Baş sahypa
\
Medeniýet
\
«Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň ХII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat
Medeniýet
«Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň ХII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat
Çap edildi 02.10.2018
2430

Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň ХII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň dabaraly açylyşy boldy. Ulgamyň baş forumynyň guramaçylary bolup, Türkmen döwlet neşirýat gullugy we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, ýurdumyzyň we dünýäniň çap önümleri senagatynyň üstünliklerini we gazananlaryny görkezmäge gönükdirilen bu kitap maslahatyny geçirmekde baş maksat kitaplary çap etmek we çaphana, dünýäniň ähli halklarynyň toplan medeni we taryhy mirasynyň özara baýlaşdyrylmagy ugrunda giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barmakdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” syýasaty — Ýer ýüzüniň ähli gyzyklanýan döwletleri bilen parahatçylykly we netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmak strategiýasy netijesinde Türkmenistan ählumumy maglumat giňişligine okgunly girýär. Milli kitap çap etmek işiniň ýokary derejeliligi, poligrafiýa ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň we maýa goýumlaryň çekilmegi hemişe kitabyň köp okalýan we ylma ýokary baha berilýän ýeri bolan biziň ýurdumyza öz neşir edýän dürli görnüşli edebiýat we beýleki çaphana önümleri bilen dünýäniň neşirýat bazarynyň işjeň gatnaşyjylarynyň hataryna girmäge mümkinçilik berdi. Häzirki forum hem Watanymyzyň daşary ýurtlary bilen köptaraply hyzmatdaşlygy okgunly alyp barmagyň aýdyň mysalyny görkezip, dünýä jemgyýetçiliginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistana, halkymyzyň baý milli mirasyna, onuň ajaýyp medeniýetine we sungatyna bolan barha artýan gyzyklanma şaýatlyk edýär. Ak mermerli paýtagtymyzda geçýän neşir önümleriniň ХII halkara kitap sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahata dünýäniň 20 ýurdunyň çaphana senagatynyň, işewür we edebiýat toparlarynyň wekilleriniň 150-si geldi. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Fransiýadan, Koreýadan, Polşadan, Eýrandan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlaryndan 100-e golaý neşirýat öýleriniň we poligrafiýa kärhanalarynyň, enjamlary öndüriji kompaniýalaryň, söwda firmalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň bähbitlerine wekilçilik edýän ýolbaşçylar, esasy hünärmenler — işläp taýýarlaýjylar, seljerijiler, menejerler bar. Wekiliýetleriň düzüminde belli ýazyjylar we şahyrlar, terjime ussatlary, alymlar, suratkeşler, žurnalistler, şeýle hem bu ulgamdaky iri ylym-bilim düzümleriniň wekilleri bar. Döredijilik toparlary bu günki waka aýratyn öwüşgin berip, kitap gözden geçirilişine gatnaşyjylary we myhmanlaryny ajaýyp sazlar bilen garşyladylar. Forumyň dabaraly açylyşyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ylym we medeniýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynyň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda türkmen halky umumadamzat ösüşine şöhratly taryhy, edebi mirasy, sungat, ylym-bilim babatda dünýä meşhur şahsyýetleri, olaryň döreden ölmez-ýitmez eserleri bilen aýratyn goşant goşan milletdir diýlip nygtalýar. Milli Liderimiziň öz Gutlagynda belleýşi ýaly, barha ösýän döwür neşirýat-çaphana ulgamynyň işgärleriniň öňünde täze wezipeleri goýýar. Çeper bezelen, ýokary hilli çuň many-mazmunly ajaýyp eserleri we beýleki neşir önümlerini çap etmek, syýasatda, ykdysadyýetde we halk hojalygynyň ähli pudaklarynda bolup geçýän täzelikleri, dünýä habarlaryny halk köpçüligine takyk we öz wagtynda ýetirmek bu ulgamda zähmet çekýänleriň esasy borjudyr. Döwlet Baştutanymyz neşirýat ulgamyna dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmegiň zerurdygyny nygtap, häzirki sergi-ýarmarkada bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň gazananlaryny we ösüşini görkezmek üçin ähli şertleriň dörediljekdigine ynam bildirdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe neşirýat-çaphana ulgamy ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň iň möhüm ynsanperwer düzüminiň biridir. Milli Liderimiziň aladasy netijesinde esasy dünýä önüm öndürijileriniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we enjamlaryny ornaşdyrmak ýurdumyzyň häzirki zaman neşirýat önümçiliginiň häsiýetli aýratynlygyna öwrüldi. 2015-nji ýylda Türkmen Döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat öýüniň täze toplumynyň işe girizilmegi bilen bu ulgam kuwwatly mümkinçilige eýe boldy. Köp dillere terjime edilen kitaplaryň we döwürleýin neşirleriň, çaphana önümleriniň täzeçil nusgalarynyň giň gerimli sergisi gazanylan üstünlikleriň hem-de şol bir wagtda medeni we işewürlik gatnaşyklarynyň giňeldilmegini höweslendirmegiň, hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini kesgitlemegiň hakyky görnüşine öwrüldi. Häzirki wagtda iri döwlet kärhanalary hem-de hususy kompaniýalar ýurdumyzyň neşirýat senagatynyň uly mümkinçiliklerini görkezýärler. Göwnejaý bezelen surat albomlary, okuw kitaplary, türkmen we dünýä nusgawy edebiýatynyň eserleri, şol sanda çagalar üçin kitaplar, žurnallar, dürli reňkli surat toplumlary aýratyn bezegi bilen hem özüne çekýär. Bu gymmatlyklar ulgamda öňden gelýän hyzmatdaşlarymyzyň hem, şeýle-de milli kitap-neşir işi bilen ilkinji gezek tanyşýanlaryň hem ykrarnamasyna eýe bolýar. Merkezde ýerleşdirilen diwarlyk sergä gelýänleriň aýratyn ünsüni çekdi, bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň galamynyň astyndan çykan eserler görkezildi. Olaryň hatarynda “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomluk neşir, “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly oňat bezelen kitap hem-de ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly meşhurlyga eýe bolan milli Liderimiziň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” we “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitaplary bar. Ylym-bilim beriş derejesi, çaphana önümleriniň adatça çuňňur many-mazmunlylygy şu gezekki Aşgabat kitap sergisiniň esasy aýratynlygydyr. Köp dürli ylym, okuw-bilim, çagalar, çeper edebiýaty, sungat we taryh boýunça kitaplar, görkezme gollanmalary, kartografiýa neşirleri we surat albomlary döwlet düzümleriniň hem-de ylym-bilim merkezleriniň, neşirýat öýleriniň we dünýäniň köp sanly ýurtlarynyň söwda kärhanalarynyň diwarlyklarynda görkezilýär. Günüň ikinji ýarymynda “Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda ylmy maslahat geçirildi. Maslahata neşirýat işgärleri, ýokary okuw mekdepleriň wekilleri, kitaphana işgärleri, çaphana önümçiligi boýunça hünärmenler, edebiýatçylar we žurnalistler gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda neşirýat pudagynyň gazananlary, kitap we beýleki çaphana önümleriniň önümçiligine iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň tejribesi bilen tanyşdylar. Gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalaryň dowamynda ugurdaş düzümleriň arasynda, şol sanda neşirýat we çaphana işiniň, terjimeçilik işiniň hünärmenlerini taýýarlamak, kitaphanalaryň arasynda hyzmatdaşlyk we döredijilik alyşmalary babatynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra Söwda-senagat edarasynda türkmen we daşary ýurt ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” eseriniň ikinji kitabyna hem-de “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitabyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly täze kitabynda bu gadymy kerwen ýoluna täsin taryhy-medeni hadysa hökmünde garalýar. Döwlet Baştutanymyz anyk maglumatlaryň, ygtybarly resmi çeşmeleriň, arheologiýa we binagärlik ýadygärlikleriniň, şeýle-de gabat gelýän arhiw fotosuratlaryň, etnografiýa maglumatlaryň ylmy taýdan içgin seljerilmegi usulynda ýurdumyzyň esasy hereketlendiriji güýç hökmündäki ornuna hem-de onuň adamzadyň ösüş taryhyna ägirt uly täsirini ýetiren Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hökmünde merkezi birleşdiriji halka öwrülmegine düýpli baha berýär. “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” kitabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ejesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly hakynda gürrüň berýär. Kitapda türkmenleriň zandyna guýlan hem-de hemmetaraplaýyn düşünjeli, watançy raýaty terbiýelemegiň binýady bolup durýan ene-atanyň we çagalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň esaslary içgin seljerilýär diýip, döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar nygtadylar. Ertir “Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň ХII halkara kitap sergi-ýarmarkasy öz işini dowam eder. Forumyň baý mazmunly maksatnamasy, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary boýunça döredijilik duşuşyklaryny, “Ertekiler ýurduna syýahat”, “Terjimeçilik sungaty” atly eserler boýunça söhbetdeşligi, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçirilýän ýylda neşir edilen milli mirasymyz baradaky kitaplary öz içine alýar.

Soňky habarlar
23.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna ugrady
23.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
23.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady
23.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
22.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
2024-nji ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
21.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow