Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistan—Gyrgyz Respublikasy: dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklary ösdürilýär
Medeniýet
Türkmenistan—Gyrgyz Respublikasy: dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklary ösdürilýär
Çap edildi 24.05.2015
2373

Bişkek, 24-nji maý (TDH). Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň A.Maldybaýew adyndaky Akademiki opera we balet teatrynyň uly zalynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Onda iki dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti guraldy. Üç günüň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary gyrgyzy halkyny özboluşly türkmen saz sungaty, häzirki zaman aýdymlary, amaly-haşam sungatynyň nusgalary, milli şaý-sepler, haly önümleri, ussat we ýaş suratkeşleriň ajaýyp eserleri bilen tanyşdyrdylar. Medeniýet günleriniň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, maglumatlar we syýahatçylyk ministrliginde türkmen wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi, onda dostlukly ýurtlaryň medeniýet hem-de sungat işgärleri ynsanperwerlik ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri bilen baglanyşykly wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar, Özara medeniýet günleri ýaly çäreleriň geçirilmegi hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine oňyn ýardam edýär. Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki uly konserti şu gezekki iri möçberli çäräniň özboluşly ajaýyp jemlemesi boldy. Resmi adamlar we hormatly myhmanlar, doganlyk gyrgyz halkynyň medeniýet işgärleri we sungat ussatlary konserte tomaşa etdiler. Ýygnananlara medeniýet, maglumatlar we syýahatçylyk ministriniň orunbasary B.Sekimow gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol şu döredijilik forumyny jemläp, türkmen artistleriniň ýokary ussatlygyny belledi, üstünliklere beslenen bu ynsanperwerlik baýramynyň Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny we oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant boljakdygyny nygtady. Jemleýji konsertiň maksatnamasyna türkmen artistleriniň çykyşlary girizildi, olaryň her biri ýokary ussatlygyny görkezdi. Gyrgyz Respublikasynyň sungat ussatlarynyň çykyşlary hem dostluk konsertine aýratyn öwüşgin çaýdy. “Ak Maral” Döwlet tans toparynyň tansçy gyzlary ýerine ýetiren tanslary bilen ähli döwürler we halklar üçin çäksiz gymmatlyklar bolan Watana we mähriban tebigata söýgini wasp etdiler. “Kambarkan” folklor-etnografiýa topary öz sazly çykyşlarynda ata-babalarynyň gadymy hekaýatlaryny gaýtadan dikeldip, öz halkynyň milli däp-dessurlaryny geljekki nesiller üçin aýawly saklamaga çagyrdylar. “Näzli” tansçylar toparynyň çykyşlary köp sanly tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Olaryň tansy ýaşlygyň we durmuş gözelliginiň özboluşly alamatyna öwrüldi. “Laçyn” folklor toparynyň çykyşy hem şeýle üstünliklere beslendi. Bilelikdäki uly konsert däp bolan “Küştdepdi” türkmen halk tansy bilen tamamlandy, ol türkmen we gyrgyz artistlerini bir ýere jemledi. Beýik şahyrlaryň we alymlaryň, meşhur “Görogly” we “Manas” gahrymançylykly dessanlaryň mirasdüşerleri bolan doganlyk halklaryň wekilleri parahatçylyk we dostluk, myhmansöýerlik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini wasp etdiler. Opera we balet teatrynyň sahnasyndan belent ýaňlanan “Arkadag” atly çykyşyň ýerine ýetirilmegi bilen bilelikdäki konsert jemlenildi. Şeýlelikde, şu gün Gyrgyz Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli tamamlandy. Bu çäre iki doganlyk halkyň ruhy-medeni baýlygyny artdyrmaga gönükdirilen türkmen-gyrgyz dostluk gatnaşyklarynyň özboluşly beýanyna öwrüldi.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow