Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Fransiýanyň saz gurallary toparynyň konserti
Medeniýet
Fransiýanyň saz gurallary toparynyň konserti
Çap edildi 26.05.2018
2589

Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda saz gurallaryny jübüt bolup çalýan “Menç” fransuz toparynyň konserti boldy. Joşgunly döredijilik baýramy Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Fransiýanyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň howandarlygynda geçirildi. Ýurdumyzda daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň yzygiderli guralýan konsertleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk döredijilik syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Şol syýasat dünýäniň halklarynyň özara düşünişmegine hem-de ýakynlaşmagyna, şol sanda medeniýeti bilen tanyşmak arkaly ýakynlaşmagyna gönükdirilendir. Sahnada ýokary derejeli ussat fransuz sazandalary — akkordeonçy Aleksis Kýun we klarnetçi Samýuel Maken ussatlyklaryny görkezdiler. Konsert ady belli fransuz kompozitory Erik Satiniň «Gnossienne No.4” atly ajaýyp eseri bilen başlandy. Ilkibaşdan fortepiano üçin ýazylan eser akkordeonda we klarnetde ýerine ýetirilip, tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Sazandalaryň bütin dünýä belli “Pariž asmanynyň astynda” atly meşhur eseri ýerine ýetirmegi bu agşamyň merjenine öwrüldi. Ussatlarça ýerine ýetirilen dürli saz eserleri konsertiň jemleýji böleginde gaýtadan ýaňlandy. Tomaşaçylar artistlere ussatlygy we zehini üçin joşgunly el çarpdylar.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow