Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li baý­ram­çy­lyk kon­ser
Medeniýet
Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li baý­ram­çy­lyk kon­ser
Çap edildi 26.09.2018
2027

Şu gün paý­tag­ty­myz­da­ky Mej­lis­ler mer­ke­zin­de ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp, sun­gat us­sat­la­ry­nyň döw­let kon­ser­ti bol­dy. Bu baý­ram özyg­ty­ýar­ly türk­men döw­le­ti­niň dö­rän­di­gi­ni, pe­der­le­ri­mi­ziň er­kin­lik, ga­raş­syz Wa­tan, mäh­ri­ban top­ra­gy­my­zyň gül­läp ös­me­gi we mil­li bi­te­wü­lik ha­kyn­da eden kö­pa­syr­lyk ar­zu­wy­nyň ama­la aşan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan dö­wür­le­riň we ne­sil­le­riň aý­ryl­maz ara­bag­la­ny­şy­gy bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy bi­ziň eder­men hal­ky­myz üçin bol­şy ýa­ly, tu­tuş dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi üçin äh­mi­ýet­li ta­ry­hy wa­ka bo­lup dur­ýar. Ga­raş­syz­lyk kö­pa­syr­lyk mil­li ru­hy gym­mat­lyk­la­ryň, şeý­le hem asyl­ly yn­san­per­wer­lik des­sur­la­ry­nyň di­kel­dil­me­gi üçin oňyn şert­le­ri dö­ret­di. Mej­lis­ler mer­ke­zin­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan we ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­li­ge bes­le­nen da­ba­ra­lar türk­me­nis­tan­ly­la­ryň özyg­ty­ýar­ly Wa­ta­ny­na bo­lan buý­sanç duý­gu­la­ry­ny we hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­ny be­len­de gö­ter­di. Düýn paý­tag­ty­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si ge­çi­ril­di. Ol ýur­du­my­zyň ösü­şiň be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap ok­gun­ly he­re­ke­ti üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýan äh­mi­ýet­li çöz­güt­le­re bes­len­di. Ýa­kyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ýur­du­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gyň we äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň be­lent mak­sat­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne goş­ýan go­şan­dy­ny ala­mat­lan­dy­ran, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy esa­syn­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça ge­çi­ri­len “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si jem­len­di. Döw­le­ti­mi­ziň sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy halk­la­ryň ýa­kyn­laş­ma­gy­na gö­nük­di­ri­lip, be­lent yn­san­per­wer­lik gym­mat­lyk­la­ry­nyň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­ny äş­gär et­di. Şeý­le hem ol gün Ha­za­ryň ke­na­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň “Türk­me­niň Al­tyn asy­ry” dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak we has ta­pa­wut­la­nan iş­gär­le­re hor­mat­ly at­la­ry dak­mak çä­re­si bol­dy. Ola­ryň kö­pü­si mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myz my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len şu gün­ki kon­ser­te gat­naş­ýar­lar. Bu ýer­de ýur­du­my­zyň bel­li tans, aý­dym-saz we folk­lor to­par­la­ry, meş­hur halk we est­ra­da aý­dym­çy­la­ry çy­kyş et­di­ler. Şeý­le hem teatr ar­tist­le­ri­niň sah­na eser­le­rin­den par­ça­lar gör­ke­zil­di. Baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li Mej­lis­ler mer­ke­zin­de hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, da­şa­ry ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň baş­tu­tan­la­ry ýyg­nan­dy­lar. Kon­ser­te gat­na­şan­la­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry döw­let­ler­dä­ki il­çi­le­ri, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň, dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň iş­gär­le­ri, ta­lyp ýaş­lar, ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­den ge­len Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry bar. Şeý­le hem kon­ser­te Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň ХХI mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­lar, baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­na gat­naş­mak üçin Aş­ga­ba­da ge­len köp san­ly da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar gat­naş­dy­lar. Bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ýo­ka­ry döw­let sy­lag­la­ry­na my­na­syp bo­lan­lar hem bar. “Ga­raş­syz­lyk baş baý­ra­my Ar­ka­dag­ly Wa­ta­nyň!” at­ly ede­bi-saz­ly kom­po­zi­si­ýa kon­ser­tiň ba­şy­ny baş­la­dy. On­da öz­le­ri­niň be­lent ru­ha bes­le­nen çy­kyş­la­ry bi­len hä­zir­ki za­ma­ny wasp ed­ýän sun­gat us­sat­la­ry­nyň to­par­la­ry çy­kyş et­di­ler. Mu­nuň özi Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň ýe­ten de­re­je­si­ni, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň — Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­ri be­ýan ed­ýän wi­deo­şe­kil­ler bi­len ut­gaş­dy. Kon­sert mak­sat­na­ma­sy mil­li sun­ga­tyň baý müm­kin­çi­lik­le­ri­ni we ýag­şy des­sur­la­ryň ne­sil­den-nes­le geç­ýän­di­gi­ni be­ýan ed­ýän çy­kyş­lar öz­bo­luş­ly­ly­gy taý­dan bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­dy. Çy­kyş­la­ryň maz­mu­ny we ola­ryň esa­sy ýö­rel­ge­si şu ýy­lyň “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly şy­ga­ry bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly bol­dy. Ga­dy­my ker­wen ýol­la­ry­ny döw­re­bap gör­nüş­de tä­ze­den di­kel­dip, Türk­me­nis­tan me­de­ni yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, me­de­ni­ýet bi­ziň ta­ry­hy­myz bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly bo­lup, ol ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri adam­la­ry bi­rek-bi­re­ge ýa­kyn­laş­dyr­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýur­du­myz­da we da­şa­ry döw­let­ler­de uly meş­hur­lyk ga­za­nan ese­ri — “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ikin­ji ki­ta­by­nyň çap­dan çyk­ma­gy türk­me­nis­tan­ly­lar üçin Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li aja­ýyp sow­ga­da öw­rül­di. Tä­ze eser­de türk­men hal­ky­nyň dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ösü­şin­de go­şan ägirt uly go­şan­dy ha­kyn­da mag­lu­mat­la­ra aý­ra­tyn orun be­ril­ýär. Mej­lis­ler mer­ke­zi­niň sah­na­syn­da “Dok­ma­çy­lar” folk­lor to­pa­ry­nyň çy­kyş­la­ry ýaý­baň­lan­dy­ry­lyp, ol ýur­du­my­zyň myh­man­la­ry­ny aja­ýyp baý­ram­çy­ly­gyň şat­ly­gy­ny paý­laş­ma­ga gö­nük­di­ri­len ça­gy­ryş bo­lup ýaň­lan­dy. “Ze­hin owa­zyn­da ýaň­lan, Di­ýa­rym!” at­ly çy­kyş mil­li öwüş­gin­le­re bes­le­nip, ça­ga­la­ryň dö­re­di­ji­lik ze­hi­ni­niň öz­bo­luş­ly da­ba­ra­sy­na öw­rül­di. On­da “Ga­raş­syz­ly­gyň mer­jen dä­ne­le­ri” we “Ýaň­lan, Di­ýa­rym!» ýa­ly ýur­du­myz­da uly üs­tün­lik bi­len ge­çi­ril­ýän dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri­niň ýe­ňi­ji­le­ri­niň çy­kyş­la­ry ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Şeý­le hem bu çy­kyş­la­ra “Ru­hu­be­lent ça­ga­lar” we “Joş­gun” ça­ga­lar tans to­par­la­ry go­şul­dy­lar. Onuň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da ça­ga­la­ryň saz­la­şyk­ly ösü­şi ha­kyn­da­ky ala­da­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rü­len­di­gi äş­gär du­ýul­ýar. Soň­ra sah­na­da nus­ga­wy saz eser­le­ri, halk des­san­la­ry bi­len hä­zir­ki za­ma­nyň öz­bo­luş­ly çy­kyş­la­ry ut­gaş­ýar. Ol hä­zir­ki eý­ýa­myň sport ru­hu­ny özün­de jem­le­ýär. Kon­ser­te to­ma­şa ed­ýän­ler dep­rek­çi­le­riň us­sat­lyk­la­ry­na, joş­gun­ly est­ra­da aý­dym­la­ry­na uzak wagt­lap el çarp­dy­lar. Ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ry­nyň folk­lor to­par­la­ry­nyň “Bäş we­la­ýat — bäş do­gan bir sup­ra­nyň ba­şyn­da” at­ly çy­kyş­la­ry türk­men hal­ky­nyň dö­re­di­ji­lik däp­le­ri­niň köpöwüş­gin­li­li­gi­ni we mil­le­tiň ze­hi­ni­niň çuň­ňur­ly­gy­ny be­ýan et­di. Ýur­du­my­zyň esa­sy sah­na­la­ry­nyň bi­rin­de ge­çi­ri­len döw­let kon­ser­tin­de çy­kyş eden­ler ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny gaý­gyr­man, öz ýo­ka­ry us­sat­lyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler. Olar öz­le­ri­niň ze­hi­ni, ba­şar­ny­gy bi­len to­ma­şa­çy­lar­da ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­ler gal­dyr­dy­lar. Sah­na­da hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gik se­riş­de­le­riniň ula­nyl­ma­gy ar­ka­ly ýaý­baň­lan­dy­ry­lan çy­kyş­lar bu ýer­de gu­ra­lan baý­ram­çy­lyk çä­re­si­ne öz­bo­luş­ly öwüş­gin çaý­dy. Mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­za we Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň be­lent iş­le­ri­niň baş­lan­gy­jy­ny öňe sü­ren mil­li Li­de­ri­mi­ze ba­gyş­la­nan “Ar­ka­da­ga şöh­rat bol­sun, şan bol­sun!” at­ly baý­ram­çy­lyk çy­kyş­la­ry kon­ser­te to­ma­şa ed­ýän­le­riň ru­hu­ny has-da be­len­de gö­ter­di. Bu wa­tansö­ýü­ji­lik aý­dy­myny to­ma­şa­çy­lar ör tu­rup, şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­dy­lar. Olar Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­za bo­lan buý­sanç duý­gu­la­ry bi­len “Ar­ka­da­ga şöh­rat!” di­ýip, joş­gun­ly aý­dy­myň äh­mi­ýe­ti­ni be­len­de gö­ter­di­ler.

Soňky habarlar
23.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna ugrady
23.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
23.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady
23.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
22.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
2024-nji ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
21.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow