Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Halkymyzyň döredijilik däpleriniň baýlygyny artdyrmak bilen
Medeniýet
Halkymyzyň döredijilik däpleriniň baýlygyny artdyrmak bilen
Çap edildi 24.06.2018
1854

Ahal welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanan Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy ajaýyp Watanymyzda şanly wakalaryň nobatdaky baýramçylygyna öwrüldi. Her ýyl ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda, şeýle hem paýtagtymyzda gezekme-gezek geçirilýän bu hepdelik sungat ussatlarynyň möhüm milli medeni forumlarynyň biri bolup durýar. “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän ýylda Ahal welaýaty Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça çäreleri öz üstüne alyp, şu günler diňe watandaşlarymyzyň — medeniýet işgärleriniň we olaryň muşdaklarynyň däl-de, eýsem, daşary ýurtly myhmanlaryň gyzyklanma bildirýän merkezine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik çäresine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhyny, milli mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy galalarymyzyň, kerwensaraýlarymyzyň, taryhy ýadygärliklerimiziň gadyr-gymmatyny dünýä ýaýmak möhüm wezipeleriň biridir. Munuň özi nesillerde watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik ýaly ajaýyp gylyk-häsiýetleri kemala getirmekde, şöhratly ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten milli mirasymyzy aýawly saklamakda möhüm ähmiýete eýedir”. 23-nji we 24-nji iýunda Ahal welaýatynda we paýtagtymyzda geçirilen ylmy maslahatlar, çeper sergiler we sungat ussatlarynyň, şahyrlaryň we ýazyjylaryň, artistleriň, bagşylaryň we sazandalaryň konsertleri, şeýle hem ýurdumyzyň ýazyjylary bilen döredijilik duşuşyklary munuň aýdyň subutnamasy boldy. Çäreleriň çäklerinde medeniýet, sungat, ylym, bilim işgärleri, şeýle hem ýaşlar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýerleşen “Magtymguly Pyragy” muzeýine baryp gördüler hem-de görnükli şahyryň ýadygärligine gül desselerini goýdular. Muzeýde şygryýet dabarasy geçirilip, onuň barşynda sungat we çeper söz ussatlary, ýaş zehinler nusgawy şahyrymyzyň mähriban Watanymyza bagyşlap ýazan goşgy setirlerini okadylar hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen edebiýatynyň buýsanjy hakynda aýdan sözlerini mysal getirdiler. Ahal welaýatynyň kitaphanasynda “Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda Beýik Ýüpek ýolunyň beýany” atly ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň usuly maslahaty we kitap-neşir önümleriniň sergisi guraldy. Bellenilişi ýaly, döwürleriň we nesilleriň, taryhyň hem-de türkmen medeniýetiniň we durmuşynyň üznüksiz arabaglanyşygy döwlet Baştutanymyzyň işleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Medeni mirasymyzy aýawly saklamagyň we artdyrmagyň däpleri onda aýratyn orun eýeleýär. Täze kitaplaryň hatarynda milli Liderimiziň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitaby bolup, ol hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulabat ejä bagyşlanýar. Onuň durmuş ýoly halkymyzyň ruhy, ahlak gymmatlyklaryna ygrarlydygynyň ajaýyp mysaly bolup durýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşen muzeýler we kitaphanalar milli mirasymyzy öwrenmek we dünýä ýaýmak işinde medeni ojaklar bolup durýar. Olar asyrlaryň dowamynda toplanan çeper baýlyklary, täsin taryhy subutnamalary hem-de gymmatlyklary saklaýarlar we artdyrýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde soňky ýyllarda oňyn görkeziji bellige alyndy, munuň özi döwürdeşlerimiziň ýurdumyzyň milli baýlyklaryna ünsüniň ýokarlanmagyna, daşary ýurtly myhmanlaryň olara gyzyklanmasynyň artmagyna şaýatlyk edýär. Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Halk döredijiligi — milli medeni mirasymyz” atly aýdym-sazly dabara boldy. Oňa bu ýokary okuw mekdebiniň talyp ýaşlary we mugallymlary gatnaşdylar. Änew şäherinde hem “Bagtyýar nesiller” çagalar toparynyň baýramçylyk çykyşlary hem-de Lebap we Mary welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe taryhy ýadygärligine baryp gördüler. Paryzdepe, milli Liderimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, 2016-njy ýylyň ýanwarynda täzeden dikeldildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gadymy siwilizasiýanyň bolandygyna şaýatlyk edýän Paryzdepäni gözden geçirip, bu ýadygärligiň entek üsti açylmadyk syrlaryny ýüze çykarmak, gadymy gymmatlyklary gözlemek üçin düzüminde taryhçylar, arheologlar we beýleki alymlar bolan ýörite topary döretmegi tabşyrdy. Hepdeligiň çäklerinde Türkmenistanyň milli “Ak bugdaý” muzeýinde ýurdumyzyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy we “Beýik Ýüpek ýoly şekillendiriş sungatynda” atly ylmy maslahat geçirildi. Türkmen milli konserwatoriýasynda “Halypa sungat ussatlarynyň döredijilik ýoly” atly aýdym-sazly dabara geçirildi, bu çäre zehinli sazandalaryň birnäçe neslini terbiýeläp ýetişdiren ussat halypalara bagyşlandy. Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli paýtagtymyzdaky beýik söz ussadynyň ýadygärliginiň öňünde “Pyragynyň paýhasy — berkararlyk baýdagy” aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy guraldy. Änew şäheriniň Medeniýet öýüniň öňündäki meýdançada bolsa Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň sungat ussatlarynyň konserti bolar. Döredijilik çäresiniň çäklerinde bäsleşikler, maslahatlar, folklor çykyşlary, ussatlyk sapaklary, konsertler, sungat eserleriniň sergileri, kinofilmleriň görkezilmegi we beýleki çäreler geçirilýär.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti XVI BRIKS Sammitine gatnaşýar
23.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna ugrady
23.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.10
Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
23.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady
23.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
22.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
2024-nji ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
top-arrow