Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
Jemgyýet
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
Çap edildi 09.06.2018
9315

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde guralan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna baýramçylyk, agzybirlik we ruhubelentlik ýagdaýy mahsus boldy. Dabara Mejlisiň, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, hormatly ýaşulular hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen nobatdaky işi türkmen halkynyň edebi genji-hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşantdyr. Milli Liderimiz kitabynda mähriban käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly barada gürrüň berýär. Ogulabat ejäniň durmuş ýoly halkymyzyň ruhy, ahlak gymmatlyklaryna ygrarlydygynyň ajaýyp mysalydyr. Bu eser eziz enelerimizi sarpalamagyň belent nusgasydyr. Onda ene mukaddesligi, maşgala ojagy, Watan, türkmenleriň milli özboluşlylygynda kemala gelen hem-de watançy we mynasyp raýaty terbiýelemäge ýardam edýän ene-ata bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňňur paýhasly esaslary hakynda gürrüň edilýär. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri çagalaryň beden taýdan saglygynyň berkemegine, ruhubelent hem-de ahlak taýdan sagdyn ösmegine uly ähmiýet berip, olarda zähmetsöýerligi, ululara hormat goýmagy kemala getiripdir. Biziň zenanlarymyz ençeme asyrlaryň dowamynda özüňi alyp barmagyň ahlak kadalaryny kämilleşdirip, olary nesilden-nesle geçiripdir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasaty ýaş nesli terbiýelemegiň asylly däplerini dowam edýär. Türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy üçin şertleri döretmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý we sazlaşykly ösen ýaş nesli kemala getirmäge, eneleriň sarpalanýan jemgyýetinde maşgala gymmatlyklarynyň berkarar bolmagyna örän uly üns berilýär. Milli Liderimiz täze eserinde ägirt uly medeni mirasa — hekaýatlarda we rowaýatlarda öz beýanyny tapan pähim-paýhaslara ýüzlenýär. Şolaryň köpüsi giňden bellidir, käbiri bilen bolsa okyjy şu kitabyň üsti bilen ilkinji gezek tanşyp biler. Milli Liderimiziň eserlerine mahsus bolan kitabyň çeper dili aýratyn özüne çekýär. Okyjy ýazyjy bilen bilelikde asyrlaryň jümmüşine syýahat edýän mysaly, halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň kemala gelmeginiň döwürlerini başdan geçirýär. “Sözden başlanýan ägirtlik”, “Öý-ojagyň gelşigi”, “Ene — ulus-iliň enesi, çäksiz hormat eýesi”, “Ene — döwletlilik” ýaly dört bölümden ybarat bolan kitabyň sözbaşylary enä bolan çuňňur hormatyň ruhuna, öz çagalarynyň we ata Watanynyň bähbidine egsilmeýän zähmetine ýugrulandyr. Terbiýe bermegiň hem-de watançylygyň özara baglanyşyklydygy baradaky pikir kitaby baýlaşdyryp, onuň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Täze eseriň baş sahabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň suraty ýerleşdirilipdir. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphana usulynda neşir edilen kitap ajaýyp derejede beýan edilýän mazmunyň üstüni ýetirýän owadan suratlar bilen baýlaşdyrylypdyr. Okyjylaryň giň toparyna niýetlenen bu kitap, ýaş türkmenistanlylar üçin hem paýhas we bilim çeşmesi bolup hyzmat eder. Çünki ata Watanymyzyň geljegi ýaşlaryň elindedir. Täze eser Türkmenistanyň şöhratly taryhy bilen gyzyklanýan daşary ýurtly okyjylar üçin hem niýetlenendir. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, gadymy döwürlerden bäri bütin dünýäde enä mukaddeslik hökmünde sarpa goýulýar, biziň borjumyz bu parasatly däbi mynasyp dowam edip, aýawly saklamak bilen, ony nesillere geçirmekden ybaratdyr. Türkmen halky asyrlarboýy ýaş neslini belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemegiň nusgalyk mekdebini ösdürip we kämilleşdirip gelýär. Ata-babalarymyzyň däpleriniň dowamatlylygynda asylly enelerimiziň hyzmaty örän uly bolup, olar öz paýhasy, sabyrlylygy, ündew-nesihatlary bilen milli jebisligimizi has-da berkitmäge, ýaşlarymyzy belent watançylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edip, onda “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitabyň ýaş nesli watançylyk ruhunda we belent ruhy-ahlak gymmatlyklar esasynda terbiýelemekde möhüm ähmiýetini bellediler hem-de mähriban halkymyzyň iň gowy köp asyrlyk däplerini aýawly saklamaga we baýlaşdyrmaga goşýan ägirt goşandy üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler. Merkeziň eýwanynda guralan sergide döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ene-atalara we mugallymlara çagalary hakyky watançylyk hem-de ýokary ahlak ruhunda terbiýelemäge kömek edýän eserleri, şol sanda “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy” atly kitaplary hem-de “Paýhas çeşmesi” atly kitap ýerleşdirildi. Milli Liderimiziň aýdanlarynyň ýygyndylary we beýleki neşirler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri barada aýdyň düşünje berýär. Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň we çeper şekillendiriş sungatynyň eserleri hem görkezildi.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow