Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy
Medeniýet
Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy
Çap edildi 29.03.2015
1491

Ýerewan, 29-njy mart (TDH). Şu gün Ermenistanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Bu döredijilik çäresi ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de 2015-nji ýylyň Türkmenistanda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan gala-konserti bilen jemlendi. Döredijilik çäresi dostlugyň ajaýyp baýramçylygyna öwrülip, iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi, özara düşünişilmegini we ynamy pugtalandyrmagy maksat edinýändigini tassyklady. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Ýerewanda, şeýle hem Wanadzor we Gümri şäherlerinde geçirilen köp sanly çäreler dostlukly ýurtlaryň medeni-gumanitar gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi, onuň köpugurly bolmagyny hem-de täsirli many-mazmun bilen has-da baýlaşdyrylmagyny maksat edinýändigini görkezdi. Şunuň bilen baglylykda türkmen wekiliýetiniň Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginde, Şirak oblastynyň we Gümri şäheriniň häkimliklerinde duşuşyklarynyň täsirli geçendigini aýtmak gerek. Şol duşuşyklaryň barşynda, dostlukly halklaryň maddy we ruhy mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek we wagyz etmek boýunça pikir alşyldy. Ermenistanyň medeniýet ulgamynyň wekillerine şu ýylda Türkmenistanda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreler, şeýle hem halkara ylmy forumlar we festiwallar barada jikme-jik gürrüň berlip, dostlukly ýurduň ylym we medeniýet işgärleri bu çärelere gatnaşmak üçin çagyryldy. Türkmen wekiliýetiniň keramatly Mesrop Maştos adyndaky “Matenadaran” gadymy golýazmalar ylmy-barlag institutyndaky muzeý eksponatlary we rejeleýiş işleriniň geçirilişi bilen tanyşdyrylmagy halkyň ruhy mirasyny aýawly saklamak boýunça tejribe alşylmagyna ýardam berdi. Ýerewanda Owanes Şaranbeýan adyndaky milli sungat muzeýinde guralan türkmen amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň, neşir önümleriniň sergisi uly gyzyklanma döretdi. Ýurdumyzyň döredijilik toparynyň Gümri we Wanadzor şäherlerine saparlary, kärdeşleriň duşuşyklary hem türkmen medeniýetiniň, halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň we adatlarynyň giňden wagyz edilmegine ýardam berdi. Türkmen artistleriniň çykyş etmegi üçin Gümri we Wanadzor şäherleriniň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däldir. 13 asyrdan gowrak taryhy bolan Gümri ýurduň medeni paýtagty hasaplanýar. Bu ýeriň ýaşaýjylary Gümri şäheriniň XIX asyrdan bäri şahyrlaryň we bagşylaryň, senetleriň we sungatlaryň şäheri hem-de ermeni wäşileriniň merkezi diýlip hasaplanýandygyny myhmanlara buýsanç bilen gürrüň berýärler. Ýeri gelende aýtsak, 2013-nji ýylda gadymy Merwiň mirasdüşeri — Mary şäheri Ermenistanyň Gümri şäherine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna goşulýan ýurtlaryň medeni paýtagty diýen derejäni geçirdi. Irki döwürlerden bäri Wanadzor çeper sözüň ussatlarynyň şäheri diýlip hasaplanýar. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerindäki ähli çäreler bu ýurduň paýtagtynyň we sebitleriniň ýaşaýjylarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döretdi. Bu çärelere köp adamlar gatnaşyp, özboluşly we joşgunly ýagdaýda geçdi. Döredijilik forumynyň jemleýji gününde-de hut şeýle boldy. Agşamsyna Ýerewanda A.Poronýan adyndaky Döwlet sazly komediýa teatrynda Ermenistan Respublikasynyň medeniýet ulgamynyň, Ýerewandaky diplomatik wekilhanalaryň, şäheriň giň jemgyýetçiliginiň wekilleri— türkmen sungatynyň şu günlerde sany has-da artan muşdaklary ýygnandylar. Forumyň ýapylyş dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň göwnejaý we täsirli geçirilendigi bellenildi. Döredijilik toparlary täze, sazlaşykly ösýän Türkmenistan, onuň özboluşly medeniýeti we sungaty bilen täsirli we ýokary derejede tanyşdyrdylar, munuň özi çäreleri baýramçylyga mahsus bolan göwnaçyk ýagdaýda geçirmäge ýardam berdi. Ýygnananlar Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa we Serž Sargsýana Türkmenistanda we Ermenistanda dostlukly iki halkyň Medeniýet günlerini geçirmek baradaky başlangyjyň göwnejaý amala aşyrylandygy üçin hoşallyk bildirdiler. Soňra Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň konserti boldy. Türkmen artistleriniň märekä hödürlän döredijilik çykyşlarynda dünýäniň we milli nusgawy sazyň genji-hazynasyna goşulýan eserler, halk aýdym-sazlary, folklor kompozisiýalary we häzirki zaman estrada aýdymlary ýaňlandy. Tomaşaçylar türkmen bagşylarynyň döredijilik usulynyň täsin galdyrýandygyna, “Serpaý” folklor-etnografiýa toparynyň ýerine ýetirmeginde folklor sahnalarynyň özboluşlylygyna, “Läle” toparynyň aýdymçylarynyň labyzly aýdym aýtmagyna, “Şirin owaz” toparynyň sazly çykyşyna, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň sözlerine düzülip aýdylan aýdymlara, şeýle hem meşhur türkmen kinofilmlerinden alnan aýdym-sazlara ýokary baha berdiler. Tomaşaçylar ermeni aýdymyny ýerine ýetiren aýdymçynyň çykyşyny has-da mähirli garşyladylar. “Küştdepdi” atly gadymy türkmen tansynyň täsirli owazlary bolsa türkmenleriň gadymy taryhyny ýatlatdy, mälim bolşy ýaly, taryhyň dowamynda iki halk özara ysnyşykly gatnaşyk saklapdylar. Döredijilik agşamyndaky çykyşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan “Ýaşa, Arkadag!” atly aýdym bilen jemlendi, häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazanýan uly üstünlikleri hut döwlet Baştutanymyzyň ady bilen baglanyşdyrylýar. Bu aýdym ýaňlananda dostlugyň we döredijidigiň ýakymly we täsirli baýramçylygyna öwrülen konserte gatnaşanlaryň ählisi sahna çykdylar. Ermenistanly dostlarymyza türkmen sungatynyň haýran galdyrýan we täsirli dünýäsini, halkymyzyň kalbynyň baýlygyny we giňligini äşgär edýän türkmen artistleriniň we medeniýet işgärleriniň adyna ýakymly sözler aýdyldy. Medeniýetleriň gepleşiginiň şunuň ýaly belent maksatlaryna ýetmek üçin müňlerçe kilometrlik ýol aşyp, adamlara ýer ýüzündäki mähirli öwüşginleri, halkymyzyň zehinini we gözelligini, onuň parahatçylygy we dostlugy maksat edinýändigini äşgär etmek asylly işdir. Şol gün agşam “Türkmenstan Ermenistanyň çagalarynyň nukdaý nazary bilen” atly bäsleşiginiň ýeňijilerini we oňa gatnaşyjylary sylaglamak dabarasy boldy. Bu çäre Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan türkmen bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanyp guraldy.

Soňky habarlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine gatnaşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitindäki çykyşy
24.10
Türkmenistan howanyň üýtgemegi meselelerine yzygiderli gözegçilik etmäge çykyş edýär
24.10
Türkmenistan Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamany teklip etdi
24.10
Aşgabat halkara hyzmatdaşlykda öňüni alyş diplomatiýa gurallaryny işjeň ulanmagy goldaýar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti XVI BRIKS Sammitine gatnaşýar
top-arrow