Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Gadymy Merw — türki dünýäsiniň medeni merkezi
Medeniýet
Gadymy Merw — türki dünýäsiniň medeni merkezi
Çap edildi 28.05.2015
2686

Mary, 28-nji maý (TDH). Şu gün Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda “Gadymy Merw — türki dünýäsiniň medeni merkezi” atly halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Bu maslahat Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň çäklerinde geçirilýär. Foruma gatnaşmak üçin bu ýere Türkiýäniň, Russiýa Federasiýasynyň (Tatarystan, Başkortostan), Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Makedoniýanyň we beýleki ýurtlaryň edebiýatçylary, medeniýeti we sungaty öwrenijileri, taryhçylary, arhitektorlary, arheologlary we medeni-gumanitar ulgamynyň beýleki wekilleri geldiler. Drama teatrynyň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançada myhmanlary onuň artistleri garşylap, edebi — sahna kompozisiýasy bilen çykyş etdiler. Türkmen halkynyň taryhyna aýdyň sahypalary ýazan meşhur şahsyýetler şol kompozisiýanyň gahrymanlary boldular. Teatryň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergide foruma gatnaşyjylara amaly-haşam sungatynyň eserleri, owadan şaý-sepler, häzirkizaman türkmen suratkeşleriniň suratlary görkezildi. Serginiň kitap bölümi bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Onuň esasyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri — milli baýlygymyz bolan ahalteke bedewleri, gözelligi we hili babatda haýran galdyrýan halylar, Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň melhemlik häsiýetleri barada gürrüň berýän kitaplary, şeýle hem gadymy döwürlerden bäri biziň günlerimize çenli Mary welaýatynyň durmuşy barada gürrüň berýän ylmy-köpçülikleýin edebiýat goýlupdyr. Maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş eden alymlar türkmen topragynda şeýle iri halkara forumynyň geçirilmeginiň türkmen halkynyň medeniýeti, däp-dessurlary, sungaty baradaky bilimleri has-da giňeltmäge mümkinçilik berjekdigini nygtadylar. Munuň özi milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda örän gysga döwrüň içinde döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ulgamlarynda okgunly ösüş gazanyp, uly halkara abraýyna eýe bolmagy başaran döwlet hökmünde Türkmenistana dünýä bileleşiginiň gyzyklanmasynyň artýandygy bilen şertlendirilendir. Daşary ýurtlaryň ylmy toparlarynyň wekilleri medeni mirasyny aýawly saklamakda tejribe alyşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, dünýäniň dürli sebitlerinde ýaşaýan türki halklaryň bitewi etniki, ruhy we taryhy kökleri bilen birleşendigini we olaryň häzirki döwürdäki gatnaşyklarynyň gadymy medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýändigini bellediler. Umumy mejlisden soňra maslahata gatnaşyjylar mowzuklaýyn bölümlerde işlemegi dowam etdiler. Bu maslahatlar Mary welaýatynyň kitaphanasynda hem-de taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde geçirildi. Bu muzeý iň täsin gymmatlyklaryň saklanýan ýeri hökmünde diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem onuň çäklerinden daşda hem uly meşhurlyga eýe boldy. Şol gymmatlyklaryň arasynda köpsanly arheologiki tapyndylar hem bar. Olaryň aglabasy gadymy Marguş ýurdunyň gymmatlyklarydyr. Bu zatlaryň köpüsiniň ýaşy dört müň ýyldan hem geçýär. Häzirki wagtda muzeýiň gaznalarynda gymmatlyklaryň 40 müňden gowragy — türkmen halkynyň taryhynyň, medeniýetiniň we sungatynyň ýadygärlikleri saklanýar. Muzeýiň bölümlerinde gadymy milli lybaslar, ajaýyp halylar, senetçileriň kümüşden ýasan şaý-sepleri, birmahallar gülläp ösen siwilizasiýalaryň ýerinde arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan gadymy medeniýetiň genji-hazynalary, öý goşlary, ülkäniň taryhy baradaky resminamalar we beýleki zatlar hem bar. Bölümleriň mejlislerinde Gadymy Merwiň taryhyna degişli çykyşlar edildi. Şäher gurluşygynyň özboluşly keşbi we milli öwüşginlere eýe bolan döwründäki binagärlige uly üns berildi. Şol döwürde bu ýerdäki binalaryň käbiri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän beýleki ýurtlardaky desgalaryň umumy keşbine meňzeş bolupdyr. Munuň özi Marguşyň Hindistan, Hytaý, Mesopotamiýa, Müsür we beýleki döwletler bilen işjeň hem-de medeni gatnaşyklarynyň ösendigine şaýatlyk edýär. Çykyş edenler golýazma çeşmeleri, esasan hem şol döwürde, kada bolşy ýaly, arap we pars dillerinde ýazylan golýazmalary barada gyzykly maglumatlary getirdiler. Bu kitaplarda Maryda ýaşap geçen, Gündogaryň köp ýurtlarynda meşhur bolan beýik alymlaryň — astronomlaryň, matematikleriň, fizikleriň, dilçileriň we edebiýatçylaryň, taryhçylaryň atlary ýatlanylýar. Agşam teatryň sahnasynda türki ýurtlaryň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti boldy. Sahnada Türkiýeden gelen aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Ýunus Emräniň eserleri boýunça gündogar aýdymlary, şeýle hem häzirkizaman we folklor türkmen aýdymlary we sazlary ýaňlandy. Olar türkmen halkynyň geçmişini häzirki güni bilen baglanyşdyrýar. Ertir, forumyň işiniň jemleýji gününde maslahata gatnaşyjylar “Gadymy Merw” döwlet taryhy medeni goraghanasyna baryp görerler. Bu goraghananyň täsin ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi we bütin dünýäniň alymlarynyň, şeýle hem dünýä siwilizasiýasynyň gadymy merkezleriniň birini öz gözleri bilen görmek üçin ýurdumyza gelýän jahankeşdeleriň we syýahatçylaryň üns merkezinde durýar.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow