Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasynda Medeniýet günleri
Medeniýet
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasynda Medeniýet günleri
Çap edildi 26.03.2015
1481

Ýerewan, 26-njy mart (TDH). Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri uly üstünlik bilen geçirilýär. Şu gün bu döredijilik çäresiniň çäklerinde Owanes Şarambeýan adyndaky Halk sungaty muzeýinde türkmen amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň hem-de neşir önümleriniň sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Muzeýe dostlukly ýurduň paýtagtynyň döredijiik işgärleriniň we jemgyýetçiligiň wekilleri, türkmen sungatynyň muşdaklary ýygnandylar. Türkmenistanyň Medeniýet günlerine žurnalistler – döwürleýin neşirleriň we Milli telewideniýäniň wekilleri uly gyzyklanma bildirýärler, olar öz makalalarynda dostluk we döredijilik forumynyň çäklerinde geçirilýän ähli çäreler barada okyjylara gürrüň berýärler. Türkmen sungatyny köpçülige äşgär etmek üçin dostlukly ýurduň iri medeni merkezleriniň biri bolan bu Muzeýiň saýlanyp alynmagy buýsançly ýagdaýdyr, onda ermeni amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň ajaýyp nusgalary saklanylýar we köpçülige görkezilýär. Bu muzeýiň gymmatlyklary 12000-e golaý eksponatdan ybarat bolup, köp dürlüligi bilen tapawutlanýar. Olaryň arasynda agajy timarlamak bilen döredilen eserler, metallary we daşlary çeper gaýtadan işlemek arkaly taýýarlanan önümler, halylar we haly önümleri, keşdeler, keramika, nakgaşlyk we heýkeltaraşlyk eserleri bar. Bu muzeý özüniň tutuş taryhynyň dowamynda ylmy-aň-bilim işleriniň özboluşly merkezine öwrüldi. Türkmenistanyň we Ermenistanyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary serginiň açylyş dabarasynda çykyş etmek bilen, sungat eserleriniň şu gezekki gözden geçirilişi türkmen sungat ussatlarynyň döredijiliginiň köp dürli taraplaryny açyp görkezmäge, ajaýyp sungat eserleriniň döredijilik ruhuny beýan etmäge mümkinçilik berýär we biziň medeniýetlerimiziň, halklarymyzyň sungatynyň kökleriniň örän ýakyndygyny nobatdaky gezek subut edýär. Biz täsin amaly –haşam sungatynyň nusgalaryny gözümiziň göreji ýaly gorap, geljekki nesillere ýetirmelidiris diýip bellemek bilen, çykyş edenler bu döredijilik çäresiniň halklarymyzyň arasyndaky däp bolan medeni gatnaşyklary has işjeň ýola goýmaga, dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Türkmen we ermeni halklaryny köp ýyllyk dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar, bu çäre bolsa medeniýet ulgamynyň wekilleriniň arasyndaky täze netijeli döredijilik gatnaşyklaryny has-da giňden ýola goýmaga itergi berer. Sergide ýaýbaňlandyrylan işleriň Türkmenistanda türkmen halkynyň maddy we ruhy mirasyny gorap saklamak meselelerine aýratyn uly üns berilýändigine şaýatlyk edýändigi bellenildi. Ýygnananlar döwlet Baştutanlaryna -- Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowe we Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýana, şeýle hem bu medeni çäräniň guramaçylaryna dostlukly türkmen we ermeni halklarynyň taryhy hem-de örän baý medeni mirasy barada has köp maglumatlary bilmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. Halk sungaty muzeýiniň zallarynyň birinde guralan sergide Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň we Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklary görkezilýär, olar milli medeniýetiň aýratyn ähmiýetli gymmatlyklary bolup, türkmen sungatynyň ösüşiniň dürli tapgyrlary barada aýdyň düşünje berýär. Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky ýörite çeprerçilik mekdebiniň okuwçylarynyň – ýaş suratkeşleriň diplom işlerinden hem-de olaryň mugallymlarynyň eserlerinden ybarat bolan sergi häzirki döwrüň türkmen sungatynyň ösüş derejesini görkezýär. Sergä gelenler bu ýerde gadymy milli lybaslary, ýaşaýyş-durmuş esbaplaryny, amaly- haşam sungatynyň asyl nusgalaryny uly gyzyklanma bilen synladylar, olar dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň ruhu we maddy medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Türkmen zergärleriniň täsin we köp öwüşgünli şaý-sepleri, meşhur türkmen halylarynyň nusgalary XIX – XX asyrlaryň çeper elli zenanlarynyň nagyşlary sergä gelýänlerde uly täsir galdyrdy, ol eserler türkmen medeniýetiniň we däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny açyp görkezýär. Gymmatlyklaryň her biri hiç wagt könelmeýän we ähmiýetini ýitirmeýän sungat gymmatlyklary hakynda çuňňur oýlanmaga çagyrýar. Bu ýerde türkmen bagşylarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan milli aýdym-sazlar çärä aýratyn öwüşgün çaýdy. Ýurdumyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergide görkezilýän gymmatlyklarynyň hatarynda türkmen şekillendiriş sungatynyň meşhur wekilleri Türkmenistanyň halk suratçylary Yzzat Gylyjowyň we Aýhan Hajýyewiň eserleri aýratyn täsir galdyrýar. Meşhur türkmen suratçylarynyň eserleri bilen bir hatarda sungat ýoluna täze gadam basan nakgaşçylaryň – ýurdumyzyň döredijilik ugurly okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň işleri hem bar, munuň özi milli sungat mekdebiniň dowamatly ösýändigini gjrkezýär. Sergä gelýänler häzirki wagtda netijeli döredijilik işlerini alyp barýan sungat ussatlarynyň eserleriniň dürli usullaryny, ugurlaryny we görnüşlerini açmaga mümkinçilik aldylar. Şeýle hem bu sergi türkmen halkynyň özboluşly döredijilik ýörelgelerine mahsus bolan medeni däp-dessurlary we häzirki zaman sungat ussatlarynyň döredijilik gözlegleri hakynda söhbet açýar. Aýratyn sergi bölümi Türkmenistanyň neşirýat işleriniň önümlerine bagyşlanýar, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işleri aýratyn orun eýeleýär, olaryň käbiri ermeni diline terjime edildi we ermeni okuyjylary olar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti, milli gymmatlyklarymyz – türkmen halylary we ahalteke bedewleri hakynda gürrüň berýän göwnejaý bezelen neşirler, ýurdumyzyň täsin ösümlik we haýwanat dünýäsine bagyşlanan, syýahatçylyk künjekleri barada gürrüň berýän kitaplar biziň ýurdumyz bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna gabatlanyp 2014-nji ýylda neşir edilen eserler hem bu ýerde görkezilýär. Şahyryň ermeni diline terjime edilen goşgulary dostlukly ýurduň okyjylarynyň beýik akyldaryň döredijiligi bilen giňden tanyşmaga ýardam berdi. Türkmen wekiliýetiniň agzalary şeýle hem Owanes Şarambeýan adyndaky Halk sungaty muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Häzirki zaman amaly-bezeg we şekillendiriş sungatynyň täsin gymmatlyklaryny aýawly saklamak we ösüş meýilleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalar boldy. Ertir Ýerewanyň ýaşaýjylary we myhmanlary Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisi bilen tanyşmagy dowam etdirip bilerler.

Soňky habarlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine gatnaşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitindäki çykyşy
24.10
Türkmenistan howanyň üýtgemegi meselelerine yzygiderli gözegçilik etmäge çykyş edýär
24.10
Türkmenistan Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamany teklip etdi
24.10
Aşgabat halkara hyzmatdaşlykda öňüni alyş diplomatiýa gurallaryny işjeň ulanmagy goldaýar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti XVI BRIKS Sammitine gatnaşýar
top-arrow