmen-eýran gatnaşyklary munuň aýdyň subutnamasydyr. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Eýranyň arasynda örän ysnyşykly medeni we ylmy gatnaşyklar ýola goýuldy. Olaryň çäklerinde ylmy maslahatlar, belli aýdymçylardyr sazandalaryň döredijilik saparlary, sergiler hem-de kino görkezişler, Medeniýet günleri we beýleki bilelikdäki çäreler guralýar. Geçen ýylyň fewralynda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri uly üstünlik bilen geçirildi. Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri hem goňşy ýurda yzygiderli baryp, dürli halkara maslahatlaryna, sergilerine we beýlekilere gatnaşýarlar. Her ýyl Galkynyş, agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öň ýanynda ýurdumyzyň belli şahyrlaryndan, žurnalistlerinden, medeniýet işgärlerinden ybarat bolan wekilçilikli topary Eýranyň Gülüstan welaýatynyň Ak tokaý obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň we onuň atasy Döwletmämmet Azadynyň kümmetlerine zyýarat edýärler. 2014-nji ýylda bu ýerde beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň hormatyna uly dabara guraldy. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Bu waka mynasybetli bu ýere döredijilik ulgamlaryň, giň jemgyýetçiligiň, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary ýygnandylar. EYR-niň döredijilik wekiliýetiniň düzümine medeniýet ulgamyna degişli edara - kärhanalaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, aýdymçy sazandalar, suratkeşler, halk senetleriniň ussatlary girdi. Açylyş dabarasynda EYR-niň Medeniýet we yslam gatnaşyklary guramasynyň ýolbaşçysy Abuzar Ebrahimi Torkaman çykyş edip, häzirki medeni çäräniň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň gadymdan gelýän taryhyna eýe bolan türkmen hem-de eýran halklarynyň dostluk, özara düşünişmek we ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendigini nygtady. Dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän ünsi üçin hoşallyk bildirip, soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklarynyň, aýratyn-da, söwda-ykdysady we gumanitar ulgamlarda gatnaşyklaryň giňelýändigini kanagatlanmak bilen belledi. EYR-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Musa Haşemi Golpaegani öz çykyşynda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň türkmen we eýran halklarynyň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna, iki ýurduň döredijilik işgärleriniň hünär gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Dabara gatnaşyjylar iki ýurduň Baştutanlaryna--Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we EYR-niň Prezidenti Hasan Ruhanä köp ugurly hyzmatdaşlyk, goňşy döwletleriň arasyndaky özara peýdaly medeni gatnaşyklary giňeltmek babatda alyp barýan syýasatlary üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Olaryň halklary agzybirlikde we ylalaşykda ýaşaýarlar. Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda EYR-niň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň maksatnamasyny belli eýran halk aýdymlaryny we sazlaryny ýerine ýetirijileriň çykyşlary düzdi. Olar nusgawy dessanlardan ajaýyp sahnalary we gündogar şahyrlarynyň goşgularyna döredilen gadymy aýdymlary ýerine ýetirdiler. Şowhunly el çarpyşmalar öz halkynyň döredijilik däplerini nesilden-nesle geçirýän eýran artistleriniň ýokary ussatlygyna berlen baha boldy. EYR-niň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda dostlukly ýurduň şekillendiriş we amaly-haşam sungaty sergisiniň açylyş dabarasy bolar. Aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary belli eýran suratkeşleriniň, fotosuratçylarynyň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň—hatdatlaryň, miniatýuraçylaryň, haşamlaýjylaryň, halyçylaryň, agaç we daş ussalarynyň işleri bilen tanşarlar. Sergide däp bolşy ýaly, pars şygryýetiniň nusgawy şahyrlarynyň eserlerini beýan edýän miniatýuralar, özboluşly heýkeller, agaçdan ýasalan zatlar, keramika, hatdatçylyk sungatynyň nusgalary, ýazgylary çeper taýdan bezemek, metal boýunça berçinleme we emala nagyş salmak, gobelenler, milli lybaslar, dürli sowgatlyklar görkeziler. Eýran sergisiniň gymmatlyklarynyň hatarynda goňşy ýurduň häzirki güni barada gürrüň berýän neşir önümleri, foto hem-de wideo materiallar, şeýle hem görnükli türkmen şahyrlarynyň we akyldarlarynyň dürli öwüşginli neşirleri, Eýranyň medeniýeti we sungaty barada gürrüň berýän kitaplar, albomlar hem-de belli eýranly suratçylaryň we heýkeltaraşlaryň portretleri, okuw hem-de ylmy—öwreniş edebiýatlar bar. “Watan” kinokonsert merkezinde eýran döredijilik toparynyň çykyşlary guralar. Kino sungatynyň muşdaklaryna “Aşgabat” kinomerkezinde eýranly kinematografiýaçylar bilen duşuşyk garaşýar, şol ýerde soňky ýyllarda dürli žanrlarda surata düşürilen çeper filmler görkeziler. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde EYR-niň resmi wekiliýetini kabul etmegiň barşynda medeniýet ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri 7-nji martda “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde tamamlanar. Şol ýerde iki dostlukly ýurduň artistleriniň bilelikdäki konserti we çäräniň ýapylyş dabarasy bolar. Döredijilik forumynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlarymyz ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri, muzeýleriniň gymmatlyklary we türkmen paýtagtynyň beýleki gözellikleri bilen tanyşýarlar.

Soňky habarlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine gatnaşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitindäki çykyşy
24.10
Türkmenistan howanyň üýtgemegi meselelerine yzygiderli gözegçilik etmäge çykyş edýär
24.10
Türkmenistan Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamany teklip etdi
24.10
Aşgabat halkara hyzmatdaşlykda öňüni alyş diplomatiýa gurallaryny işjeň ulanmagy goldaýar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti XVI BRIKS Sammitine gatnaşýar
top-arrow