Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri tamamlandy
Medeniýet
Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri tamamlandy
Çap edildi 07.03.2015
1475

Aşgabat, 7-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde geçirilen türkmen we eýran medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti döredijilik çäresiniň jemleýji bölegine öwrüldi. Giň gerimli medeni çäre hakyky dostluk we döredijilik baýramçylygyna öwrülip, özara düşünişmek, hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegine möhüm goşant boldy. Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri iki doganlyk halkyň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny täze mazmun bilen berkitmäge bolan egsilmez islegini beýan etdi. Türkmen we eýran halklary taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen birleşendir. Ozal habar berlişi ýaly, paýtagtymyz Aşgabada Eýrandan döredijilik ulgamynyň wekilleriniň uly topary, şol sanda medeniýet ulgamyna degişli edara--kärhanalaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, aýdymçy sazandalar, suratkeşler, halk senetleriniň ussatlary geldi. Bu kärdeşleriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga, tejribe alyşmaga we özara gatnaşyklary giňeltmäge ýardam etdi. Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde guralan duşuşyk medeniýet ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Hususan-da, duşuşygyň barşynda bilelikdäki döredijilik çärelerini guramakda täze çemeleşmeleri we däp-dessurlary utgaşdyrmagyň zerurdygy bellenildi. Eýranyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen çäreler aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny dostlukly halkyň dürli öwüşginli sungaty, onuň özboluşly däp-dessurlary, Eýranyň medeniýetde gazanan üstünlikleri bilen giňden tanyşdyrdy. Üç günüň dowamynda, 5-7-nji mart aralygynda paýtagtymyzda belli eýran aýdymçylarynyň we sazandalarynyň, meşhur toparlarynyň çykyşlary boldy, goňşy ýurduň kinolary görkezildi, häzirki zaman nakgaşlyk eserleriniň, foto suratlarynyň we amaly-haşam sungatynyň nusgalarynyň sergisi guraldy. Şeýlelikde, paýtagtymyzyň “Watan” kinokonsert merkezinde eýran döredijilik toparynyň çykyşlary guraldy. Olar doganlyk halkyň gadymy medeniýetiniň baýlygyny we gözelligini tomaşaçylara açyp görkezdi. “Aşgabat” kino merkezinde eýranly kinematografiýaçylar bilen duşuşyk kino sungatynyň muşdaklaryny diýseň begendirdi, şol ýerde soňky ýyllarda dürli žanrlarda surata düşürilen çeper filimler görkezildi. Medeni çäräniň jemleýji güni Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler zalynda dostlukly ýurduň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin öz işini dowam etdi. Sergide belli erýan suratkeşleriniň, foto suratçylarynyň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň—hatdatlaryň, miniatýuraçylaryň, haşamlaýjylaryň, halyçylaryň, agaç we daş ussalarynyň işleri görkezildi. Sergä gelen köp sanly adamlar pars şygryýetiniň nusgawy şahyrlarynyň eserlerini beýan edýän miniatýuralar, özboluşly heýkeller, hatdatçylyk sungatynyň nusgalary, ýazgylary çeper taýdan bezemek, gobelenler, milli lybaslar, dürli sowgatlyklar, goňşy ýurduň neşir önümleri, görnükli türkmen şahyrlarynyň we akyldarlarynyň dürli öwüşginli neşirleri we beýlekileri synladylar. Döredijilik forumynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde biziň myhmanlarymyz ýurdumyzyň Döwlet medeni merkeziniň muzeýiniň gymmatlyklary, Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri we türkmen paýtagtynyň beýleki gözellikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde guralan iki dostlukly ýurduň artistleriniň baýramçylyk konsertiniň maksatnamasyny türkmen we eýran artistleriniň çykyşlary düzdi. Oňa halk aýdymlary we sazlary, tanslar, milli we dünýä saz medeniýetiniň sahypalarynda uly yz galdyran kompozitorlaryň eserleri girdi. Artistler aýdymlardyr sazlaryň we tanslaryň üsti bilen milli medeniýetiň özboluşlylygyny, iki halka mahsus bolan mähirliligi we parasatlylygy beýan etdiler. Eýranyň medeniýet günlerine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we EYR-niň Prezidenti Hasan Ruhanä alyp barýan parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk, iki döwletiň arasyndaky özara peýdaly medeni gatnaşyklary giňeltmek babatda alyp barýan syýasatlary üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Goňşy ýurtlaryň halklary agzybirlikde we ylalaşykda ýaşaýarlar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan gumanitar ulgamyndaky gatnaşyklara dünýäniň ähli ýurtlary we halklary, şol sanda doganlyk eýran halky bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny saklamagyň möhüm görnüşi hökmünde garaýarlar.

Soňky habarlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine gatnaşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitindäki çykyşy
24.10
Türkmenistan howanyň üýtgemegi meselelerine yzygiderli gözegçilik etmäge çykyş edýär
24.10
Türkmenistan Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamany teklip etdi
24.10
Aşgabat halkara hyzmatdaşlykda öňüni alyş diplomatiýa gurallaryny işjeň ulanmagy goldaýar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti XVI BRIKS Sammitine gatnaşýar
top-arrow