Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Halklaryň arasyndaky medeni-ruhy gatnaşyklary ösdürmegiň bähbidine
Medeniýet
Halklaryň arasyndaky medeni-ruhy gatnaşyklary ösdürmegiň bähbidine
Çap edildi 29.05.2015
2138

Mary, 29-njy maý (TDH). Şu gün Mary welaýatynyň merkezinde “Gadymy Merw—türki dünýäsiniň medeni merkezi” atly halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady. Welaýat kitaphanasynyň maslahatlar zalynda onuň ýapylyş dabarasy boldy. Dabarada bu möhüm forumyň işiniň jemleri jemlendi. Günüň birinji ýarymynda gadymy türkmen şäheri bolan Marynyň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan deilmegine bagyşlanan çäreleriň çäklerinde geçirilen maslahata gatnaşyjylar “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördüler. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde Beýik Seljuklar döwletiniň iň soňky hökümdary Soltan Sanjaryň kümmeti ýerleşýär. Bu kümmet Gadymy Merwiň beýik binagärlik ýadygärligi hem-de XII asyr türkmen binagärliginiň merjeni hasaplanylýar. Mawzoleý zyýaratçylaryň müňlerçesiniň gelýän ýerine öwrüldi, şeýle hem daşary ýurtly syýahatçylaryň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. Taryhy-medeni goraghana toplumyna Uly Gyzgala we Kiçi Gyzgala ýadygärlikleri hem girýär. Olaryň anyk ýaşy belli bäldir, ýöne, hünärmenler bu ýadygärlikler VI asyrdan XII asyra çenli döredilipdir diýip hasaplaýarlar. Ýagny, bu gadymy türkmen galalary tutuş müňýyllygyň wakalarynyň şaýatlary bolupdyr. Olar palçykdan gurlan beýik diwarly galalardyr. Bu galalar orta asyr türkmen binagärligiň aýdyň alamatlarydyr. Häzirki wagtda olarda ýadygärlikleri dikeltmegiň halkara kadalaryna laýyklykda meýilleşdirilen bejeriş-abatlaýyş işleri alnyp barylýar. Şol kadalar bolsa ÝUNESKO-nyň medeni we tebigy mirasy aýawly saklamak baradaky Konwensiýasynda öz beýanyny tapýar. Goraghananyň çäginde ylmy foruma gatnaşyjylary milli lybasly gyzlar däp bolan türkmen süýjülikleri we nag-nygmatlary bilen garşyladylar. Bu ýerde myhmanlar üçin türkmen durmuşyny şöhlelendirilýän özboluşly uly bolmadyk etnografiki sergi guraldy. Myhmanlar zenanlarymyzyň tamdyrda çörek bişirişlerine, şeýle hem meşhur pişmäniň taýýarlanylyşyna uly gyzyklanma bilen syn etdiler. Sazandalar gopuzda saz çalyp, ussat zenanlar bolsa özleriniň döreden ajaýyp nagyşlaryny görkezip, dabara özboluşly öwüşgin çaýdylar. “Gadymy Merw-türki dünýäsiniň medeni merkezi” atly halkara ylmy maslahatyň jemini jemläp, oňa gatnaşyjylar şeýle halkara ylmy maslahatlaryň taryhy we dili umumy bolan halklary ýakynlaşdyrýandygyny, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýändigini, doganlyk halklaryň medeni we ruhy mirasyny giňden wagyz etmekde möhüm orun eýeleýändigini bellediler. Forumyň daşary ýurtly gatnaşyjylary – dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen medeni-gumanitar ulgamyň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli gymmatlyklary aýawly saklamaga uly üns berýändigi, halklaryň arasyndaky gumanitar gatnaşyklary ösdürmäge goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ylmy maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini bellediler. Bu maslahat halklaryň arasyndaky medeni we ruhy gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant boldy.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow