Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy
Medeniýet
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy
Çap edildi 10.04.2015
2738

Aşgabat, 10-njy aprel (TDH). Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly biraýlyk giň gerime eýe bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň köpsanlysyny dürli sport, bedenterbiýe hem-de medeni-köpçülikleýin çärelere çekýär. Şu gün Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Awtoulag merkezinde sporty söýýänler, saglygyna sarpa goýýanlar hem-de sport ussatlygynyň belentliklerine ymtylýanlar üçin belli aýdymçylaryň we sazandalaryň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti guraldy. Çäräniň maksatnamasyna türgenleriň görkezme çykyşlary hem girdi. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly başlangyçlary netijesinde türkmen jemgyýetinde beden, ahlak we ruhy sagdynlygyň üznüksizligi kemala geldi. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň adamlary jebisleşdirip, zyýanly endiklere garşy göreşmäge we türkmenistanlylaryň, ozaly bilen ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi üçin amatly şertleri döretmäge ýardam edýändigini ynamly aýtmak bolar. Milletiň beden we ruhy sagdynlygy hakynda alada Garaşsyz Bitarap, Türkmenistanyň “Döwlet adam üçindir!” diýen esasy ýörelgesini durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işleriň möhüm bölegidir. Konsertde ajaýyp sport çykyşlary bilen utgaşan watançylyk aýdymlary, sporta, ene topragymyza, söýgä hem-de ylhama bagyşlanan estrada aýdymlarydyr sazlary ýaňlanyp, gözelligiň we sagdynlygyň özboluşly senasyna öwrüldi. Döredijilik baýramçylygy işjeňlik, ruhubelentlik, sporta höwes, durnuklylyk we ýeňşe bolan erk ýaly häsiýetleri terbiýeleýän sportuň her bir adam üçin näderejede möhümdigini aýdyň görkezdi.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow