Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistanyň döredijilik wekilýeti Täjigistanyň Hatlon oblastynyň Dusti şäherçesine baryp gördi
Medeniýet
Türkmenistanyň döredijilik wekilýeti Täjigistanyň Hatlon oblastynyň Dusti şäherçesine baryp gördi
Çap edildi 15.10.2018
2473

Türkmenistanyň Täjigistanda geçirilýän Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin gelen ýurdumyzyň wekilýetiniň agzalary Hatlon oblastynyň Jaýhun raýonynyň dolandyryş merkezi bolan Dusti şäherçesine baryp gördüler. Dustide türkmenleriň uly diasporasy ýaşaýar, olaryň wekilleri ýurdumyzyň Täjigistanda geçirilýän Medeniýet günlerine gatnaşýan ildeşlerimiz bilen mähirli salamlaşdylar. Olar türkmen däbine görä, myhmanlary milli sazlardyr we täsirli tanslar, milli tagam -- pişme bilen garşylaylar. Dabaranyň dowamynda Dusti raýonynyň dolandyryş edarasynyň wekilleri Ergeş Soltanow adyndaky daýhan birleşiginde mekdep gurmak başlangyjy we onuň gurluşygyna hut özüniň howandarlyk edýänligi üçin türkmen Liderine minnetdarlyk bildirdiler. Medeniýet öýüniň foýesinde kitap sergisi gurnaldy, onuň aglaba bölegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleridir, şeýle hem türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri, çagalar edebiýaty, ýurdumyz, onuň taryhy, arheologik we tebigy gözellikleri, häzirki güni barada gürrüň berýän habarlar maglumatlarydyr. Medeniýet öýüniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitaby bilen tanyşdyrylşyndan soňra Türkmenistanyň döredijilik işgärleriniň Hatlon oblastynyň bilim we medeniýet işgärleri bilen duşuşygyndan soň bolsa, türkmen-täjik dostlugy konserti boldy. Göz öňünde tutulan çäreler tamamlandan soň ýurdumyzyň wekilýetini türkmen ruhunda bolan toýa çagyrdylar. Türkmen artistleriniň ýerine ýetiren küştdepdisi ýaş çatynjalar, olaryň dogan-garyndaşlary we obadaşlary üçin ýakymly sowgat boldy.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow