Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
Jemgyýet
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
Çap edildi 27.09.2018
5799

Türk­me­nis­tan­da baş döw­let baý­ra­my — Ga­raş­syz­lyk gü­ni uly we köpöwüş­gin­li da­ba­ra­lar bi­len bel­le­nil­di. Bu baý­ram­çy­lyk il­deş­le­ri­mi­ziň äh­li­si üçin eziz Wa­ta­ny­my­zyň yk­ba­lyn­da tä­ze ta­ry­hy eý­ýa­myň baş­lan­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Bu eý­ýam bol­sa ägirt uly üs­tün­lik­le­re, äh­li ul­gam­lar­da düýp­li öz­gert­me­le­re bes­len­di. Ine, in­di 27 ýyl­dan bä­ri ag­zy­bir türk­men hal­ky ata-ba­ba­la­ry­my­zyň mäh­ri­ban top­ra­gyn­da pa­ra­hat­çy­lyk­ly we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şap hem-de dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çe­kip, şöh­rat­ly ata-ba­ba­la­ry­my­zyň däp­le­ri­ni do­wam et­dir­ýär­ler. Ga­raş­syz­ly­gyň her bir şan­ly se­ne­si mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýur­du­my­zy ynam­ly öňe alyp bar­ýan be­ýik dö­re­di­ji­lik­li ýo­lun­da ýe­ne-de bir sep­git­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lyk­ly­gyn­da Aş­ga­bat­da go­laý­da ge­çi­ri­len Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si şu ýy­lyň esa­sy wa­ka­la­ry­nyň bi­ri­dir. On­da ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek bo­ýun­ça mö­hüm çöz­güt­ler ka­bul edil­di we ýa­kyn gel­jek üçin döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry kes­git­le­nil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz baý­ram­çy­ly­gyň öň­ ýa­nyn­da­ky Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de çy­kyş edip hem-de ge­çi­len ýo­la ba­ha be­rip, şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň bi­ze ata-ba­ba­la­ry­my­zyň öz­baş­dak döw­let ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­ren­di­gi­ni, müň­ýyl­lyk­la­ryň jüm­mü­şin­den göz­baş al­ýan mil­li we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­my­zy, be­lent yn­san­per­wer däp­le­ri­mi­zi di­kelt­mä­ge şert dö­re­den­di­gi­ni bel­le­di. Şu ýyl­la­ryň için­de ýur­du­myz dün­ýä­niň ok­gun­ly ös­ýän döw­let­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi döw­re­bap­laş­dyr­mak we di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek, dur­muş ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Paý­tag­ty­myz­da hem-de ýur­du­my­zyň beý­le­ki şä­her­le­rin­de we ilat­ly ýer­le­rin­de şu ýy­lyň do­wa­myn­da gur­lan hem-de ulan­ma­ga ber­len köp­ san­ly dur­muş-me­de­ni, önüm­çi­lik, ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa we beý­le­ki mak­sat­ly des­ga­lar mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da şu aý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da açy­lan iri se­na­gat mak­sat­ly des­ga­lar hem bar — Bal­kan we­la­ýa­tyn­da gur­lan, hi­mi­ýa pu­da­gy­nyň önüm­çi­lik dü­zü­mi­niň üs­tü­ni ýe­ti­ren “Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid” za­wo­dy­ny hem-de Ma­ry we­la­ýa­tyn­da gur­lan, ýur­du­myz­da­ky il­kin­ji ut­ga­şyk­ly do­la­ny­şyk­da iş­le­ýän bug-gaz elekt­rik stan­si­ýa­sy­ny gör­kez­mek bo­lar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýän oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ry hem özü­niň anyk ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp me­se­le­le­ri­niň saz­la­şyk­ly çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­ma­ga, se­bit we dün­ýä möç­be­rin­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň hem-de beý­le­ki mö­hüm fo­rum­la­ryň mün­be­rin­den be­ýan edi­len ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň giň yk­rar­na­ma­sy­na we gol­da­wy­na my­na­syp bol­dy. Şo­ňa gö­rä-de, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň je­bis­li­gi­niň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň, ne­sil­le­riň do­wa­mat­ly­ly­gy­nyň ny­şa­ny hök­mün­de biz bu baý­ra­my uly ag­zy­bir maş­ga­la bo­lup, giň ge­rim­de bel­le­ýä­ris. Türk­me­nis­tan­ly­la­ryň äh­li­si­niň kal­by döw­le­ti­mi­ze bo­lan buý­sanç duý­gu­syn­dan do­lu­dyr. Ýur­du­my­zyň baş meý­da­ny Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li esa­sy da­ba­ra­la­ryň ge­çi­ri­len ýe­ri­ne öw­rül­di. Bu ýe­re aş­ga­bat­ly­la­ryň müň­ler­çe­si hem-de ýur­du­my­zyň we dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­den ge­len köp­ san­ly myh­man­lar ýyg­nan­dy­lar. Mün­ber­de hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, iri jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da iş­le­ýän il­çi­le­ri hem-de döw­le­ti­miz­de iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň baş­tu­tan­la­ry we da­şa­ry ýurt­ly işe­wür­ler bar. Ga­raş­syz­lyk meý­da­nyn­da ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň go­şun­la­ry­nyň äh­li ky­sym­la­ry­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry ny­za­ma dü­zül­di­ler. Sa­gat 10.00. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow döw­let mün­be­ri­ne çyk­ýar. Ýyg­na­nan­lar mil­li Li­de­ri­mi­zi ru­hu­be­lent­lik bi­len mü­bä­rek­le­ýär­ler. Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Gö­rel­de­li har­by or­kest­ri fan­far çal­ýar. Baý­ram­çy­lyk har­by ýö­riş­den baş­lan­ýar. Bu ýö­riş eziz Wa­ta­ny­my­zyň go­ra­nyş kuw­wa­ty­ny hem-de mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ga­za­nan­la­ry­nyň, mäh­ri­ban top­ra­gy­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gy­nyň we asu­da­ly­gy­nyň, hal­ky­my­zyň dö­re­di­ji­lik­li dur­mu­şy­nyň go­ra­gyn­da du­ran türk­men es­ger­le­ri­niň ýo­ka­ry hü­när us­sat­ly­gy­ny no­bat­da­ky ge­zek gör­kez­di. Go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedowdan Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Ýa­rag­ly Güýç­le­riň hem-de hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň şah­sy dü­zü­mi­niň gat­naş­ma­gyn­da da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şe baş­la­ma­ga rug­sat so­ra­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz ýö­ri­şi baş­la­ma­ga rug­sat ber­ýär. Go­ran­mak mi­nist­ri aw­tou­lag bi­len da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şe gat­naş­ýan şah­sy dü­züm­le­riň öňün­den ge­çip, ola­ry gut­la­ýar. Şah­sy dü­züm­le­riň ha­ta­ryn­da har­by gul­luk­çy­lar hem-de ýö­ri­te­leş­di­ri­len ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp ýaş­la­ry, Mil­li go­şu­ny­my­zyň es­ger­le­ri hem-de ser­ker­de­le­ri egin-eg­ne be­rip dur­lar. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­sy ýaň­lan­ýar we şol wagt Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy gal­dy­ryl­ýar. 27 ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­du­myz ýa­şyl Tu­gu­nyň as­tyn­da özü­niň tä­ze ta­ry­hy­ny dö­re­dip, aba­dan­çy­lyk we ösüş ýo­ly bi­len öňe gi­dip, has be­lent sep­git­le­ri eýe­le­ýär hem-de ga­raş­syz ösü­şiň tä­sin nus­ga­ly döw­le­ti hök­mün­de bü­tin dün­ýä­de ber­ka­rar bol­ýar. Meý­dan­ça­da ny­za­ma dü­zü­len türk­men har­by­la­ry eziz Wa­ta­ny­my­za, mäh­ri­ban hal­ky­my­za, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze we­pa­ly­lyk ka­sa­my­ny aýd­ýar­lar. Hä­zir­ki dö­wür­de döw­le­ti­miz Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­ziň go­ra­nyş uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­mak, mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň iş­gär­ler kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak, har­by gul­luk­çy­la­ryň gul­luk et­me­gi hem-de ola­ryň maş­ga­la­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy üçin göw­ne­jaý şert­le­ri dö­ret­mek ba­ra­da hem­me­ta­rap­la­ýyn ala­da ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy we ýol­baş­çy­ly­gy bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Şun­da Mil­li go­şu­ny­my­zyň äh­li kuw­wa­ty­nyň di­ňe pa­ra­hat­çy­ly­ga gul­luk et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­me­li­di­ris. Ga­raş­syz hem-de Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň dur­mu­şa ge­çir­ýän Har­by dokt­ri­na­sy di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe­dir we onuň esa­sy mak­sa­dy ýur­du­my­zyň howp­suz­ly­gy­ny, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan hem-de bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek­den yba­rat­dyr. Türk­men es­ger­le­ri döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik ala­da­sy­na my­na­syp jo­gap ber­mek bi­len, iň tä­ze har­by teh­ni­ka we ýa­rag­la­ra erk et­me­giň us­sat­ly­gy­ny, sö­weş­jeň taý­ýar­ly­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni gör­kez­ýär­ler. Yzy­gi­der­li gu­ral­ýan tak­ti­ki okuw­lar hem-de har­by-wa­tan­çy­lyk ter­bi­ýe­si, be­den taý­ýar­ly­gy­ny, öň­de­ba­ry­jy sö­weş­jeň teh­ni­ka­nyň we ýa­rag­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­ne erk et­me­giň hem-de do­lan­dyr­ma­gyň tä­lim­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän çä­re­ler, hu­su­san-da, şu ýy­lyň maý we aw­gust aý­la­ryn­da ge­çi­ri­len çä­re­ler mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Baý­ram­çy­lyk ýö­ri­şi­ni baý­dak gö­te­ri­ji­ler to­pa­ry aç­ýar. Es­ger­ler da­ba­ra­ly sa­zyň as­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy­ny hem-de Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­ziň go­şun ky­sym­la­ry­nyň sö­weş­jeň baý­dak­la­ry­ny alyp geç­ýär­ler. Soň­ra da­ba­ra­ly har­by ýö­riş bi­len Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew adyn­da­ky 1-nji ýö­ri­te­leş­di­ri­len har­by mek­de­bi­niň har­by okuw­çy­la­ry geç­ýär­ler. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata­sy Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň Wa­ta­ny go­ra­mak­da we har­by bor­jy ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de gör­ke­zen şah­sy eder­men­li­gi, Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şy ýyl­la­ryn­da gör­ke­zen ba­tyr­ly­gy hem-de gaý­duw­syz­ly­gy üçin Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýo­ka­ry döw­let sy­la­gy — “Eder­men­li­gi üçin” di­ýen me­dal bi­len sy­lag­la­nyl­ma­gy gel­jek­ki Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň buý­san­jy­na öw­rü­lip, ola­ry tä­ze üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­dy. Soň­ra mün­be­riň öňün­den Mil­li go­şu­ny­my­zyň ser­ker­de­ler ba­tal­ýo­ny geç­ýär. Ata Wa­ta­ny­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gy­ny we asu­da­ly­gy­ny üp­jün et­mek işi­ne go­şant goş­ýan ze­nan har­by gul­luk­çy­lar baý­ram­çy­lyk ýö­ri­şi­ni do­wam ed­ýär­ler. Döw­let­li Di­ýa­ry­my­zyň go­ra­gyn­da sars­maz ga­la bo­lup du­ran mo­toa­ty­jy es­ger­ler da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şiň ha­tar­la­ry bi­len bar­ýar­lar. Ola­ryň yzy­sü­re eziz Wa­ta­ny­my­zyň asu­da as­ma­ny­ny yg­ty­bar­ly go­ra­ýan Har­by-ho­wa güýç­le­ri­niň uçar­man­la­ry da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şi do­wam ed­ýär­ler. Ýur­du­my­zyň ho­wa gi­ňiş­li­gi­niň go­rag­çy­la­ry döw­let mün­be­ri­niň öňün­den ny­za­ma dü­zü­lip geç­ýär­ler. Olar beý­le­ki go­şun ky­sym­la­ry­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry ýa­ly, öz öň­le­rin­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­ýär­ler. Da­ba­ra­ly ýö­ri­şe gat­na­şy­jy­la­ryň ara­syn­da de­ňiz-py­ýa­da ba­tal­ýo­ny bar. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­ri Har­by de­ňiz güýç­le­ri­niň ab­ra­ýy­ny art­dy­ryp, olar Ha­zar­da ýur­du­my­zyň ser­het­le­ri­ni hüş­gär go­ra­mak bi­len, döw­le­ti­mi­ziň howp­suz­ly­gy­ny, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gy­ny we asu­da­ly­gy­ny üp­jün ed­ýär­ler. Döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de, har­by de­ňiz go­şun­la­ry­ny ös­dür­mä­ge uly üns be­ril­ýän­di­gi ne­ti­je­sin­de, har­by flo­tuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şi ýö­ri­te mak­sat­ly de­sant ba­tal­ýo­ny do­wam ed­ýär. Ata Wa­ta­ny­my­zyň, hal­ky­my­zyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňün­dä­ki mu­kad­des bor­ju­ny my­na­syp ber­jaý ed­ýän bu berk be­den­li hem-de ru­hu­be­lent ýaş es­ger­ler türk­me­nis­tan­ly­la­ryň kal­by­ny buý­sanç­dan dol­dur­ýar. Ga­raş­syz­lyk meý­da­nyn­dan ar­til­le­ri­ýa di­wi­zio­ny­nyň şah­sy dü­zü­mi geç­ýär. Olar har­by okuw-tür­gen­le­şik­ler­de kuw­wat­ly ar­til­le­ri­ýa ýa­rag­la­ry­na ba­şar­nyk­ly erk edip, ta­kyk ot atyş ur­gu­la­ry­ny ama­la aşyr­mak­da us­sat­lyk gör­kez­ýär­ler. Döw­let ber­ka­rar­ly­gy­my­zyň hor­ma­ty­na gu­ral­ýan da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şi hor­mat­ly Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­my­zyň bi­möç­ber ala­da­sy ne­ti­je­sin­de dö­re­di­len tä­ze go­şun ky­sy­my — Ter­ri­to­rial go­ra­nyş go­şun­la­ry­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry do­wam ed­ýär­ler. Ýur­du­my­zyň çä­gin­dä­ki döw­let we aý­ra­tyn mö­hüm des­ga­la­ry go­ra­ýan bu har­by gul­luk­çy­lar baş­la­ry­ny be­lent tu­tup bar­ýar­lar. Baş meý­dan­dan ra­ýat go­ra­nyş we ha­las ediş ba­tal­ýo­ny­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry geç­ýär­ler. Onuň şah­sy dü­zü­mi adat­dan da­şa­ry ýag­daý­lar­da hem-de şo­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ni ara­dan aýyr­mak­da des­sin kö­mek ber­me­giň en­dik­le­ri­ni us­sat­lyk bi­len ele al­ýar­lar. Soň­ra mün­be­riň öňün­den Mil­li howp­suz­lyk mi­nistr­li­gi­niň ýö­ri­te mak­sat­ly to­pa­ry hem-de Ser­het gul­lu­gy­nyň ýö­ri­te mak­sat­ly bö­lüm­le­ri bat­ly ga­dam urup geç­ýär­ler. Däp bol­şy ýa­ly, bu bö­lüm­ler öň­de­ba­ry­jy tak­ti­ki we iň tä­ze teh­ni­ki se­riş­de­le­ri ulan­mak ar­ka­ly ope­ra­si­ýa­la­ra gat­naş­ýar­lar. Ýö­ri­te bö­lüm­le­riň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy sö­weş­jeň, ama­ly we be­den taý­ýar­ly­gy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ýö­ri­te mak­sat­ly to­par­la­ryň işi­niň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri sö­weş­jeň we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de çalt he­re­ket et­me­gin­den yba­rat­dyr. Bi­li­miň we yl­myň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­nyň esa­syn­da har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när us­sat­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de ýaş es­ger­le­ri ata Wa­ta­ny­my­za we­pa­ly­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Öz­le­ri­ne yna­ny­lan mö­hüm hem-de jo­gap­kär­li we­zi­pe­le­riň ab­raý bi­len höt­de­sin­den gel­ýän ýo­ka­ry hü­när­li hü­när­men­le­re aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri he­re­ket ed­ýär. Şo­la­ryň esa­sy we­zi­pe­si Mil­li go­şun üçin ser­ker­de­le­riň ýaş nes­li­ni ke­ma­la ge­tir­mek­den yba­rat­dyr. Şun­da okat­ma­gyň hi­li­ne we ne­ti­je­li­li­gi­ne, döw­re­bap teh­ni­ka­la­ry hem-de en­jam­la­ry do­lan­dyr­mak en­dik­le­ri­ni ele al­ma­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ins­ti­tu­ty­nyň işi hut şu mak­sat­la­ra ýet­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Onuň ta­lyp­la­ry meý­dan­dan bat­ly ga­dam urup geç­ýär­ler. Beý­le­ki­ler­de bol­şy ýa­ly, bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de hem okuw-ter­bi­ýe­çi­lik işi hä­zir­ki ýo­ka­ry ta­lap­la­ra do­ly la­ýyk gel­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy we gol­daw ber­me­gi bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň hem-de Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň go­şun bö­lüm­le­rin­de dö­re­di­len at­çy­lyk bö­lüm­le­ri­niň ýö­ri­şi döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len har­by ýö­ri­şiň ha­ky­ky be­ze­gi­ne öw­rül­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, bi­ziň ata-ba­ba­la­ry­myz öz­le­ri­niň dur­mu­şyn­da mö­hüm orun eýe­län be­dew­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­rip­dir­ler. Meş­hur be­dew­ler türk­men­le­riň buý­san­jy­dyr we kal­by­nyň aý­dy­my­dyr, tä­sin sun­gat ese­ri­dir, eder­men hal­ky­my­zyň dün­ýä­niň gen­ji-ha­zy­na­sy­na go­şan aja­ýyp go­şan­dy­dyr. Köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da ahal­te­ke be­dew­le­ri gaý­duw­syz ýi­git­le­ri­mi­ziň we­pa­ly ýol­da­şy, baý­ram­çy­lyk­lar­da bol­sa ola­ryň ýa­kyn dos­ty bo­lup­dyr. Soň­ra döw­re­bap har­by teh­ni­ka­la­ryň göz­den ge­çi­ri­li­şi baş­lan­ýar. Meý­dan­da dür­li go­şun ky­sym­la­ry­nyň me­ha­ni­zir­le­nen ker­wen­le­ri peý­da bol­ýar. Şo­la­ryň ýö­riş ha­ta­ry­nyň öňü­ni «Com­bat Guard» ky­sym­ly har­by aw­tou­lag­la­r çek­ýär. Ola­ryň yzy­sü­re tä­ze ge­lip gow­şan, ýö­ri­te mak­sat­ly bö­lüm­ler ta­ra­pyn­dan sö­weş­jeň we­zi­pe­le­ri çalt hem-de bök­denç­siz ýe­ri­ne ýe­tir­me­k üçin ni­ýet­le­nen tä­ze mo­tou­lag se­riş­de­le­ri geç­ýär­ler. Olar­da or­naş­dy­ry­lan döw­re­bap teh­ni­ki se­riş­de­ler is­len­dik şert­ler­de sö­weş­jeň we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Göz­den ge­çi­ri­li­şi «MRZR-D2», «MRZR-D4», «DA­GOR», «AJ­BAN» ky­sym­ly har­by aw­tou­lag­lar do­wam ed­ýär­ler. Olar ýö­ri­te mak­sat­ly to­par­lar üçin ni­ýet­le­nen­dir. Bu yk­jam we şol bir­wag­tyň özün­de kuw­wat­ly tak­ti­ki ulag se­riş­de­le­ri bar­ma­sy kyn ýer­ler­de jo­gap­kär­li we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mä­ge kö­mek ber­ýär. Hä­zir­ki wagt­da “Land Ro­wer” we «NIMR» ky­sym­ly so­wut­la­nan aw­tou­la­g ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň dü­zü­mi­ne ka­bul edi­len kä­mil teh­ni­ka­dyr. Da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şe gat­naş­ýan bu döw­re­bap har­by aw­tou­la­gyň üs­tün­de sö­weş alyp bar­mak üçin Şer­şen ky­sym­ly tan­ka gar­şy ra­ke­ta­lar, tak­ti­ki uçar­man­syz uçar­lar, 82 mm-lik mi­nom­ýot­lar hem-de brau­ning ky­sym­ly pu­lem­ýot­lar bar. Baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li da­ba­ra­ly har­by ýö­riş­de Mil­li Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­ziň dü­zü­min­dä­ki kä­mil sö­weş teh­ni­ka­la­ry bo­lan «KA­RA­KAL» ky­sym­ly sö­weş­jeň teh­ni­ka­lar geç­ýär­ler. Şo­la­ryň üs­tün­de de­sant har­by gul­luk­çy­lar as­ma­na aty­jy göç­me ra­ke­ta top­lu­my bi­len geç­ýär­ler. Da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şi «Al SHIBL 2» ky­sym­ly har­by aw­tou­lag­lar do­wam ed­ýär. Bu har­by teh­ni­ka­lar Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­ziň dü­zü­mi­ne tä­ze ka­bul edil­di. Da­ba­ra­ly har­by ýö­riş bi­len BTR 80A we «Kir­pi» ky­sym­ly sö­weş teh­ni­ka­la­ry geç­ýär­ler. Meý­dan­da 2-nji me­ha­ni­zir­le­nen ker­wen peý­da bol­ýar. Onuň dü­zü­min­de «Ro­de Şwars» ky­sym­ly hä­zir­ki za­ma­nyň döw­re­bap har­by ara­gat­na­şyk en­jam­la­ry ýer­leş­di­ri­len «Land Ro­wer» ky­sym­ly teh­ni­ka­lar geç­ýär­ler. Soň­ra har­by ýö­riş­den «FM-90» ky­sym­ly as­ma­na aty­jy ra­ke­ta top­lum­la­ry hem-de «S-200» ky­sym­ly as­ma­na aty­jy ra­ke­ta top­lum­la­ry geç­ýär­ler. Olar ho­wa gi­ňiş­li­gin­dä­ki hem-de suw üs­ti ny­şa­na­la­ry ýo­ka­ry ta­kyk­lyk bi­len ha­tar­dan çy­kar­ýar­lar. 3-nji me­ha­ni­zir­le­nen ker­we­niň dü­zü­min­de da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şiň ha­tar­la­ry bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň har­by aw­tou­lag­la­ry — «Toyo­ta HI­LUX», «COB­RA», «MANT­RA», «PMV-SURVIVOR II», «KIR­PI» ky­sym­ly aw­tou­lag­la­ry geç­ýär­ler. Bu ulag­lar kuw­wat­ly­ly­gy, tiz­lik hä­si­ýet­le­ri hem-de ýo­ka­ry ge­çi­ji­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar­lar. Soň­ra mün­be­riň öňün­den “IVECO” ky­sym­ly aw­tou­lag­la­ry geç­ýär, olar­da otur­dy­lan ZU-23 ky­sym­ly as­ma­na aty­jy ra­ke­ta top­lum­la­ry pes be­lent­lik­de uç­ýan uçar­la­ry ýok et­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir. 4-nji me­ha­ni­zir­le­nen ker­we­niň no­ba­ty gel­ýär. Onuň dü­zü­min­de Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň OTO­KAR, «PMV-SURVIVOR II», «TOYO­TA TUND­RA», «GMS Sier­ra» ky­sym­ly ýe­ňil so­wut­la­nan aw­tou­lag­la­ry bar. Bu döw­re­bap aw­tou­lag­lar hal­ky­my­zyň asu­da­ly­gy­nyň we ra­hat­ly­gy­nyň, hu­kuk hem-de jem­gy­ýet­çi­lik ter­ti­bi­niň üp­jün edil­me­gin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. Soň­ra meý­dan­dan Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň mo­tou­lag­la­ry geç­ýär­ler. Baý­ram­çy­lyk ýö­ri­şi as­man­da do­wam et­di­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň Har­by ho­wa güýç­le­ri eziz Wa­ta­ny­my­zyň howp­suz­ly­gy­ny, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň pa­ra­hat dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek işin­de mö­hüm orun eýe­le­ýär. Meý­da­nyň ýo­kar­syn­dan «AGUS­TA-109» we «AGUS­TA-139» ky­sym­ly di­ku­çar­la­ry uçup geç­ýär­ler. Ola­ryň teh­ni­ki hä­si­ýet­le­ri Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry­na dag­lyk we beý­le­ki bar­ma­sy kyn ýer­ler­de gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Har­by ýö­riş Mil­li howp­suz­lyk mi­nistr­li­gi­niň «Eurocop­ter — 365» hem-de Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň «Eurocop­ter — 145» ky­sym­ly di­ku­çar­la­ry bi­len do­wam et­di­ril­ýär. Soň­ra «SU-25» ky­sym­ly sö­weş­jeň uçar­la­r baş meý­da­ny­my­zyň ho­wa gi­ňiş­li­gin­de peý­da bol­ýar­lar. Har­by uçar­man­la­ry­myz äh­li­halk baý­ram­çy­ly­gyn­da hü­när us­sat­lyk­la­ry­nyň ýo­ka­ry­dy­gy­ny gör­kez­ýär­ler. Mu­nuň özi ata Wa­ta­ny­my­zyň as­ma­ny­nyň pa­ra­hat­­ly­gy­nyň we asu­da­ly­gy­nyň yg­ty­bar­ly el­ler­de­di­gi­niň ke­pi­li bo­lup dur­ýar. Ýö­ri­şe gat­naş­ýan bu döw­re­bap ýe­rüs­ti we har­by-ho­wa teh­ni­ka­la­ry hem-de ýa­rag­la­ry döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ga­raş­syz hem Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň go­ra­nyş uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­mak, mil­li Ýa­rag­ly Güýç­le­ri döw­re­bap­laş­dyr­mak, ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek me­se­le­le­ri­ne yzy­gi­der­li üns ber­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça we ýol­baş­çy­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan har­by öz­gert­me­le­riň esa­sy we­zi­pe­si hä­zir­ki döw­rüň äh­lu­mu­my we­him­le­ri­ne hem-de howp­la­ry­na gar­şy dur­ma­ga ukyp­ly yk­jam, go­ra­nyş ukyp­ly Mil­li go­şu­ny dö­ret­mek­den yba­rat­dyr. Bu ba­bat­da şu gün­ki har­by ýö­riş yzy­gi­der­li döw­re­bap en­jam­lar hem-de har­by teh­ni­ka­lar bi­len üp­jün edil­ýän har­by we hu­kuk go­raý­jy dü­züm­le­riň kuw­wa­ty­nyň ep-es­li art­dy­ry­lan­dy­gy­ny aý­dyň­lyk bi­len gör­kez­di. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň çäk bi­te­wü­li­gi­niň, mil­li howp­suz­ly­gy­nyň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we asu­da­ly­gyň yg­ty­bar­ly go­ral­ma­gy­ny üp­jün et­mä­ge ukyp­ly­dyr. Soň­ra döw­let mün­be­ri­niň öňün­de Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň Aý­ra­tyn Hor­mat ga­ra­wu­ly ba­tal­ýo­ny­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry peý­da bol­ýar­lar. Olar Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 27 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy­ny ny­zam emel­le­ri bi­len be­ze­ýär­ler. Mün­be­riň öňün­de Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň şah­sy dü­zü­mi ny­zam ýö­ri­şi bi­len “27” bel­gi­niň hem-de Ga­raş­syz­lyk bi­na­sy­nyň şe­ki­li­ni eme­le ge­tir­di­ler. Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň gö­rel­de­li har­by or­kest­ri­niň joş­gun­ly çy­ky­şy baş baý­ra­myň hor­ma­ty­na gu­ra­lan har­by ýö­ri­şiň jem­leý­ji çä­re­si bol­dy. Ine-de, da­ba­ra­ly sa­zyň owa­zy du­ta­ryň sa­zy bi­len ut­ga­şyp gid­ýär. Mün­be­riň öňün­dä­ki baş meý­dan­ça Gü­nüň şöh­le­si­ne al­tyn reňk­de öw­şün at­ýan, şaý-sep­le­re bes­le­nen ahal­te­ke be­de­wi­ni çy­kar­ýar­lar. Ýi­git­ler aja­ýyp aty idip ge­ti­rip, onuň gö­zel­li­gi­ni we sy­rat­ly­ly­gy­ny gör­kez­ýär­ler. Soň­ra be­dew us­sat­lyk bi­len çar­pa­ýa ga­lyp, haý­ran ga­lan to­ma­şa­çy­la­ryň el­ çar­pyş­ma­la­ry­na my­na­syp bol­ýar. Eziz Wa­ta­ny­my­zyň we tu­tuş türk­men hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň hem-de bag­ty­ýar­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne çek­ýän tu­tan­ýer­li zäh­me­ti we Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za egin­deş­le­ri­niň adyn­dan bu aja­ýyp be­dew sow­gat be­ril­ýär. Da­ba­ra­ny alyp­ ba­ry­jy mil­li Li­de­ri­miz­den äh­li­halk söý­gü­si­niň be­ýa­ny hem-de äh­li be­ýik we asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry­nyň gol­daw tap­ýan­dy­gy­nyň ny­şa­ny hök­mün­de ahal­te­ke be­de­wi­ni ka­bul et­me­gi­ni ha­ýyş ed­ýär. Türk­men at­la­ry be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýan ýur­du­my­zyň aja­ýyp baý­ram­çy­lyk­la­ry­nyň be­ze­gi­ne öw­rül­di. “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ýy­lyn­da türk­men be­dew­le­ri­niň şan-şöh­ra­ty has-da be­len­de gal­dy. Şu ýyl­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de ge­çi­ri­len “Fon­tan­ka­da­ky” sirk sun­ga­ty­nyň I Hal­ka­ra fes­ti­wa­lyn­da “Türk­men at­la­ry” döw­let bir­le­şi­gi­niň Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­nyň “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar hem-de Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sir­ki­niň “Türk­men ji­git­le­ri” to­par­la­ry bu hal­ka­ra fes­ti­wa­ly­nyň baş baý­ra­gy­na — “Al­tyn Gae­ta­no” al­tyn heý­kel­ji­gi­ne my­na­syp bol­dy. Baş meý­da­na seý­kin ba­syp, ýe­ne-de bir aja­ýyp, ak reňk­li, kü­müş­söw be­dew çyk­ýar. Ol özü­niň owa­dan­ly­gy hem-de sy­rat­ly­ly­gy bi­len ýyg­na­nan­la­ry haý­ran gal­dyr­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze de­giş­li bo­lan bu Ak­han at­ly be­dew çar­pa­ýa ga­lyp, uzak ara­ly­gy geç­mek­de ga­za­nan üs­tün­li­gi bi­len Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Ak­han mün­be­riň öňün­de baş eg­ýär we ýyg­na­nan­la­ryň şow­hun­ly el­ çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da çar­pa­ýa ga­lyp, bir­nä­çe ara­ly­gy geç­ýär. Ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne ba­gyş­la­nan joş­gun­ly şy­gyr­lar ýaň­lan­ýar. Öňün­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy­ny gö­te­rip bar­ýan ýi­gi­diň yzyn­dan bar­ýan at­ly­lar to­pa­ry türk­men hal­ky­nyň özü­niň kök­le­ri­ne we­pa­ly­dy­gy­ny hem-de gel­je­ge ym­tyl­ma­gy, je­bis­li­gi, tä­ze mak­sat­la­ra ýet­mä­ge ok­gun­ly­ly­gy ala­mat­lan­dyr­ýar. Meş­hur küşt­dep­di­niň owa­zy­nyň as­tyn­da at­ly­lar we mil­li ly­bas­ly gyz­lar baş meý­da­na çyk­ýar­lar. Olar döw­re gu­rap söý­gü­li halk tan­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. Bu öz­bo­luş­ly çy­kyş gyz­la­ryň saz­la­şyk­ly he­re­ke­ti­niň sy­rat­ly be­dew­le­riň gö­zel­li­gi bi­len ut­gaş­ýan­dy­gy bi­len haý­ran gal­dyr­dy. Sa­zyň owa­zy bar­ha be­lent­den ýaň­lan­ýar we be­dew­ler “tans­çy­la­ryň” we­zi­pe­si­ni üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­rip, çy­ky­şyň tä­si­ri­ni has-da art­dyr­ýar­lar. Soň­ra at­ly­lar to­pa­ry meý­dan­dan ug­ra­ýar we bu ýer­de Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­na ba­gyş­la­nan sah­na­laş­dy­ry­lan ede­bi — aý­dym-saz­ly çy­kyş ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Meý­da­na bir­ma­hal­lar söw­da ýol­la­ry­nyň ug­run­da köp bo­lan ker­wen­sa­raý çy­ka­ryl­ýar. Bu ýer­de dur­muş gaý­nap jo­şup­dyr, dür­li ýurt­lar­dan adam­lar du­şu­şyp­dyrlar, olar ha­ryt­la­ry alyş­mak bi­len, ar­zuw-mak­sat­la­ry ba­ra­da pi­kir al­şyp­dyrlar. Kom­po­zi­si­ýa folk­lor, tans we beý­le­ki dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry gat­naş­dy­lar. Olar köp adam­ly Gün­do­gar ba­za­ry­nyň öz­bo­luş­ly keş­bi­ni dö­ret­di­ler. Ýi­git­le­riň joş­gun­ly tan­sy bu ker­wen ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şen söw­da şä­her­le­ri­niň tä­sin dur­mu­şy­nyň ru­hu­ny be­rip, ga­dy­my dö­wür­le­riň dur­mu­şy­ny be­ýan ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ki­ta­byn­da şol dö­wür­ler ba­ra­da gy­zyk­ly gür­rüň be­ril­ýär. Ga­dy­my ýo­luň ta­ry­hy-me­de­ni äh­mi­ýe­ti­ni açyp gör­kez­ýän bu ne­şi­riň ikin­ji ki­ta­by­nyň çap­dan çyk­ma­gy wa­tan­daş­la­ry­my­za baý­ram­çy­lyk sow­ga­dy bol­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de Be­ýik Ýü­pek ýo­ly di­ňe bir geç­mi­şiň si­wi­li­za­sion tä­sin­li­gi bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, mil­li Li­de­ri­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň hem-de ulag, yn­san­per­wer ul­gam­da, sport­da iri tas­la­ma­la­ry­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýän tä­ze ýag­daý­dyr. Bu­la­ryň äh­li­si Türk­me­nis­ta­na dün­ýä­niň gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän döw­let­le­ri bi­len dost­luk, do­gan­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­ma­ga ýar­dam edip, ga­dy­my dö­wür­ler­de bol­şy ýa­ly, yk­ly­myň halk­la­ry­ny hem-de se­bit­le­ri­ni bir­leş­dir­ýän köp­ri bo­lup hyz­mat ed­ýär. Baş meý­dan­da “Şöh­rat! Şöh­rat! Şöh­rat!” di­ýen ru­hu­be­lent söz­ler yzy­gi­der­li ýaň­lan­ýar — Türk­me­nis­ta­na buý­san­ma­ga hem-de be­ýik iş­le­riň ýyl­ýaz­gy­sy­nyň üs­tü­ni ýe­tir­mä­ge zat köp­dür. Ýur­du­my­zyň baş meý­da­nyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň, ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri peý­da bol­ýar­lar. Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, kü­müş saç­ly ene­ler öň ha­tar­da bar­ýar­lar. Ýö­riş ma­ha­ly da­ba­ra­ny alyp ­ba­ry­jy döw­le­ti­mi­zi ös­dür­mek­de jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, ýo­ka­ry ka­nun­çy­ka­ry­jy­lyk eda­ra­sy­nyň, ra­ýat hem-de jem­gy­ýet­çi­lik eda­ra­la­ry­nyň ägirt uly or­ny ba­ra­da gür­rüň ber­ýär. Go­laý­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len äh­li­halk fo­ru­myn­da — Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de ýur­du­my­zyň ila­ty­nyň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len mö­hüm çöz­güt­le­riň bir­nä­çe­si ka­bul edil­di. Bi­ziň Ga­raş­syz hem Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň 2019 — 2021-nji ýyl­lar üçin Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Yk­dy­sa­dy we Dur­muş Ge­ňe­şi­ne saý­la­nyl­ma­gy ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­te­ren şan­ly wa­ka bol­dy. Soň­ra äh­li we­la­ýat­la­ryň we­kil­le­ri geç­ýär­ler. Ola­ryň yzy­sü­re bar­ýan aw­tou­lag­da mäh­ri­ban oja­gyň, je­bis­li­giň hem-de ne­sil­den-nes­le ge­çi­ri­lip gel­ýän däp­le­riň ny­şa­ny bo­lan tam­dyr or­naş­dy­ry­lyp­dyr. Ýö­ri­şi Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­li­gi­niň iş­gär­le­ri do­wam et­dir­ýär­ler. Mün­be­riň öňün­den paý­tag­ty­my­zyň bi­na­gär­lik aja­ýyp ýer­le­ri­niň, tä­ze des­ga­la­ry­nyň, ýa­dy­gär­lik­le­riň ma­ket­le­ri ge­çi­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ba­şy­ny baş­lan giň möç­ber­li şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­niň keş­bi has-da gö­zel­leş­di. Ila­ty­my­zyň dur­mu­şy­nyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi, ra­ýat­la­ry­my­zyň äh­li amat­lyk­la­ryň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ma­gy üçin döw­re­bap dur­muş-yk­dy­sa­dy dü­zü­miň dö­re­dil­me­gi şol öz­gert­me­le­riň esa­sy gör­ke­zi­ji­si bol­dy. Şu ýyl paý­tag­ty­myz­da tä­ze ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry, döw­re­bap bi­na­lar, se­ýil­gäh­ler we beý­le­ki des­ga­lar ulan­ma­ga be­ril­di. Ak mer­mer­li Aş­ga­ba­dy wasp ed­ýän ru­hu­be­lent goş­gu­lar ýaň­lan­ýar, as­ma­na köp­ san­ly şar­lar uçu­ryl­ýar. Soň­ra meý­da­na ylym we bi­lim ul­gam­la­ry­nyň we­kil­le­ri çyk­ýar­lar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ul­gam­la­ra ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de ösü­şi­niň in­tel­lek­tual iler­le­di­ji­si hök­mün­de ga­ra­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len bu ul­gam­lar­da düýp­li öz­gert­me­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy ola­ry hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ň ta­lap­la­ry­nyň de­re­je­si­ne çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. Ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Halk Mas­la­ha­ty­nyň ta­ry­hy mej­li­sin­de eden mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­ky­şyn­da bu me­se­lä aý­ra­tyn üns be­rip, ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­nyň öňün­de tä­ze we­zi­pe­le­ri goý­dy. Şu mak­sat­lar bi­len, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň ös­dü­ril­ýär, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de okat­ma­gyň tä­ze ugur­la­ry or­naş­dy­ryl­ýar. Şu ýyl paý­tag­ty­myz­da we ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da tä­ze döw­re­bap or­ta mek­dep­le­riň hem-de ça­ga­lar bag­la­ry­nyň en­çe­me­si ulan­ma­ga be­ril­di. Bu­la­ryň äh­li­si in­no­wa­sion ösü­şiň esa­sy­na öw­rü­len bi­lim ul­ga­my­nyň kuw­wa­ty­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Ylym-bi­lim eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri, ta­lyp ýaş­lar mil­li Li­de­ri­mi­zi mü­bä­rek­läp, dö­re­di­ji­lik, in­tel­lek­tual kuw­wa­ty kä­mil­leş­dir­mek ba­bat­da uly müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­ýär­ler. Soň­ra we­lo­si­ped­çi­le­riň uly to­pa­ry ha­tar bo­lup geç­ýär. Ola­ryň ara­syn­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça us­sat­lar, mil­li we hal­ka­ra de­re­je­dä­ki ýa­ryş­la­ryň ýe­ňi­ji­le­ri hem-de baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bo­lan­lar bar. Hä­zir­ki dö­wür­de aja­ýyp sport top­lum­la­ry we sta­dion­lar, se­bit­dä­ki iri Olim­pi­ýa şä­her­çesi ola­ryň yg­ty­ýa­ryn­da­dyr. Da­ba­ra­ny alyp ba­ry­jy­nyň bel­leý­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň tek­li­bi bo­ýun­ça BMG ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lan Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni my­na­sy­bet­li gu­ra­lan köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped ýö­ri­şi we el­bet­de, Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si hem-de yl­gaw ýa­ry­şy we we­lo­si­ped­li ýö­riş şu ýy­lyň şan­ly wa­ka­la­ry bol­dy. Bu sport çä­re­le­ri ýur­du­my­zyň bü­tin dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­di we be­den­ter­bi­ýe-sport he­re­ke­ti­niň ös­me­gi­ne tä­ze kuw­wat­ly iter­gi ber­di. Mün­be­riň öňün­den ge­çip bar­ýan aw­tou­la­gyň be­ze­gin­de Ga­ra­gu­muň keş­bi dö­re­dil­di. Ga­ra­gum çö­lü­niň için­den ral­li­niň ýo­ly geç­di. Bu ýa­ryş­la­ra gat­naş­mak üçin dün­ýä­niň 20 ýur­dun­dan tür­gen­ler gel­di­ler. Türk­men ýy­gyn­dy­sy­nyň ulag­la­ry­nyň şe­kil­le­ri­niň ara­syn­da 100 bel­gi­li meş­hur aw­tou­lag aý­ra­tyn orun eýe­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow şol aw­tou­lag­da ýa­ryş­la­ryň baş­lan­gyç tap­gy­ry­ny ge­çip, bäs­le­şi­ge ba­dal­ga ber­di. Türk­men to­pa­ry hut şu aw­tou­lag­da 80-den gow­rak to­pa­ryň ara­syn­da 3-nji or­ny eýe­le­me­gi ba­şar­dy. Baý­ram­çy­lyk ýö­ri­şi­niň no­bat­da­ky mow­zu­gy Awa­za bi­len bag­la­ny­şyk­ly bol­dy. Sa­ry, ak we gök reňk­ler Gün şöh­le­le­ri­ni, aja­ýyp çä­ge­li su­wa dü­şül­ýän ýer­le­ri, my­la­ýym deň­zi, ak ýel­ken­li gä­mi­le­ri hem-de Ha­za­ryň ke­na­ryn­da­ky ak mer­mer­li bi­na­la­ry ýat­lat­dy. Mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­na ba­gyş­la­nan aý­dym-saz­ly we tans­ly çy­kyş­la­ra gat­na­şan­la­ryň ly­bas­la­ry hem şol reňk­ler­de bol­dy. Be­ze­len ulag­lar­da şu ýyl açy­lan “Awa­za” ak­wa­par­ky­nyň att­rak­sion­la­ry­ny, de­ňiz şy­pa­ha­na­sy­nyň beý­le­ki des­ga­la­ry­nyň şe­kil­le­ri­ni gör­mek bol­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ama­la aşy­ryl­ýan bu ägirt uly tas­la­ma tu­tuş ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şin­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Awa­za di­ňe bir sy­ýa­hat­çy­la­ry we dynç al­ýan­la­ry özü­ne çek­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, ýo­ka­ry de­re­je­li hal­ka­ra du­şu­şyk­la­ryň, fes­ti­wal­la­ryň, mas­la­hat­la­ryň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Şu ýyl bu ýer­de ak­wa­park­dan baş­ga-da, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da dür­li in­no­wa­sion hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýän “Awa­za” şy­pa­ha­na­sy hem açyl­dy. Awa­za ge­lip gör­mä­ge ça­gyr­ýan aý­dym hem-de de­ňiz tol­kun­la­ry­ny ýat­lad­ýan joş­gun­ly tans “Öňe, öňe, di­ňe öňe, jan Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan!” di­ýen söz­le­riň ru­hu­be­lent­lik bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi bi­len jem­len­di. Bu jüm­le Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly ýö­ri­şiň öze­ni­ni düz­di. Meý­da­na sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň we­kil­le­ri çyk­ýar. Hä­zir­ki wagt­da döw­re­bap luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry­nyň köp şa­ha­ly ul­ga­my ýur­du­myz­da luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni ke­pil­len­dir­ýär. Döw­le­ti­miz şo­la­ryň gur­lu­şy­gy­na we en­jam­laş­dy­ry­ly­şy­na uly möç­ber­dä­ki se­riş­de­le­ri gö­nük­dir­di. Aş­ga­bat iri luk­man­çy­lyk mer­ke­zi­ne öw­rül­di, bu ýer­de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly has­sa­ha­na­lar he­re­ket ed­ýär. Le­bap we­la­ýa­tyn­da kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň, Ma­ry şä­he­rin­de we­la­ýat ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da­ky tä­ze üs­tün­lik­le­riň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Soň­ra mün­be­riň öňün­den yk­dy­sa­dy dü­züm­le­riň, ma­li­ýe-bank ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri geç­ýär. Pan­no­lar we ma­ket­ler Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ok­gun­ly ösü­şi­ni şöh­le­len­dir­ýär. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­ny üp­jün et­mä­ge ägirt uly mad­dy se­riş­de­le­ri gö­nük­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Her ýyl zäh­met hak­la­ry­nyň, pen­si­ýa­la­ryň, döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň, ta­lyp hak­la­ry­nyň muk­da­ry ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar. Dur­nuk­ly ma­li­ýe ul­ga­my­nyň, oý­la­ny­şyk­ly ma­li­ýe sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­ly ma­ýa­dar­lar üçin özü­ne çe­ki­ji­li­gi ýo­kar­lan­ýar. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry öz zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ni mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­dy­lar. Söw­da we te­le­ke­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň köpöwüş­gin­li ýö­ri­şi da­ba­ra­nyň tä­si­ri­ni has-da art­dyr­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nyg­taý­şy ýa­ly, söw­da we hyz­mat­la­ryň, hu­su­sy ul­ga­myň ös­dü­ril­me­gi, bäs­deş­li­ge ukyp­ly ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni dö­ret­me­giň mö­hüm şer­ti­dir. Hu­su­sy kär­ha­na­lar — Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan gur­lan köp­ san­ly dur­muş hem-de se­na­gat des­ga­la­ry bu ul­gam­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Ýur­du­my­zyň önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň önüm­le­ri aly­jy­la­ryň yna­my­na my­na­syp bol­dy hem-de içer­ki ba­zar­da my­na­syp orun eýe­le­di, in­di bol­sa olar da­şar­ky ba­zar­la­ry ynam­ly öz­leş­dir­ýär­ler. Türk­men te­le­ke­çi­le­ri hä­zir­ki wagt­da gur­lu­şyk­da, hyz­mat­lar ul­ga­myn­da, hal­kyň sarp ed­ýän ha­ryt­la­ry­ny, azyk önüm­le­ri­ni ön­dür­mek­de ne­ti­je­li iş­läp, da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len üs­tün­lik­li bäs­leş­ýär­ler. Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­ne tä­ze giň möç­ber­li tas­la­ma­la­ry ynan­mak bi­len, şo­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­ýär we hu­su­sy ul­ga­myň ös­me­gi üçin äh­li şert­le­ri dö­red­ýär. Ýur­du­my­zyň baş meý­da­nyn­dan bu gün yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­nyň zäh­met­keş­le­ri, döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şy­nyň äh­li ul­gam­la­ry­na we­kil­çi­lik ed­ýän müň­ler­çe adam geç­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da önüm­çi­li­giň öň­de­ba­ry­jy­la­ry, meş­hur us­sat­lar we esa­sy hü­när­men­ler, ýaş iş­gär­ler bar. Dok­ma se­na­ga­ty ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ok­gun­ly ös­ýän pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­dir. Dok­ma se­na­ga­ty­nyň ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly kär­ha­na­la­ry dün­ýä­niň ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän, bäs­deş­li­ge ukyp­ly kär­ha­na­la­ry­nyň ha­ta­ry­na go­şul­dy. Ha­ly­çy­ly­gyň ösü­şi hä­zir tä­ze iter­gä eýe bol­dy, we­la­ýat­la­ryň äh­li­sin­de ha­ly­çy­lyk kär­ha­na­la­ry­nyň ul­gam­la­ry gi­ňel­dil­ýär, deň­siz-taý­syz türk­men ha­ly­la­ry­nyň şöh­ra­ty bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Ýur­du­my­zyň ha­ly­çy­lyk we dok­ma kär­ha­na­la­ry­nyň iş­gär­le­ri ga­dy­my se­ne­diň däp­le­ri­ni do­wam edip, baý­ram­çy­lyk ýö­ri­şin­de öz pu­da­gy­na my­na­syp de­re­je­de we­kil­çi­lik et­di­ler. Baş meý­dan­da joş­gun­ly baý­ram­çy­lyk aý­dy­my ýaň­lan­ýar. Folk­lor-et­nog­ra­fi­ki to­par onuň owa­zy­nyň as­tyn­da köpöwüş­gin­li tan­sy ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. To­pa­ra gat­na­şy­jy­la­ryň eg­nin­de owa­dan mil­li ly­bas­lar, sport eşik­le­ri, jin­si ma­ta­syn­dan ti­ki­len egin-eşik­ler bar. Mu­nuň özi Türk­me­nis­tan­da taý­ýar dok­ma önüm­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Önüm­çi­lik kär­ha­na­sy­ny ýat­lad­ýan aw­top­lat­for­ma bi­len bi­le­lik­de baş meý­da­na se­na­gat pu­dak­la­ry­nyň iş­gär­le­ri çyk­ýar­lar. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bu ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dur­mu­şa ge­çir­ýän Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ýur­du­myz­da iri kär­ha­na­lar gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň se­na­ga­tyn­da zäh­met ön­dü­ri­ji­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da elekt­ron se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça giň möç­ber­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar, hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­lar iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýar hem-de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­mek pu­da­gyn­da uly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Şu ýyl Ahal we­la­ýa­ty­nyň Owa­dan­de­pe di­ýen ýe­rin­de aý­na önüm­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ön­dür­ýän “Türk­men aý­na önüm­le­ri” kär­ha­na­sy ulan­ma­ga be­ril­di. Onuň önüm­le­ri da­şa­ry ýurt­ly aly­jy­la­ryň uly is­leg­le­rin­den peý­da­lan­ýar. Mün­be­riň öňün­de owa­dan be­ze­len aw­tou­lag­lar peý­da bol­ýar. Şo­la­ryň bi­rin­de sa­ha­wat­ly türk­men top­ra­gy­nyň önüm­le­ri hem-de ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­riň ha­ryt­la­ry ýer­leş­di­ri­lip­dir, beý­le­ki ulag­da bol­sa dag ge­riş­le­ri, şag­la­wuk­lar, te­bi­ga­tyň go­rag­ha­na kün­jek­le­rin­de ýa­şa­ýan haý­wan­lar şe­kil­len­di­ri­lip­dir we aja­ýyp ahal­te­ke be­de­wi öň ha­ta­ra çy­ka­ry­lyp­dyr. Eke­ran­çy­lyk­da we mal­dar­çy­lyk­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň möç­be­ri ýyl­sa­ýyn art­ýar, pu­da­gyň dü­zü­mi gi­ňel­dil­ýär we tä­ze­len­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan­da ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­nyň ag­la­ba bö­le­gi gaý­ta­dan iş­le­nil­ýär, türk­men döw­le­ti şeý­le hem bug­da­ýy da­şa­ry ýurt­la­ra iber­ýär, azyk bol­çu­ly­gy do­ly üp­jün edil­di. Şu ýyl döw­re­bap mal­dar­çy­lyk top­lum­la­ry, mi­we we gök önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­lar ulan­ma­ga be­ril­di. Mil­li Li­de­ri­miz Halk Mas­la­ha­ty­nyň go­laý­da bo­lan mej­li­sin­de top­ra­ga aýaw­ly we ho­ja­lyk gö­zi bi­len ga­ral­ma­gy­ny hö­wes­len­dir­ýän hem-de oba­se­na­gat top­lu­my­nyň ösü­şi­niň tä­ze gel­je­gi­ni aç­ýan tä­ze oňyn öz­gert­me­le­riň ba­şy­ny baş­la­dy. Ýur­du­myz­da te­bi­ga­ty go­ra­ma­ga, bio­köp­dür­lü­li­gi üp­jün et­mä­ge, se­bit we äh­lu­mu­my möç­ber­de eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Soň­ra mün­be­riň öňün­den ra­ýat awia­si­ýa­sy­nyň iş­gär­le­ri­niň, de­mir­ýol­çu­la­ryň, de­ňiz­çi­le­riň we der­ýa­çy­la­ryň ly­ba­syn­da­ky adam­lar geç­ýär­ler. Ola­ry pu­dak­la­ýyn mow­zu­ga la­ýyk­lyk­da be­ze­len aw­tou­lag­lar ug­rad­ýar­lar. Ho­wa we de­ňiz port­la­ry­nyň men­zil­le­ri­niň bi­na­la­ry, ot­lu­lar, köp­rü­ler, be­ýan edi­len şe­kil­le­riň gap­da­ly bi­len “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” gul­lu­gy­nyň, de­mir ýol eda­ra­sy­nyň, suw ula­gy gul­luk­la­ry­nyň iş­gär­le­ri geç­ýär­ler. Mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan geo­sy­ýa­sy taý­dan amat­ly ýer­leş­ýän ýur­du­my­zyň ulag-üs­ta­şyr kuw­wa­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Türk­me­nis­tan­da de­mir ýol, ho­wa, de­ňiz we der­ýa ulag­la­ry­nyň, söw­da flo­tu­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak we­zi­pe­le­ri yzy­gi­der­li çö­zül­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si hal­ka­ra ho­wa ýol­la­ry­nyň, ýe­rüs­ti we suw ulag­la­ry ar­ka­ly ýük da­şa­ma­gyň hem-de ýo­lag­çy gat­nat­ma­gyň çäk­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. 2018-nji ýyl­da Türk­me­na­bat­da tä­ze Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li ulan­ma­ga be­ril­di. Ol özü­niň tä­sin bi­na­gär­lik çöz­gü­di ar­ka­ly Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň açyl­ma­gy döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak­da mö­hüm ädim bol­dy. Onuň dü­zü­mi­ne “Bal­kan” gä­migur­lu­şyk za­wo­dy gir­di. Bu tas­la­ma­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi üçin hal­ka­ra gu­ra­ma­lar ta­ra­pyn­dan hem bir­nä­çe baý­rak­lar gow­şu­ryl­dy, por­tuň gur­lu­şy­gyn­da dö­re­di­len eme­li ada hem Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Mun­dan baş­ga-da, türk­men ýol gur­lu­şyk­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan gys­ga wagt­da Ser­he­ta­bat (Türk­me­nis­tan) — Tur­gun­dy (Ow­ga­nys­tan) de­mir ýo­ly çe­kil­di. Ýur­du­my­zyň ulag ul­ga­my­nyň ok­gun­ly ösü­şi ýaş aý­dym­çy­lar ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len est­ra­da aý­dy­myn­da be­ýan edil­di. Ýur­du­my­zyň ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň kär­ha­na­la­ry­nyň hem-de Mil­li kos­mos agent­li­gi­niň iş­gär­le­ri baý­ram­çy­ly­gy ýo­ka­ry ne­ti­je­ler bi­len gar­şy­la­ýar­lar. Türk­me­nis­tan eý­ýäm ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, Äle­me ikin­ji eme­li hem­ra­sy­ny çy­kar­ma­ga taý­ýar­lyk gör­ýär. Mu­nuň özi bol­sa döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ös­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Baş meý­dan­da ne­bit­gaz pu­da­gy­nyň iş­gär­le­ri peý­da bol­ýar­lar. Türk­me­nis­ta­nyň ägirt uly ýe­ras­ty baý­lyk­la­ry ony dün­ýä­niň esa­sy ener­ge­ti­ka döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na çy­kar­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan türk­men ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni dün­ýä ba­zar­la­ry­na çy­kar­mak üçin hal­ka­ra tur­ba­ge­çi­ri­ji­ler bo­ýun­ça giň möç­ber­li tas­la­ma­la­ryň ba­şy baş­lan­dy. Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan —Pa­kis­tan — Hin­dis­tan (TOPH) trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň al­nyp ba­ryl­ma­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Ýö­ri­te aw­tou­la­gyň mow­zuk­la­ýyn be­ze­gin­de ne­bit­gaz pu­da­gy­nyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri — çö­li il­kin­ji bo­ýun eg­di­ri­ji­le­riň ýa­dy­gär­li­gin­den baş­lap, döw­re­bap bu­raw gu­ýu­la­ry­nyň, gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­la­ryň, tur­ba­ge­çi­ri­ji­le­riň ma­ke­di­ne çen­li ýe­ti­len sep­git­ler öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Ony pu­da­gyň iş ly­ba­syn­da­ky zäh­met­keş­le­ri­niň ha­tar­la­ry ug­rad­ýar­lar. Olar öz­le­ri­niň tu­tan­ýer­li zäh­me­ti bi­len ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­ýar­lar. Ýö­ri­şi ener­ge­ti­ka ul­ga­my­nyň pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri do­wam et­dir­ýär­ler. Aw­tou­la­gyň üs­tün­de art­ýan içer­ki is­leg­le­ri ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga ukyp­ly önüm­çi­lik des­ga­la­ry­nyň, türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny goň­şy döw­let­le­re ýe­tir­ýän ýo­ka­ry wolt­ly elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­riň ma­ket­le­ri ýer­leş­di­ri­lip­dir. Şu ýyl türk­men-ow­gan ser­he­din­de, TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň ug­ry bo­ýun­ça tä­ze elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ge­çi­ri­ji­si­niň düý­bi tu­tul­dy, Ma­ry DES-in­de bol­sa kuw­wa­ty 1574 me­ga­wat bo­lan bug-gaz elekt­rik stan­si­ýa­sy işe gi­ri­zil­di. Joş­gun­ly aý­dym-saz­lar we tans ýur­du­my­zyň se­na­gat ösü­şi­niň dep­gi­ni­ni, hä­zir­ki öz­gert­me­le­riň kuw­wa­ty­ny şöh­le­len­dir­ýär. Soň­ra meý­dan­da Türk­me­nis­ta­nyň Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi­niň hem-de “Türk­me­naw­to­ýol­la­ry” döw­let kon­ser­ni­niň we­kil­le­ri peý­da bol­ýar. Bu eda­ra­la­ryň iş­gär­le­ri­niň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri äş­gär gö­rün­ýär. Olar paý­tag­ty­my­zyň hem-de tu­tuş ýur­du­my­zyň keş­bi­ni öz­ger­dip, tä­ze dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­ly des­ga­la­ryň ýüz­ler­çe­si hem-de döw­re­bap ýol­la­ryň müň­ler­çe ki­lo­met­ri bi­len be­ze­di. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan­da şä­her­gur­lu­şy­gy adam­lar üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge ul­gam­la­ýyn çe­me­leş­me­ler bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Paý­tag­ty­myz­da­ky “Tä­ze za­man” ýa­şa­ýyş top­lu­my mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Onuň des­ga­la­ry­nyň ýe­ne-de bir tap­gy­ry şu ýyl ulan­ma­ga be­ril­di. Aw­to­mo­bil ulag­la­ry mi­nistr­li­gi­niň iş­gär­le­ri hem baý­ram­çy­ly­ga zäh­met sow­gat­la­ry bi­len gel­di­ler. Ýur­du­myz döw­re­bap aw­to­bus­la­ry we beý­le­ki dür­li aw­tou­lag­la­ryň ýüz­ler­çe­si­ni yzy­gi­der­li sa­tyn al­ýar. Mu­nuň özi ýo­lag­çy­la­ra edil­ýän hyz­ma­tyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak işin­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Da­ba­ra­ly ýö­riş­de ýaş nes­liň hem-de me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň no­ba­ty ge­lip ýet­ýär. Ýur­du­my­zyň baş meý­da­ny­na iň go­wy ça­ga­lar dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry çyk­ýar­lar, ýaş ar­tist­ler şa­dy­ýan tans kom­po­zi­si­ýa­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler, bag­ty­ýar ça­ga­lyk hem-de eziz Wa­ta­ny­myz ba­ra­da ru­hu­be­lent aý­dym ýaň­lan­ýar. Biz ola­ra — ata-ba­ba­la­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly däp-des­sur­la­ry­ny do­wam et­dir­ýän ýaş nes­le ata Wa­ta­ny­my­zyň we mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň gel­jek­ki yk­ba­ly­ny ynan­ýa­rys. Şo­ňa gö­rä-de, döw­le­ti­miz gel­je­gi­miz bo­lan ýaş­la­ryň tä­ze we ýo­ka­ry hil­li bi­lim al­ma­gy, üs­tün­lik ga­zan­ma­gy, er­kin we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, dö­re­di­ji­lik­li hem-de ru­hu­be­lent­lik­li zäh­met çek­me­gi üçin äh­li şert­le­ri dö­red­ýär we gel­jek­de hem dö­re­der di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow nyg­ta­ýar. Sun­gat us­sat­la­ry­nyň hem-de Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň ha­tar­la­ry hem köp ­san­ly bol­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len her ýyl Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň ge­çi­ril­me­gi hem mil­li Li­de­ri­mi­ziň bu ul­ga­ma ägirt uly üns ber­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Şu ýyl Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi Ahal we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ril­di. Şu ýyl şeý­le hem Aş­ga­bat­da “Aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň ga­dy­my çeş­me­le­ri” at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­hat we fes­ti­wal, “Ýü­pek ýo­ly — ýü­rek ýo­ly” at­ly teatr fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­di. Mun­dan baş­ga-da, türk­men me­de­ni­ýe­ti we onuň baý mi­ra­sy yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän dö­re­di­ji­lik çä­re­le­ri­niň çäk­le­rin­de da­şa­ry ýurt­lar­da giň­den we iş­jeň wa­gyz edil­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow wa­jyp me­de­ni tas­la­ma­la­ry gol­da­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, şo­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na iş ýü­zün­de ýar­dam ber­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi has giň hal­ka­ra de­re­je­sin­de wa­gyz et­mek, mil­le­ta­ra me­de­ni gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Ger­ma­ni­ýa­da “Mar­gia­na — Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de bü­rünç eý­ýa­my­nyň pa­ty­şa­ly­gy” at­ly ser­gi do­wam ed­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ki­ta­by­ Mosk­wa Hal­ka­ra ki­tap ser­gi-ýar­mar­ka­sy­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len GDA gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň “Ki­tap sun­ga­ty” at­ly 15-nji hal­ka­ra bäs­le­şi­gin­de ab­raý­ly baý­ra­ga — “Me­de­ni­ýet­le­riň gat­na­şyk­la­ry” ug­ry bo­ýun­ça I de­re­je­li dip­lo­ma my­na­syp bol­dy. Baş meý­dan­da aý­dym-saz­ly tans kom­po­zi­si­ýa­sy ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar — halk we est­ra­da aý­dym­la­ry ýaň­lan­ýar, bag­şy­lar to­pa­ry­nyň çy­ky­şy gu­ral­ýar. Je­bis­li­giň we halk joş­gu­ny­nyň öz­bo­luş­ly ny­şa­ny­na öw­rü­len küşt­dep­di şo­la­ryň hem­me­si­ni bir­leş­dir­ýär. Ýur­du­my­zyň baş meý­da­nyn­da­ky baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­ne, eziz Wa­ta­ny­my­za we be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­my­za ba­gyş­la­nan köpöwüş­gin­li aý­dym-saz-tans kom­po­zi­si­ýa­sy bi­len jem­len­ýär. Da­ba­ra­nyň ahy­ryn­da ýe­ne-de “Öňe, öňe, di­ňe öňe, jan Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan!” di­ýen söz­ler ru­hu­be­lent­lik bi­len ýaň­lan­ýar. Mil­li baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar tu­tuş ýur­du­myz­da, äh­li şä­her­ler­de we oba­lar­da do­wam et­di­ril­di. *** Şu gün ag­şam Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li “Älem” me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zi­niň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da kon­sert bol­dy. Bu ýe­re paý­tag­ty­my­zyň köp ­san­ly ýa­şaý­jy­la­ry we myh­man­la­ry ýyg­nan­dy­lar. Kon­ser­te est­ra­da ýyl­dyz­la­ry, us­sat we ýaş aý­dym­çy­lar, folk­lor hem-de tans, hor to­par­la­ry gat­naş­dy­lar. Kom­po­zi­tor­lar we şa­hyr­lar baý­ram­çy­ly­ga ga­bat­lap tä­ze aý­dym­la­ry dö­ret­di­ler. Ar­tist­ler şeý­le hem to­ma­şa­çy­la­ryň söý­ýän aý­dym­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Kon­sert ta­mam­la­nan­dan soň, baý­ram­çy­lyk fe­ýer­wer­ki atyl­dy. Ag­şam­ky as­man­da köpöwüş­gin­li şöh­le­ler peý­da bo­lup, şat­lyk­ly baý­ram­çy­ly­gyň ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­le­ri­ni gal­dyr­dy.

Soňky habarlar
03.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
03.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
02.06
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi
02.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy bilen duşuşygy
02.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 367 müň dollaryndan gowrak boldy
02.06
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
01.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa döwlet sapary başlandy
01.06
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine eýerip
01.06
Paýtagtymyzda täze çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbi tutuldy
31.05
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygyny kabul etdi
top-arrow