Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Intellektual eýeçilik ulgamynda halkara okuw maslahaty
Jemgyýet
Intellektual eýeçilik ulgamynda halkara okuw maslahaty
Çap edildi 09.10.2018
2182

Şu gün “Arçabil” myhmanhanasynda “Uniwersitetlerde we ylmy-barlag institutlarynda intellektual eýeçilik syýasaty” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Maslahat Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy (BIEG) tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet intellektual eýeçilik gullugy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Foruma Ylymlar akademiýasynyň, Tehnologiýalar merkeziniň, Himiýa ylmy-barlag institutynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň wekilleri hem-de halkara bilermenler, BIEG-iň, Oksford uniwersitetiniň hem-de Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu waka mynasybetli Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň uly wekiliýeti Aşgabada geldi. Bu guramanyň 50 ýyldan gowrak taryhy bardyr we şu ulgamda esasy halkara konwensiýalaryny döretmek bilen meşgullanýar. Häzirki döwürde BIEG-e dünýäniň 190-dan gowrak ýurdy, şol sanda Türkmenistan girýär. Okuw maslahatynda garalan esasy meseleler BIEG-iň işi we innowasion ösüşi goldamak babatda soňky özgerişlikler, şunda intellektual eýeçiligiň orny, Türkmenistanyň uniwersitetlerinde hem-de ylmy-barlag edaralarynda intellektual eýeçilik ulgamynda durmuşa geçirilýän syýasat bilen bagly boldy. Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň geçiş we ösýän ýurtlar boýunça departamentiniň direktorynyň orunbasary Jowanni Napolitano forumda çykyş edip, Türkmenistanyň sazlaşykly we elýeterli halkara ulgamyny ösdürmek boýunça halkara syýasatyna işjeň goşulyşmak bilen, döredijilik işini, innowasiýalary höweslendirýändigini hem-de jemgyýetiň bähbitlerine ykdysady ösüşe saldamly goşant goşýandygyny belledi. Ýurduň ösen ykdysadyýetini kemala getirmek innowasiýalary we degişlilikde, intellektual eýeçiligi ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar diýip, myhman belledi. Şu günki duşuşyk diňe bir uniwersitetlerde we ylmy-barlag edaralarynda däl, eýsem, milli derejede hem intellektual eýeçiligiň hukuklaryny kemala getirmegiň hem-de netijeli dolandyrmagyň ýolunda ýene-de bir möhüm ädime öwrülmelidir. Maslahatyň çäklerinde BIEG-niň soňky ýyllardaky işi, innowasion işde intellektual eýeçiligiň orny, Türkmenistanyň uniwersitetlerinde we ylmy-barlag edaralarynda intellektual eýeçilik ulgamynda syýasat bilen baglanyşykly tanyşdyryş çäreleri guraldy. Mundan başga-da, forumyň çäklerinde tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler guraldy. Şolarda bu syýasaty işläp taýýarlamagyň ýollary, sebitde intellektual eýeçiligi goramak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň barşynda oňa gatnaşyjylar sebit hyzmatdaşlygynyň uly kuwwatyny bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan 2011 — 2030-njy ýyllar üçin durmuş-ykdysady ösüşiň milli maksatnamasy babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine oňyn baha berdiler. Okuw maslahatynyň ikinji gününde ýurdumyzyň uniwersitetleriniň hem-de ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri bilen maslahatlaşmalar geçiriler. Olar intellektual eýeçilik syýasaty ulgamynda halkara ülňülerini ulanmakda öz tejribesini paýlaşarlar. Ertir “Uniwersitetlerde we ylmy-barlag institutlarynda intellektual eýeçilik syýasaty” atly halkara okuw maslahaty öz işini tamamlar. Medeni maksatnamanyň çäklerinde Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň wekiliýeti hem-de beýleki daşary ýurtly myhmanlar Halkara atçylyk sport toplumyna baryp görerler hem-de atçylygyň we at üstündäki oýunlaryň milli däpleri bilen tanşarlar.

Soňky habarlar
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
top-arrow